Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet367/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   363   364   365   366   367   368   369   370   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PITIKLETDIRMEK, işl., ser. Pitikletmek
PITIKLETMEK, işl. Pitiklemek hereketini 
birine etdirmek, biriniň pitiklemegine ýol bermek. 
Näme, ondan çekinýäňmi, ýöne maňlaýyňa pitikledip 
dursuň?! 
PITIKLEÝIŞ, iş ady. Pitiklemek ýagdaýy. 
PITIRDEMEK, işl. Çüýremek, könelmek 
netijesinde owranmak, tüýdülmek (mata we ş.m. 
hakynda). Ol ýama-da tutanok, tutan ýeriň pitirdäp 
barýar (B. Kerbabaýew).
PITIWA [pitiwa:]: pitiwa etmezlik biriniň 
haýsydyr bir hereketine, işine we ş.m. göwni ýetmän, 
oňa ähmiýet bermezlik. Ol bu gürrüňlere çigit 
ýalyjagam pitiwa etmedi. 
PITJIŇ: pitjiň atmak birine göwnüň ýetmän, 
äsgermezçilik edip, gyşyk sözler aýtmak, jort atmak.  
PITNE, 
at. 
Döwlet 
häkimiýetine 
garşy 
dildüwşükli ýaragly çykyş, gozgalaň.
PITRE [pitire], at. Yslam dini boýunça baş 
saglygy üçin mätäçlere berilýän belli bir möçberdäki 
bugdaý ýa-da berilýän bugdaýyň bahasyna barabar
pul we ş.m. 
POÇTA [po:çta/po:çuto], at. 1. Iberilýän hatlary, 
puly we ş.m. ýollaýan hem-de almaly adamsyna 
gowşurýan edara. 2. Şol edaranyň gowşurýan hatlary 
we beýleki zatlary. 
POEMA [poýe:ma], at, edeb. Şygyr bilen ýazylan 
iri göwrümli eser. Şeýdaýynyň 

Oguzhan

 poemasy. 
POL [po:l], at. Tamyň, jaýlaryň içine ýere 
ýazylýan dürli görnüşli düşeklik (tagta, parket, 
laminat, kafel, guýma düşek). 
POLA [po:lo], syp., gepl.d. Goram-gowşak, 
gowuşgynsyz (çaga hakynda). 
POLAT [polot],at. 1. Uglerodyň belli bir 
mukdarynyň demir bilen birleşmeginden emele gelen 
kümüşsöw reňkli metal. 2. Oglana dakylýan at. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   363   364   365   366   367   368   369   370   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling