Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PILIK, at. Suw çilimiň dykysy.  PILIS


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet365/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   361   362   363   364   365   366   367   368   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PILIKat. Suw çilimiň dykysy. 
PILISat. Heň, zeň. 
PILISLEMEKişl. Heňlemek. 
PILISLIsyp. Heňli. 


205 
PILLEat. Bir zadyň bolup geçýän çagy, wagty, 
pursady, mütdeti. Häli hem bir pille, eý adam ogly 
(Magtymguly). Şol pis ýagdaýyň öňüni almak üçin, 
şindiz hem bir pilledir (B. Kerbabaýew). 

Ölüm pillesi tutmak öljek bolup ýatmak. Ol 
ölüm pillesi tutup ýatyrdy. 
PINEK: pinek etmek az wagt ymyzganmak, 
irkilmek, gözüň awusyny almak. 
PINEKLEMEK, işl., Keýpden ýaňa özüňi 
bilmän ýatmak, bihuş halda bolmak. ser. Pinek 
etmek 
PIŇ: piňine däl bir zadyň aladasyny etmeýär, 
haýsydyr bir zada biperwaý. Bolşuň nähili, basym
synaglar başlanýar, seniň bolsa piňiňe-de däl. 
PIR [pi:r], at. 1. Garry, goja, ýaşuly. 2. Sopularyň 
başlygy, ýolbaşçysy, ýokary dini at. Her kim güýçli 
bolsa, oňa pir diýrler (Magtymguly). 3. gepl.d. Bir 
hünäriň, käriň düýbüni tutujy ussat, şol hünäri, käri 
belent derejä ýetiriji. 

Pire gol bermek sopy bolmak. Pirini kädä 
gabamak sypara ýer goýmazlyk. 
PIRIMat. Hile, aldaw. 
PIRIMÇI, at. Hileçi, aldawçy, mekir, ýalançy, 
sapalakçy. 
PIRIMLI, syp. Içi pikirli, sapalakçy, hilegär, 
mekir. 
PIRIMLILIK, at. Içi pikirlilik, sapalakçylyk, 
hilegärlik, mekirlik. Pirimlilik açyk göwünlilik däl. 
PIRIMSIZsyp. Hilesiz, mekir däl. 
PIRIMSIZLIKat. Pirimli dällik, pirimi ýokluk. 
PIRLIK [pi:rlik], at. Piriň ýagdaýy. 

Pirlik satmak her bir zady öňünden bilen 
bolmak, welilik satmak. 
PIS [pi:s], syp. 1. Myrtar, ýaramaz, erbet, ýaman. 
Pis pisi tapar, suw – pesi (Nakyl). 2. lukmanç.
Reňkleýji maddanyň ýetmezçilik etmegi sebäpli onuň 
käbir ýerleriniň agarmagy görnüşinde ýüze çykýan 
beden keseli. 

Pis açmak teniňi ak, ala edýän kesele duçar 
bolmak. Pisiňi aşyryp ýörmek piserilip ýörmek, 
gözden düşmek, ýigrenji görünmek. 
PISAT [pisa:t], syp., kön.s .Myrtar, ýaramaz, 
erbet. 
PISINT, syp. Daş görnüş, sypat, keşp. Gaz pisint 
jisim.  

Pisindiň oturmak bir zat göwnüňe jaý bolmak, 
pikiriňe dogry gelmek, maňzyňa batmak, birine 
göwnüň ýetmek. Pisint etmezlik biriniň bolşuna 
göwni ýetmezlik, biriniň bolşuny halamazlyk, 
äsgermezlik. 
PISINTLI, syp. Sypatly, görnüşli, çalym edýän, 
çalymdaş. Üç gerçegiň hersi Görogly pisintli 
ýigitlerdendi (

Edebiýat we sungat

). 
PISLEME [pi:sleme], iş ady. Pislemek ýagdaýy. 
PISLEMEK 
[pi:slemek], 
Näletlemek, 
masgaralamak, gowy görmezlik. Eger şeýtse, elbetde, 
ol aýaly uly il pislär ahyry, çünki Gurt hem onuň üçin 
söweşdi (A. Gowşudow). 
PISLEMEKLIK [pi:slemeklik], iş ady. Pislemek 
ýagdaýy. 
PISLENMEK [pi:slenmek], işl. Erbet görülmek, 
ýek görülmek, näletlenmek, masgaralanmak. 
PISLEŞMEK [pi:sleşmek], işl. Öňkiňden pis, 
erbet, ýaman bolup başlamak. Ol ozalkysyndan-da 
pisleşipdir. 
PISLETMEK 
[pi:sletmek], 
işl. 
Biriniň 
pislemegine ýol bermek, biriniň pislemegini 
gazanmak. 
PISLIK [pi:slik], at. Pis häsiýetli bolmaklyk, 
erbetlik, ýaramazlyk, nejislik. 
PISSE, at. 1. Pisseler maşgalasyna degişli boýy 
5-7 m. ýetýän, ýaýraň köp şahaly, üç bölekden ybarat 
ýumurtgapisint dykyz ýaprakly agaç ösümligi we 
onuň içi maňyzly, daşy gaty gabykly miwesi.

Pisse dahan (şahyr.) pisse ýaly kiçi, gelşikli 
agyz. Pisse dodak, inçe bil, alma ýaňakly söwdügim 
(A. Salyh). Pisse dodak ýukajyk, kiçiden süýnmek 
dodak. 
PISSELIK, at. Pisse agajynyň köp sanlysynyň 
gögerip oturan ýeri, pisse agajynyň köp biten ýeri. 

Bir pisselik ujypsyz, azajyk. Bir pisselik peýdaň 
ýok
PIŞ,üml. Pişigi kowmak üçin aýdylýar. 
PIŞE [pi:şe], at, gepl.d. Boş oturmaz ýaly, 
güýmener ýaly bir işjagaz.

 Pişe etmek bir iş bilen meşgullanmak. 
PIŞEK I, at. Ýanlyk ýaýmak üçin atanak agaja 
dikleýin sap berkidilen gural. Mama pişegini ýanlyga 
sokdy (B. Kerbabaýew).
PIŞEK II, at. Aýagy maýyp, şikesli adamlaryň 
goltugynyň aşagyna direg, söýeg hökmünde ýöremek 
üçin ulanýan enjamy. Şol barmana-da agramyny 
pişeklerine atyp, ýerinden turdy (R. Gelenow).
PIŞEKLEMEiş ady. Pişeklemek ýagdaýy. 
PIŞEKLEMEK, işl. Ýanlyk ýaýylanda, pişek 
urmak, pişek bilen ýanlyk ýaýmak. 
PIŞEKLENMEKişl. Pişek bilen ýaýylmak. 
PIŞEKLEŞMEK, işl. 1. Pişekläp ýanlyk 
ýaýmaga kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup pişeklemek. 
Iki sany daýaw aýal ertirden bäri ýanlyklaryny 
pişekleşip durdular
PIŞEKLETMEK, işl. Pişeklemek işini başga 
birine etdirmek, pişeklemäge mejbur etmek
pişeklemäge ýol bermek. Seniň özüň ýaramasaň, 
ýanlygy kime pişekletjek? – Eje, ýanlygy maňa 
pişekledäý, başarmaz-a öýtme. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   361   362   363   364   365   366   367   368   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling