PETEK, at. Aýakgabyň içine düşemek üçin
ýörite kesilen keçe bölegi, olduryk. Köwşüň petegi.
PETEKE, at. 1.Guşlaryň döşüniň iç ýüzünde
iýmit ýygnaýan ýeri. 2. Kükregiň ýokarky
gapyrgadan döş süňküniň gutarýan ýerine çenli bolan
aralygy, kükrek.
Petekesinden otlamak golaý aralykdan atmak,
döşünden çenäp atmak. Petekesini gaýşartmak
özüni hondan bärsi saýmak, ulumsylyk, gopbamsylyk
etmek, eýemsiremek. Hil bir iş bitiren ýaly bolup,
petekesini gaýşartdy (R. Gelenow).
PETEKLEMEK, işl. Köplenç, keçe bolegini
laýyklap kesip, köwşüň içine petek etmek; köwşüň
içine petek salmak.
PETEŇ: peteň etmek bizar etmek, ýürege
düşmek, irizmek, ýadatmak. Ol özüniň guduzlygy
bilen ähli obany peteň edipdi (Ç. Aşyr).
PETEŇ-BIZAR [peteň-miza:r]: peteň-bizaryny
çykarmak biriniň halys ýüregine düşmek, kimdir
birini bizar etmek, halys irizmek. Wagtynda hiç zadyň
etmän
azaryn,
Tanyş-bilişleriň
peteň-bizaryn
Çykarypdy, sorap kömek bermegin (A. Kekilow).
PETE-PET, hal. Ýüzbe-ýüz, garşyma-garşy,
gabatma-gabat. Öwrümde ol ikimiz pete-pet geldik.
PETIGARA [petiğara], syp. Işi gaýdan, bagtsyz,
gara maňlaý, biçäre, görgüli. Bu peti garany öldüren
bolaýmaýyn diýip gorkdy (A. Gowşudow).
PETIGULY [petiğuly]: petigulusyny bermek
kesgitli jogap bermek, gaýtargysyny bermek,
geplemez ýaly etmek, ikini islemez ýaly etmek.
PETIK, at. Bent edilen, öňi baglanan, beklenen,
ýapylan.
PETIKLEME, iş ady. Petiklemek ýagdaýy.
PETIKLEMEK,
işl.
Öňüni
baglamak,
bentlemek; dyky we ş.m. zat bilen beklemek,
ýapmak, dykmak. Işini bitiren dessine-de deşigi köne
pagta bilen petikläpdir (R. Gelenow).
Do'stlaringiz bilan baham: |