Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PÖKGÜLIK [pökgülük], at. Çişiklik, ýogynlyk,  semizlik.  PÖK-PÖK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet372/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   368   369   370   371   372   373   374   375   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PÖKGÜLIK [pökgülük], at. Çişiklik, ýogynlyk, 
semizlik. 
PÖK-PÖKs.ş.aňl.söz.  Ýumşak ýere gatyrak zat 
yzly-yzyna urlanda çykýan sesler. Alan hamyryň 
üstünden el bilen urlanda, pök-pök edýär. 
PÖKÜRDEME 
[pökürdömö], 
iş 
ady. 
Pökürdemek ýagdaýy. 
PÖKÜRDEMEK [pökürdömök], işl., gepl.d. 
Gury, 
boş, 
biderek 
gürlemek, 
ýaňramak, 
lakgyldamak. Pökürdäp irizmek. 
PÖKÜRDEMEKLIK [pökürdömöklük], iş ady. 
Pökürdemek ýagdaýy. 
PÖKÜRDEŞMEK [pökürdöşmök], işl., gelp. d. 
Birnäçe bolup pökürdemek, ýaňramak, lakgyldamak. 
PÖKÜRDETMEK [pökürdötmök], işl., gelp. d. 
Biriniň pökürdemegine ýol bermek, biderek 
gürletmek, ýaňratmak, lakgyldatmak. 
PÖKÜRDEÝIŞ 
[pökürdöýüş], 
iş 
ady. 
Pökürdemek ýagdaýy. 
PÖKÜRDI [pökürdü], at, gelp. d. Biderek boş 
gürrüň. Ertirden bäri onuň pökürdisi tükenmedi. 
PÖKÜR-PÖKÜR: pökür-pökür etmek ser. 
Pökürdemek. 
PÖRSÜLDEMEK [pörsüllömök], isl., ser
PösürdemekElinden iňňe pörsüldäp geçipdir.  
PÖSÜRDEME [pösürdömö], iş ady. Pösürdemek 
ýagdaýy. 
PÖSÜRDEMEK [pösürdömök], işl. Çiş,temen
ýaly ujy ýiti zatlar ýumşak zada çümdürilende 
pösürdili ses çykmak. 
PÖSÜRDETMEK [pösürdötmök], işl. Pösürdili 
ses çykartmak. 
PÖSÜRDEÝIŞ 
[pösürdöýüş], 
iş 
ady. 
Pösürdemek ýagdaýy. 
PÖSÜRDI [pösürdü],  at. Çiş ýaly ujy ýiti zatlar 
ýumşak zada çümdürilende we ş.m. ýagdaýda çykýan 
sesiň ady. 
PÖSÜRTs.ş.aňl.söz, ser. Çiş ýaly ujy ýiti zatlar 
ýumşak zada çümdürilende çykýan ses. Pösürt 
etmek
PÖTs.ş.aňl.söz, serPat.
PÖTLEME [pötülömö], iş ady. Pötlemek 
ýagdaýy. 


209 
PÖTLEMEK [pötülömök], işl., gepl.d., ser. 
PatlamakPökgi onuň arkasyna pötläp degdi. 
PÖTLETMEK [pötülötmök], işl., gepl.d., 
ser.PatlatmakPötledip urmak.
PÖTLEÝIŞ [pötülöýüş], iş ady. Pötlemek 
ýagdaýy. 
PÖWHE [pöwhö], syp. 1. Başarnyksyz, 
tagaşyksyz, iş oňarmaýan adam. 2. Boş, biderek.
PÖWHELIK [pöwhölük], at. Gabarasy uly 
bolup, elinden iş gelmezlik, başarnyksyzlyk, 
tagaşyksyzlyk, iş oňarmazlyk. 
PÖWH-PÖWH: 
pöwh-pöwh 
etmek 
ser. 
Pöwhüldemek 1
PÖWHÜLDEME 
[pöwhüllömö], 
iş 
ady. 
Pöwhüldemek ýagdaýy. 
PÖWHÜLDEMEK [pöwhüllömök], işl. 1
Pöwhüldili ses etmek, gürpüldili ses çykmak (alan 
hamyr hakynda). 2. Boş-boş gürlemek, uly-uly 
geplemek. 
PÖWHÜLDEMEZLIK [pöwhüllömözlük], iş 
ady. Pöwhüldäp ses çykmazlyk. 
PÖWHÜLDEŞMEK 
[pöwhüllöşmök], 
işl. 
Pöwhüldili seslenişmek. 
PÖWHÜLDETMEK 
[pöwhüllötmök], 
işl. 
Pöwhüldili ses çykarmak. Jeren görse, guş görse, 
Pöwhüldedip atardy (M. Myşşyýew). 
PÖWHÜLDI [pöwhüllü], at. 1. Tüpeň atylmak, 
suwa agyr, uly zat gaçmak netijesinde döreýän 
pagşyldyly, güwwüldili sesiň ady. 2. Boş-boş gürrüň.
PÖWRIZE [pöwrüýzö], at. Daşyň ýaşyna görä 
gögümtil reňkden açyk ýaşyl reňk aralygyndaky orta 
gymmat bahaly daş. – Meňli, men saňa pöwrize 
gaşly, kökenli ýüzük ýasap getirdim – diýip, şahyr 
gyrmyzy donuňyň goltugyndan ýüzüne gyzyl çaýylan 
kökenli ýüzük çykardy (T. Taganow). 
PRAKTIKA [pra:ktika], at. 1. Önümçilik işiniň 
dowamynda 
tebigaty 
we 
jemgyýetçilik 
aragatnaşygyny üýtgetmeklik, bir zady amala 
aşyrmaklyk üçin alnyp barylýan iş. 2. Bir işiň ýerine 
ýetiriliş usullarynyň, endikleriniň, adaty tärleriniň 
jemi, tejribesi. 3. Nazary ýol bilen alynan bilimleri iş 
ýüzünde peýdalanmaklyk, berkitmeklik. 
PRAKTIKI [pra:ktiki], syp. 1. Praktika degişli 
bolan, praktika esaslanýan. 2. Praktika üçin zerur 
bolan. 
PREZIDENT [prezide:nt], at. 1. Türkmenistanda 
Prezident döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň 
baştutany. 2. Respublika gurluşly ýurtlarda belli bir 
döwre saýlanýan döwlet ýolbaşçysy. 3. Käbir 
jemgyýetçilik we ylmy edaradyr guramalaryň 
saýlawly ýolbaşçysy, başlygy. Ýaponiýaly myhmanlar 
Türkmenistanyň Prezidentini bu hormatly sylag bilen 
gutlap, türkmen Liderine Federasiýanyň prezidenti 
Sasagawa Takaşiniň goly bilen tassyklanan degişli 
sertifikaty we ýörite kimonony gowşurdylar 
(

Türkmen dünýäsi


PREZIDENTLIK [prezide:ntlik], at. Prezidentiň 
wezipesi, käri. 
PROFESSOR [profe:ssor], at. Ýokary okuw 
mekdepleriniň mugallymlaryna, ylmy guramalaryň
işgärlerine şol edaralaryň alymlar (ylmy-tehniki) 
geňeşleriniň beren attestasiýa resminamalary boýunça 
berilýän ýokary alymlyk ady. 
PROFESSORLYK 
[profe:ssorluk], 
at.
Professoryň käri, wezipesi we ady. 
PROGRAMMA 
[pyrağyra:mma], at
ser
Maksatnama. 2. Hasaplaýyş maşynlarynyň ýa-da 
ýörite programma arkaly işleýan mehanizmleriň
hereketini üpjün edýän meýilnama, ýumuş; şeýle 
meýilnamanyň, ýumşuň ýerine ýetirilişiniň ýörite 
dilde ýazylan beýany. 
PROGRES [proğre:s], at. Osüşiň has ýokary 
basgançagyna geçiş, gowulyga tarap özgerme, täze, 
oňdebaryjy zatlaryň ösüşi. – Sport – munuň özi gujur-
gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň we progresiň 
belentliklerine tarap ymtylyşyň janly beýanydyr 
(Gurbanguly Berdimuhamedow).
PROGRESSIW [proğre:ssiw], syp. 1. Güýçli 
depginde ösýän, öňe gidişli ösüşi amala aşyrýan, şoňa 
ýetmäge çalyşýan. 2. Ösüşe, öňdebaryjylyga 
ymtylýan, 
kem-kemden 
güýçlenýän, 
ýuwaş-
ýuwaşdan ösýän, köpelýän, öňe gidişli.
PROKURATURA 
[purokuratu:ra], 
at. 
Kanunlaryň dogry berjaý edilişine gözegçilik edýän 
döwlet guramasy. 
PROKUROR [purokuro:r / pürküro:r], at. 1
Kanunlaryň dogry ýerine ýetirilişine döwlet 
gözegçiligini edýän wezipeli adam. 2. Kazyýetde işe 
seredilýän döwürde işi kanuny esasda ýerine ýetirýän 
hünärmen. 
PROREKTOR [purore:ktor], at. Rektoryň 
orunbasary. Okuw bölümi boýunça prorektor. 
PROSENT [pyrase:nt /gepl.d. piresent], at. 1
Bitewi hökmünde kabul edilýän sanyň ýüzden bir 
ülüşi (% belgisi bilen aňladylýar). 2. Birlik 
hökmünde kabul edilen hasydyr bir zadyň ýüzden bir 
ülüşlerinde ölçelýän mukdar. Girdejiniň 100 prosenti. 
PROSES [pyrase:s], at. Belli bir netije almaga 
gönükdirilen hereketleriň jemi. Okuw-terbiýeçilik 
prosesi. Önümçilik prosesi. Tehnologik proses.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   368   369   370   371   372   373   374   375   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling