Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


 Ýalaňy odun ýakanyňda köz galmaýan çöp-çalam.  Pezzik ýowşan.  PÄH


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet362/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   358   359   360   361   362   363   364   365   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

2. Ýalaňy odun ýakanyňda köz galmaýan çöp-çalam. 
Pezzik ýowşan. 
PÄHüml., ser. Päheý
PÄHEÝ, üml.Haýran galmagy ýa-da makul 
bilmezligi aňladýar. Päheý! Çagalar üçin dil 
öwrenmek kyn zatmy? (H. Ysmaýylow).
PÄHIM, at. Aň-düşünje, paýhas, akyl. 2
Pähimli, parasatly sözler.

Pähim etmek akyl ýetirmek, aňmak, göz 
ýetirmek. Kimse pähm etmez bu derdim, bolmuşam 
dermanda men (Magtymguly). Mähri! Sen öz hatyň 
nähili günlere hiç bir oslanylmadyk ýerden maňa 
gelip ýetişenini bir pähim edip gör (A. Gowşudow). 
Pähimi ýetmek düşünip bilmek, aňy ýetmek, akyly 
çatmak. Akyl äriň pähmi ýeter bu söze 
(Magtymguly). 
PÄHIMDAR [pähimda:r], syp., ser. Pähimli
Pähimdar adam. 
PÄHIMDARLYK [pähimda:rlyk], at, ser. 
Pähimlilik. 
PÄHIMLENMEK
işl. 
Akylyňy 
durlap 
paýhaslanmak, 
pähim 
etmek, 
paýhaslanmak, 
oýlanmak. 
PÄHIMLI, syp. Akyl ýetirýän, pähim edýän, 
paýhasly, pähimdar. Mert oldur ki, bolsa köňli 
rehimli, 
Göwresi 
giň 
gerek, 
özi 
pähimli 
(Magtymguly).
PÄHIMLILIK,at. Bir işi oýlanyp etmeklik, akyl 
ýetirmeklik, pähimli bolmaklyk, paýhaslylyk, 
pähimdarlyk. 
PÄHIM-PARASAT [pähim-parasa:t], at, ser. 
Pähim-paýhas.Ata-babalarymyzyň pähim-parasady. 
PÄHIM-PAÝHAS,at, ser. Pähim
PÄHIMSIZ,syp. Oýlanyp iş etmeýän, pähim 
etmeýän, paýhassyz. Pähimsiz adam.  
PÄHIMSIZLIK,at. Pähimi ýokluk, pähim 
etmezlik, paýhassyzlyk. 
PÄK [pä:k], syp. 1. Tämiz, päkize, arassa, dury,
hapa bolmadyk. 2. göç.m. Sap wyždanly, hoşniýetli, 
açyk göwünli. 
PÄK-ARASSA[päğ-arassa], 
syp
Hemme
tarapdan arassa. Päk-arassa adam.
PÄKI [pä:ki], at. Saç-sakgal syrmak üçin çakgy 
kysmy bir ýüzli ýiti gural. Ol sakgalynyň aşagyny 
hem päki bilen syryşdyrdy (A. Durdyýew). 

Päki ýaly örän ýiti, kesgir. 
PÄKIBAŞ [pä:kivaş], at. 

Aşgabat, Ahal

nusgaly tekegöl nagşy salnan halyda gölüň başlanýan 
we gutarýan ýerindäki açylan päki şekilli nagyş. 
PÄKILEME [pä:kileme], iş ady. Päkilemek 
ýagdaýy. 


203 
PÄKILEMEK [pä:kilemek], işl. Päki bilen 
syrmak, päki bilen aýyrmak. 
PÄKILEMEKLIK [pä:kilemeklik], iş ady. 
Päkilemek ýagdaýy. 
PÄKILENMEK [pä:kilenmek], işl. Päki bilen 
syrylmak, päki bilen aýrylmak. 
PÄKILETMEK [pä:kiletmek], işl. Päki bilen 
syrdyrmak, päki bilen aldyrmak, aýyrtmak (saç, 
sakgal hakynda). 
PÄKILEÝIŞ [pä:kileýiş], iş ady. Päkilemek 
ýagdaýy. 
PÄKIZE [pä:ki:ze], syp., 1. Arassa, tämiz, hapa 
däl. 2. Sap wyždanly, hoşniýetli, açyk göwünli.  
PÄKIZELEME [pä:ki:zeleme], iş ady, ser
Pakizleme 
PÄKIZELEMEK [pä:ki:zelemek], ady, ser. 
Pakizlemek. Olaryň üstüne päkizelenen çäýnekler 
bilen çaý çekildi (N. Saryhanow).  
PÄKIZLEME [pä:ki:zleme], iş ady. Päkizlemek 
ýagdaýy. 
PÄKIZLEMEK [pä:ki:zlemek], işl. Päkiz etmek, 
arassalamak, tämizlemek. 
PÄKIZLEMEKLIK [pä:ki:zlemeklik], iş ady. 
Päkizlemek ýagdaýy. 
PÄKIZLENMEK [pä:ki:zlenmek], işl. Päkiz 
edilmek, arassalanmak, tämiz edilmek.
PÄKIZLEŞMEK 
[pä:ki:zleşmek], 
işl. 
Päkizlemäge kömekleşmek. Gyzy ejesine çäýnek-
käseleri päkizleşdi. 
PÄKIZLETMEK 
[pä:ki:zletmek], 
işl. 
Päkizlemek işini başga birine etdirmek.
PÄKLEMEK [pä:klemek], işl. Arassalamak. 
Ýanymdan aýrylsa, ogluň ýoklar men, Gülap suwun 
berip, ýüzün päklär men (

Saýatly – Hemra

). 
PÄKLENMEK [pä:klenmek], işl. Päkizlenmek. 
PÄKLETMEK [pä:kletmek], işl. Päkizletmek. 
PÄKLIK [pä:klik], at, ser. Päkizlik
PÄL [pä:l], at. Adamyň hyýaly, maksady, niýet-
pikiri. Seniň päliň nedir, ne hyýaldadyr? (Halk 
aýdymyndan). 

Päl däldir1) niýet däl, isleg däl. 2) gabahat, 
gaty erbetlik. Onuň ýüzüni görmegem päl däldirPäli 
azan erbet, bozuk pikirli, bozuk niýetli. Päli azan 
tilki hinine bakyp uwlar (Nakyl). Päli bozuk niýeti 
erbet, ters hyýala münen, ters ugra giden. Päline 
jyzar bolmak pälinden tapmak, eden ýaramaz işine 
görä jezasyny çekmek. Päliňden el çekmek ser. 
Päliňden gaýtmak. Päliňden gaýtmak edýän ters
hereketiňden, niýet-hyýalyňdan dänmek, toba etmek, 
päliňden el çekmek.Päliňden tapmak niýetiňe görä 
erbetlige uçramak, ýamanlygyň üstünden barmak, 
päliňe görä tapmak. Päliňe görä tapmak ser. 
Päliňden tapmak.Päli pes bespäl, hoşniýetli, isleg-
maksady arassa, adamkärçiligiň çäginden çykmaýan 
päk hyýally. Päli ýaman erbet niýetli, ýaramaz 
pikirli, betniýet, betpäl.Buz üstünde tozan araýan päli 
ýamana bahana gerekdi (A. Nazarow). 
PÄLE [pä:le], at, taryh. Patyşa Russiýasy 
döwründe işçi batalýony görnüşinde uruş döwri üçin 
guralan iş. Patyşa ýerli-ýerden tyl işine päle almaga 
başlady (K. Işanow). 
PÄLEÇI [pä:leçi],at, taryh. Pälä gidýän adam, 
pälede işleýän adam. 
PÄLEÇILIK [pä:leçilik], at, taryh, ser. Pälelik
Emma Gulman arçyn ol ikisini hem öz doganlarynyň 
ýerine päleçilige iberipdir (A. Gowşudow).
PÄLELIK [pä:lelik], at, taryh. Päleçi, işçi bolup 
işlemeklik, päläniň ýagdaýy, päleçilik. Ol bir ýyl 
ömrüni pälelikde geçirse, indi ýarym ýyl bäri dul 
gezip ýör (B. Kerbabaýew).
PÄL-NIÝET [pä:l-niýet], at, ser. Päl.Her kimiň 
päli-niýeti öz ýoldaşy bolsun (Dileg). 
PÄLWAN [pä:lwa:n] I, at. 1. Göreş bilen 
meşgullanýan, göreş tutujy türgen. Göreş köpe çekdi, 
pälwanlar ýadady (Ç. Aşyrow). 2. göç.m. Güýçli, 
daýaw, batyr, edermen, zor. Pälwan syratly ýigidiň 
raýyny ýykmady (H. Garabaýew). 3. Oglana dakylýan 
at. 
PÄLWAN [pä:lwa:n] IIat. Nawyň bogaldaklary 
dört tarapyndan berkidilýän urgan. Pälwanlar 
seslenýär, üýrýär it ýaly, Şemal güýjäp ugran wagty 
mazaly (Ş. Borjakow).
PÄLWANÇYLYK [pä:lwa:nçylyk], at, ser. 
Pälwanlyk.Seniň pälwançylyk bilen işiň ýok ýaly-la? 
(

Görogly

). 
PÄLWANLYK [pä:lwa:nlyk], at. Edermenlik, 
batyrlyk, işjeňlik, juda güýçlülik, zorluk. Her ädimi 
edeňde, gudratyňy duýsunlar, Pälwanlykda kemi ýok, 
tüýs atasy diýsinler (M. Seýidow).
PÄSGEL [pä:sğel], at. Ýerine ýetmeli bir 
hereketiň, işiň öňe gitmegine böwet bolýan kynçylyk, 
garşylyk, bökdençlik. 
PÄSGELÇILIK [pä:sğelçilik], at. 1ser. Päsgel
2.Sportuň dürli görnüşlerinde: tebigy ýa-da emeli 
päsgelçilik desgasynyň üstünden badyňy gowşatman
böküp, ylgap, ýöräp ýa-da çapyp geçmek. 
PÄSGELÇILIKLI [pä:sğelçilikli], syp. Böwet 
bolýan, kynçylyk döredýän, päsgelçilik berýän. 
PÄSGELÇILIKSIZ 
[pä:sğelçiliksiz], 
syp
Päsgelçiligi bolmadyk, bökdençsiz. 
PÄSGELSIZ [pä:sğelsiz], syp. Garşylyksyz, 
bökdençsiz, kynçylyksyz, böwetsiz. Päsgelsiz okap 
bilmek. 
PÄÝENDEKI [päýenneki], at, ser. Paýendeki
PÄÝNEK [pä:ýnek], at. 1. Pyçagyň, gylyjyň ujy 
deşmez ýaly gynyň ujuna berkidilýän galyň teletin 
ýa-da metal bölegi. Günem lowurdadýar gyljyň 
päýnegin (N. Pomma). 2. gepl.d. Çäýnegiň 
jüründiginiň ujy döwlende, metaldan ýasalyp 
geýdirilýän jüründik. 
PIANINO [piýani:no / piýany:na], at. Kirişleri 
dikligine çekdirilip dartylan, äpet gapyrjak görnüşli, 
barmaklar bilen basylyp çalynýan saz guraly. 
PIANINOÇY [piýani:noçy / piýani:naçy], at. 
Pianino çalýan sazanda. 
PIDA [pida:], at. Bir zat sebäpli ýa-da bir zat 
ugrunda gurban bolmaklyk, janyňy gurban etmeklik, 
ölüm.Urşuň pidalary. Ýer titremesiniň pidalary. 
Adam pidalary bolan heläkçilik. 


204 

Pida bolmak janyňy gurban etmek, janyňy 
bermek, ölmek. Pida etmek biriniň ýa-da bir zadyň 
ugrunda öz janyňy gurban etmek, ömrüňi 
bagyşlamak. 
PIDE: pide bolmak çüýräp owranmak, çüýräp 
gitmek, gurap owranmak, owranyp kül bolmak. 
Ýandagy bassaň küde bolar, bedäni bassaň – pide 
(Nakyl). 
PIDUL [pidu:l], at. Içigara, içi ýaramaz pikirli 
adam. Ol pidulyň kimdigini, Ahyry bildim mazaly (Ç. 
Aşyrow).
PIDULÇYLYK [pidu:lçuluk], at,ser. Pidullyk
PIDULLYK [pidu:lluk], at. Pidulyň käri, pişesi,
arabozujylyk. 
PIKIR, at. 1. Adamyň akyl ýetiriş ukybynyň 
netijesi, jemi. 2. Bir zada bolan garaýyş, 
nukdaýnazar, düşünje. Beýle pikirler durmuşyň 
talaplaryna gabat gelmeýär (N. Jumaýew). 3. Bir zat 
hakynda peýda bolýan niýet, hyýal. 

Pikir alyşmak bir iş, mesele hakynda belli bir 
netijä gelmek maksady bilen özara maslahatlaşmak, 
bir mesele dogrusynda biri-biriňe pikiriňi aýtmak. 
Pikir basmak ýüze çykan aladalar basmarlamak. 
Pikir bermek 1) üns bermek; alada etmek. 2) üns 
berip diňlemek, gulak asmak. Pikir derýasyna gark 
bolmak ser. Pikire batmak.– Sözlesene, Berdi, 
meniň pikir derýasyna gark bolanym ýeterlik dälmi? 
(H. Derýaýew). Pikir derýasynda (kölünde) 
ýüzmek çuň pikire gitmek, köp pikir etmek. Pikire 
batmak ser. Pikire gitmek. Pikire batmak çuňňur 
oýlanmak, oýa batyp pikirlenmek. Ol agyr pikirlere 
batypdy (B. Seýtäkow). Pikire çümmek ser. Pikire 
batmak. Pikire gelmek belli bir karara gelmek, belli 
bir netijä gelmek. Pikire gitmek çuň pikir edip, bir 
zada bar ünsüňi gönükdirmek, pikire çümmek, pikire 
batmak. Meret çaýyny içip bolup, dikeldi-de, pikire 
gitdi (A. Durdyýew). Pikiri bölmek ünsüňi başga bir 
ýaňa, başga tarapa sowmak. Pikiriňi durlamak 
paýhaslanyp başlamak, gowy akyl ýetirip başlamak, 
aýdyň pikirde bolmak. Pikir ýöretmek bir zat 
hakynda bir pikiri öňe sürmek. Pikir ýumagyny 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   358   359   360   361   362   363   364   365   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling