Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
PESELIŞMEK, işl. Kem-kemden peselmek, dura-bara peselmek, az-kem peselmek, birneme peselmek (peselmek işliginiň 1-5
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- PESELTDIRMEK
- PESINE
- PESPÄL
- PESSAÝLAMA [pessa:ýlama], iş ady. Pessaýlamak ýagdaýy. PESSAÝLAMAK [pessa:ýlamak], işl. 1
- PESSAÝLATMAK
- PEŞ II
- Peşeden pil ýasamak
PESELIŞMEK, işl. Kem-kemden peselmek,
dura-bara peselmek, az-kem peselmek, birneme peselmek (peselmek işliginiň 1-5 manylary boýunça). PESELME, iş ady. Peselmek ýagdaýy. PESELMEK, işl. 1.Boýy kemelmek, pes bolmak. Üstünden köp wagt geçensoň, gala birneme peselen 199 ýaly görünýär. 2. Aşak düşmek, aşaklamak, azalmak. Suwuň meseleni bilen peseleniniň onçakly tapawudyny hem bilip duramok (B. Kerbabaýew). 3. Keseliň, syrkawyň ugry gaçyp başlamak, ýagdaýy agyrlaşmak, ýaramazlaşmak, erbetleşmek. 4. Nyrhy, gymmaty kemelmek, pese düşmek, arzanlamak. Harytlaryň nyrhy peselmek. 5. Gowşamak, ýuwaşamak, haýallamak. Saz kä peselip, kä batlanýar. PESELMEKLIK, iş ady. Peselmek ýagdaýy. PESELMEZLIK, iş ady. Pes bolmazlyk, pese gaçmazlyk, aşak düşmezlik. PESELTDIRMEK, işl., ser. Peseltmek. Eýsem ýerasty suwlaryň derejesini nähili peseltmeli... – munuň hem çözgüdi tapyldy ( Türkmenistan ). PESELTMEK, işl. 1. Boýuny kemeltmek, peseltmek, gysgaltmak. 2. Aşak düşürmek. 3. Ýagdaýyny, halyny erbetleşdirmek, ýaramazlaşdyrmak. 4. Bahasyny, gymmatyny azaltmak, kemeltmek, arzanlatmak. 5. Gowşatmak, ýuwaşatmak, haýallatmak. Ol basym sesini peseldip, hemişeki parahat gürrüňine öwürdi (A. Gowşudow). PESEŇ, 1. syp. Pesräk. 2. at. El terezisiniň iki tarapyny deňlemek üçin ýeňil tarapyna dakylýan agramlyk daş. PESINDEN [pesinnen], hal. Hiç bolmanda, iň bolmanda, azyndan. PESINE [pesi:ne], at. Galoşyň apgyrdynyň içinden tikilýän gaýyş. PESLEMEK, işl. Pes oturmak, ýuwaşamak.. Olam-a peslär ýaly däl, eden işini oňarýar. PESLIK, at. 1. Pes ýer, çöketlik, oý ýer. 2. Gysgalyk, keltelik. Onuň boýy birneme peslik edýär. 3. Adamkärçiligi, gylygy ýaramaz bolmaklyk. Göripçilik etmek peslik dälmidir? PESPÄL [pespä:l], syp. Adamkärçilikli, göwni pes, ulumsy bolmadyk. Pespäl adam. PESPÄLLIK [pespä:llik], at. Kiçi göwünlilik, päli peslik, men-menlik etmezlik, gopbamsy dällik. PESPÄLLILIK [pespä:llilik], at. ser. Pespällik. PESSAÝ [pessa:ý], syp., hal. Ýuwaşlyk bilen, ýuwaşjadan, çalaja (ýel hakynda). Pessaý şemal gelen wagty, Gozganýar agaç depesi (R. Seýidow). Ol pessaý hiňlenip ugrady. PESSAÝLAMA [pessa:ýlama], iş ady. Pessaýlamak ýagdaýy. PESSAÝLAMAK [pessa:ýlamak], işl. 1. Ýuwaşap ugramak, gowşamak (esasan, şemal, ýel hakynda). Pessaýlap öwüsýärdi ýazyň şemaly (A. Kekilow). 2. Kem-kemden aşaklamak, pese inmek, aşak inmek. Kä belentläp uçdum, käte pessaýlap (K. Gurbannepesow). PESSAÝLAMAKLYK [pessa:ýlamaklyk], iş ady. Pessaýlamak ýagdaýy. PESSAÝLAŞMAK [pessa:ýlaşmak], işl. 1. Kem- kemden pessaýlap ugramak, gowşamak. Şemal pessaýlaşdy. 2. Ýuwaşlyk bilen aşak inmek, kem- kemden aşaklamak, pese düşmek. Pessaýlaşyp uçup barýan guşlara gözüm düşdi. PESSAÝLATMAK [pessa:ýlatmak], işl. 1. Ýuwaşadyp ugratmak, gowşatmak. 2. Ýuwaşlyk bilen aşak indirmek, kem-kemden aşaklatmak. PESSAÝLYK [pessa:ýlyk], at. Ýuwaşlyk, mylaýymlyk (ýel hakynda). Ýaz şemaly pessaýlyk bilen ösýärdi. PESSAÝ-PESSAÝ [pessa:ý-pessa:ý], hal. Ýuwaş-ýuwaşdan, kem-kemden, usullyk bilen, assa- assa, emaý bilen. Aýlanyp-aýlanyp, bizi tapmansoň, Pessaý-pessaý aşak inip başlady (Ş. Kekilow). Onuň giden yzy bilen Pessaý-pessaý gadam urdy (Ç. Aşyr). PESSEWE [pessöwö], at, kön.s. Gadym zamanlarda atly gezýän hanyň, harby ýolbaşçynyň attutary. Görse bu sapar munuň ýanynda diňe pessewesinden başga adam ýok (A. Gowşudow). PEŞ I, at. Köplenç, ak reňkli uzyn in matadan kellä oralýan selle, çalma. Aýagy çepekli, kellesi peşli, Pete-pet çykandyr, ýadaw bir fellah (K. Gurbannepesow). PEŞ II, at. Gyzgyn çägede gowrulan mekgejöwen dänesiniň açylany. PEŞE, at, ser. Çybyn. Duşmanyň peşeçe bolsa, pilçe gör (Nakyl). Hiç-haçan deň gelmez pil bilen peşe, Garaňkylyk dyza çöker hemişe (A. Kekilow). Peşeden pil ýasamak ujypsyz zady ulaltmak, çendenaşa çişirmek. PEŞEHANA [peşeha:na], at. Çybyndan, aýakçydan goranmak üçin hasadan tikilen çadyr. PEŞEHORDA [peşeho:rdo], at. Awuly çybynlaryň çakmagy sebäpli adamyň bedenine çykýan hem-de, köplenç, ýere ilkinji gyraw düşýänçä gutulmaýan agyrysyz baş, ýara. Onuň sag dulugynda peşehordanyň yzy bildirýärdi (A. Gowşudow). PEŞEMEK, işl. Aýaklary bilen ýeri dörmek, dörjelemek, oýmak. Horaz bolsa eşegiň üstünde aýaklary bilen peşäp, küli tozadyp gelýär, ýakyn geldigiçe hem tozany köpelýär ( Türkmen halk ertekileri ). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling