Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
POSALAK [posolok], syp. Etli-ganly, näzik, akja, gelşikli (çaga hakynda). Ak posalak oglanjyk. POSLAMA
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- POSLATMAK
- POSSUK
- Possuk ýaly
- POSSUNÇY , at. Possun tikmek bilen meşgullanýan adam, içmek ussasy, içmekçi. POSSUNLYK
- POŞŞUÇYLYK
- POTRAT
- PÖKGERMEK
- PÖKGERMEKLIK
- PÖKGI
POSALAK [posolok], syp. Etli-ganly, näzik,
akja, gelşikli (çaga hakynda). Ak posalak oglanjyk. POSLAMA [poslomo], iş ady. Poslamak ýagdaýy. POSLAMAK [poslomok], işl. Ýüzüni pos basmak, pos bilen örtülmek. Bu demir poslapdyr. POSLAMAKLYK [poslomokluk], iş ady. Poslamak ýagdaýy. POSLAŞMAK [posloşmok], işl. Birnäçe demir bölegi we demirden ýasalan zatlar poslamak. Poslaşyp ýatan demirler ony görende, edil Dawut pygamberi gören ýalydy (N. Pomma). POSLATMAK [poslotmok], işl. Poslamak derejesine ýetirmek, poslamagyna ýol bermek. Piliňi hara saklap, gaty posladypsyň. POSLAÝYŞ [posloýuş], iş ady. Poslamak ýagdaýy. POSLULYK [posluluk], at Posy barlyk, posly bolmaklyk. POSLY, syp. Ýüzüni pos basan, ýüzi pos bilen örtülen. Ýerde ýatan ...posly demirlere gözüni gezdirmäge başlady (A. Durdyýew). POSSUK, at. 1. Aldyrylmadyk hamyrdan sozulyp, ýagda bişirilýän tegelek görnüşli iýmit, byzmyk. Ýoldaşy: – Ejeň possuk bişirip berer weli, sen oňa: Eje, şunuň ýanynda üç bajym hem bolan bolsady, onda gaty gowy bolardy diý! – diýipdir ( Türkmen halk ertekileri ). Possuk ýaly ýumşak, myssyk. 208 POSSUN, at. Goýun dersinden ýüň tarapy içine edilip tikilýän daşky eşik, içmek. Ýalaňajy ursaň, possunly gorkar (Nakyl). POSSUNÇY, at. Possun tikmek bilen meşgullanýan adam, içmek ussasy, içmekçi. POSSUNLYK [possunluk], syp. Possun etmek üçin niýetlenen. Bir possunlyk deri. POSSUZ, syp. Ýüzüni pos basmadyk, ýüzi pos bilen örtülmedik, poslamadyk. POŞŞUBAŞY [po:şşuvaşy], at, taryh. 1917-nji ýyldan öň türkmenlerde atly goşunyň başlygy. POŞŞUÇYLYK [po:şşuçuluk], at, taryh, ser. Poşşulyk. POŞŞULYK [po:şşuluk], at, taryh. Poşşy bolup gulluk etmeklik, poşşynyň ýagdaýy. POŞŞY [po:şşy], at, taryh. 1917-nji ýyldan öň türkmenlerde atly goşunda gulluk eden jigit, esger. Pökgen poşşy bolup köp ýyl gulluk etdi (A. Gowşudow). POTRAT [poturot], at. Borçnama boýunça kesgitli töleg bilen ýerine ýetirilýän iş. POTRATÇY [poturotçy], at. Potratyna iş alyp işleýän ýa-da bir işi belli bir haka gepleşip, ýerine ýetirýän adam. POTRATÇYLYK [poturotçuluk], at. Potratyna iş alyp işlemeklik. POWEST [po:vest], at. Kyssa bilen ýazylan edebi eseriň bir görnüşi. Powest ýazmak üçin, elbetde, ýazyjynyň belli derejede durmuş tejribesi, ýazyjylyk endigi bolmaly (N. Pomma). POZZAM [pozzom], at. Telpek we ş.m. depilip, urlup oýnalýan oýun we şol oýnuň ady. Men bular bilen pozzam oýnajak däl ahyry ( Görogly ). Pozzam telpek gyýkyndyk deriden tikilen gurnama telpek. Birden öýüň ýeňsesinden pozzam telpek, mele göz, gap-gara adam gelip, Alymuhammede salam berdi (B. Soltannyýazow). PÖK, s.ş.aňl.söz. Ýumşak ýere gatyrak zat batly urlanda çykýan ses. PÖKGERILMEK [pökgörülmök], işl. Pökgerilip durmak, çişip durmak. PÖKGERIŞMEK [pökgörüşmök] işl. Pökgerilişip durmak, çişişip durmak. PÖKGERME [pökgörmö], iş ady. Pökgermek ýagdaýy. PÖKGERMEK [pökgörmök], işl. 1. Näsaglyk zerarly ýellenip çişmek, çişip gübermek, ýellenmek. Onuň gabaklary pökgerip, ýüzi ýellenip durdy ( Edebiýat we sungat ). 2. Bir zadyň içi başga zatdan dolmak (ýel, iýilýän we ş.m. zatlar bilen). Çaganyň garynjygy pökgerip dur. 3. Garny ýognamak, garyn salmak. 4. göç.m. Çişip ölmek, ýogalmak. Göjele iýen it ýaly birden pökgeräýmesem- de biri! (N. Pomma). PÖKGERMEKLIK [pökgörmöklük], iş ady. Pökgermek ýagdaýy. PÖKGERTDIRMEK [pökgörtdürmök], işl., ser. Pökgertmek. PÖKGERTMEK [pökgörtmök], işl. 1. Çiş emele getirtmek, çişirmek. Ary çakan ýerini pökgertdi. 2. Gübertmek, pökgi etmek. 3. göç.m. Ýaşaýyşdan mahrum etmek, öldürmek. – Edil genderewden doýan mal ýaly pökgerdäýýär – diýdi (N. Pomma). PÖKGI [pökgü] I, at. Çagalar oýnar ýaly ýa-da ýörite sport oýunlarynda oýnamak üçin içine ýel berlen we zyňlanda, depilende, böküp-böküp gidýän şar görnüşli, rezinden edilýän top. PÖKGI [pökgü] II, syp. 1. Güberip duran, çişen, güberçek. 2. Çişik, ýogyn, semiz. Pökgi adam. PÖKGÜLDEMEK [pokgüllömök], işl. Pök-pök etmek, pökgüldili ses döremek. PÖKGÜLDEŞMEK [pökgüllöşmök], işl. Pök- pök edişmek, pökgüldili ses emele getirişmek, pökgüldeşip seslenişmek. PÖKGÜLDETMEK [pökgüllötmök], işl. Pök- pök etdirmek, pökgüldili ses emele getirmek, döretmek. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling