Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet359/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   355   356   357   358   359   360   361   362   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PETIKLEMEKLIK
iş 
ady. 
Petiklemek 
ýagdaýy. 
PETIKLENMEKişl. Öňi baglanmak, dyky we 
ş.m. zatlar bilen dykylyp beklenmek, ýapylmak. 
PETIKLEŞDIRMEK, işl. Ähli ýerini ýapyp, 
bekläp çykmak. 
PETIKLEŞMEK, işl. Petiklemäge, ýapmaga, 
dykmaga kömekleşmek. 
PETIKLETDIRMEK
işl. 
Birine 
öňüni 
baglatmak, dyky dykyp bekletmek, ýapdyrmak. 
PETIKLETMEK, işl. Petiklemek işini başga 
birine etdirmek, petiklemäge mejbur etmek. 
PETIKLEÝIŞiş ady. Petiklemek ýagdaýy. 
PETIR [peti:r], at. Tutuş ýüzi , köplenç, ik bilen 
dürtülip, hamyry aldyrylman bişirilýän çörek. Meniň 
jigim gerekli, Eli petir çörekli (Hüwdüden). 

Petir bezelen ýaly deşik-deşik, dürtük-dürtük. 
Ýeriň ýüzi petir bezelen ýaly çukanak bolup 
görünýärdi (B. Kerbabaýew).
PETIŞ, syp. Dymyk, dymyljyk, demikdiriji, 
kapas (şemalsyz yssy howa hakynda). Agşamlaryna 
dymyk hem petiş bolýardy (A. Gowşudow).
PETIŞLENMEK, işl. Petiş bolmak, dymyk 
bolmak, demikdiriji, tutuk bolmak, kapaslanmak 
(howa hakynda). Gijara ýel turjak ýaly, howa 
totlandy-da petişlendi (B. Kerbabaýew). 
PETLE [petile/petle], at. Gabsadyr äpişgäni 
çarçuwa, söýä berkitmek üçin içine eplenýän ýasy 
demir enjam. 
PETLELEME [petleleme], iş ady. Petlelemek 
ýagdaýy. 


201 
PETLELEMEK [petlelemek], işl. Petle kakmak, 
petle oturtmak. 
PETLELEMEKLIK [petlelemeklik], iş ady. 
Petlelemek ýagdaýy. 
PETLELEMEZLIK [petlelemezlik], iş ady.  
Petle oturtmazlyk. 
PETLELENMEK [petlelenmek], işl. Petle
oturdylmak. Täze salnan jaýlaryň gapylary 
petlelenipdir. 
PETLELEŞDIRMEK [petleleşdirmek]işl. Petle 
oturdyp çykmak. 
PETLELEŞMEK [petleleşmek],işl. 1. Petle
oturtmaga kömekleşmek. Agama täze jaýlarynyň 
gapylaryny petleleşdim2. Birnäçe bolup petlelemek. 
Agaç ussalary mekdebiň täze jaýynyň äpişge-
gapylaryny petleleşip durdular. 
PETLELETMEK 
[petleletmek],işl
Petle
oturtmak işini başga birine etdirmek. Gapydyr 
äpişgeleri petleletmek. 
PETLELEÝIŞ [petleleýiş],iş ady. Petlelemek 
ýagdaýy. 
PETLEMEiş ady. Petlemek ýagdaýy. 
PETLEMEK, işl. Erişlik, argaçlyk ýüpegi, 
ýüplügi boýalandan soň petli suwa batyryp 
çykarmak, pet bermek. 
PETLEMEKLIK,iş ady. Petlemek ýagdaýy. 
PETLEMEZLIKiş ady. Petli suwa batyryp, pet 
bermezlik. 
PETLENMEK
işl. 
Petiň 
içine 
salnyp 
çykarylmak, pet berilmek. Erişleriň-de girjegi girip, 
petlenjegi petlendi (N. Pomma). 
PETLEŞDIRMEK, işl. Ýüpek sapaklary, 
ýüplükleri bir ýan ujundan petläp çykmak. 
PETLEŞMEK, işl. 1. Birine petlemäge 
kömekleşmek. Ýüplük petleşmek. 2. Birnäçe bolup, 
bilelikde petlemek. Aýallar ýüplük petleşip otyrdy. 
PETLETDIRMEK
işl., 
ser. 
Petletmek
Köýnegiň ýakasyny petletmek. 
PETLETMEK, işl. Petlemek işini başga birine 
etdirmek, petlemäge mejbur etmek, petlemäge ýol 
bermek. 
PETLI, syp. Pete ýatyrylan, pet berlen. Petli 
mata.
PETREDIŞMEK [petiredişmek], işl. Birnäçe 
adam bir wagtyň içinde gözüni petretmek. 
PETREMEK [petiremek], işl. Gözi hanasyndan 
çykaýjak ýaly mölermek, alarmak (göz hakda) . 
Ýyldyz sanaýan ýaly, ýüzüni diň göge tutup, gözüni 
petredip dur (N. Pomma). Gözüňi petredip seretmek 
PETREŞMEK [petireşmek], işl. 1.Gözleri 
hanasyndan çykaýjak ýaly bolup durmak. Ýyldyzlar 
petreşip ýüzüne bakýar, Göýä söýgüli ýar gaşyny 
kakýar (A. Kekilow). 2. Açyk, aýdyň görnüşip 
durmak, ýaldyraşmak. Ýyldyzlar örän aşakdan 
petreşip görünýärdiler (B. Seýtäkow).
PETRETMEK 
[petiretmek],işl
Gözlerini 
hanasyndan çykaraýjak ýaly etmek. Ol gözlerini 
petredip, daş-töweregine garanjaklady. 
PEÝ: peýini tapmak ser. Peýlemek. Günleriň 
bir gününinde peýini, ebeteýini agtaryp, öz sözüni 
aýdyp goýdy (B. Kerbabaýew). 
PEÝAN [peýa:n], at. 1k.d. Ykrar, durnuk, haýyr, 
peýda. Panydyr, hiç kime peýany bolmaz 
(Magtymguly). 2. Peýda, haýyr. Jepasyny çekmeseň, 
peýany bolmaz (

Görogly

). 

Peýan bermezlik ynamy ödemezlik, tamany 
ödäp bilmezlik, wepa bermezlik, haýyr etmezlik. 
PEÝANSYZ 
[peýa:nsyz], 
syp. 
Ykrarsyz, 
durnuksyz, wepasyz. 

Ah, peýansyz dünýä inenler!

diýip, elimi silkip goýberdim (R. Gelenow). 
PEÝANSYZLYK [peýa:nsyzlyk], at. Peýany
ýokluk,ygrarsyzlyk, durnuksyzlyk. 
PEÝDA [peýda:] I, at. 1. Oňaýly netije, haýyr, 
nep. Seniň maslahatyň peýdasy bolarmyka? 
2.Ýardam, kömek. Ol maňa uly peýda berdi 
(

Edebiýat we sungat

). 

Peýdasy degmek peýdasy bolmak, peýdaly 
bolmak, haýyr etmek. Şu dermanyň kellagyryma 
peýdasy degermikä? 
PEÝDA [peýda:] II: peýda bolmak ýüze 
çykmak, görünmek, gelmek; döremek. Kerwenleriň 
içinde wagtyhoşluk peýda boldy (

Hüýrlukga – 
Hemra

). 
PEÝDAKEŞ [peýda:keş], at. 1. Haýyr görmek 
üçin alyş-çalyş, söwda-satyk bilen meşgul bolýan 
ownuk söwdagär. Bizler peýdakeş däl, çarwa adam 
(

Görogly

). 2gepl.d.Haýryna, peýdasyna çapyjy. 
PEÝDAKEŞLIK [peýda:keşlik], at. Peýda, 
haýyr görmek maksady bilen alyp satmaklyk
peýdakeşiň käri. 
PEÝDALANMAK [peýda:lanmak], işl. 1. Öz 
geregine ulanyp bilmek, işletmek. 2. Bir zatdan 
haýyr, nep, peýda görmek, düşewünt düşürmek. 
PEÝDALY [peýda:ly], syp. Netijesi gowy, 
haýyrly, nepli. Peýdaly iş.
PEÝDALYLYK [peýda:lylyk], at. Peýdasy 
barlyk, peýdaly bolmaklyk, peýdasyz dällik. 
PEÝDASYZ 
[peýda:syz], 
syp. 
Peýdasy 
bolmadyk, peýdasy ýok, haýyrsyz. Peýdasyz 
perişdeden aşna döw ýagşy (Nakyl). 
PEÝDASYZLYK [peýda:syzlyk], at. Peýdasy 
ýokluk, peýdaly dällik, peýdasyz bolmaklyk. 
PEÝKAL [peýka:l], at. 1. Çarhyň içinden 
geçip, degirmen daşyny aýlaýan dik sütüniň aşaky çiş 
ujy. 2. Bir bölek ekin meýdany. Garawekiliň jaryna 
düme ekilen bir peýkal ýerde bugdaýdyr künjüden 
özlerine zähmet güni hökmünde lomaýja paý ýeter 
öýdüpdi (Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet 
guşy). Bir gün ýandak çapýarlar, bir gün bugdaýa 
suw tutýarlar, atyzlary giňeltmek, birleşdirmek üçin 
beýigräk ýerleriň gumuny jara döküp gelmek işinde 
işleýärler, garasaý, kolhoz näme iş buýursa, 
dannawsyz edip ýör, arasynda dümeçiligimizdäki 
peýkalymyza barybam işläp gaýdýar (Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Döwlet guşy). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   355   356   357   358   359   360   361   362   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling