Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet361/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   357   358   359   360   361   362   363   364   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Peýmen etmek önen dänäni daýhan bilen 
ýer eýesiniň peýmene salyp bölüşmegi. 
PEÝNI, at. Palasa, kilime salynýan ownuk gara 
nagyş. 
PEÝNIR [peýni:r], at. Dowar süýdünden ýörite 
uýadylyp, sykylyp taýýarlanýan iýmit. 
PEÝNIRMAÝA [peýni:rma:ýa], at. Peýnir
taýýarlamakda ulanylýan maýa. 
PEÝŞIN [peýşi:n], at. Öýle wagtyndan ikindä 
çenli bolan wagt aralygy, günüň öýleden agan 
wagtlary. Asmana seretdim, gün eýýäm peýşin (K. 
Gurbannepesow). 
PEÝWER [peýwör],at. Bagşylaryň biriniň 
beýlekisine eýerip ýerine ýetirýän aýdyşyk aýdymy. 
Ikisi peýwer aýdyşdy (

Görogly

). 
PEÝWAGTYNA [peýwağtyna],hal. Iş bilen däl-
de, öz erkine. Obadaşlar! Men siziň ýanyňyza öz 
peýwagtyma, ýönekeý gelemok (B. Kerbabaýew).
PEÝWENDI [peýwönnü], syp. Sapylan, 
peýwent edilen (miweli agaçlar hakynda). Olaryň 
bäri ýanynda iki sany uly peýwendi tut garalyp otyr 
(K. Jumaýew). 
PEÝWENT: peýwent etmek miweli agajyň 
hilini gowulandyrmak üçin onuň gabygyny ýaryp, 
oňa ikinji bir miweli agajyň gözüni berkitmek arkaly 
täze ösüntgi almak, sapmak. 
PEZZERILMEKişl. Gabarylmak, hüžžerilmek. 
PEZZERIŞMEK, işl. Gabarylyşyp, hüžžerişip 
durmak. 
PEZZERME, iş ady. Pezzermek ýagdaýy. 
PEZZERMEK, işl. Gabarmak, tike-tike bolmak 
(saç, murt, sakgal hakynda). Onuň gözleri 
uçganaklady, murty pezzerdi, gollaryny çyzgap, 
ellerini owkalaşdyrdy (B. Kerbabaýew).
PEZZERTMEK, işl. Gabartmak, hüžžertmek. 
Murtuny pişge ýaly pezzerden dilmaç geldi (B. 
Kerbabaýew).
PEZZIK, syp. 1.Gabaryp duran, hüžžerip duran. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   357   358   359   360   361   362   363   364   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling