PERWANA [perwa:na], at. 1. Kebelek. Senem
bilen aýralygyň oduna, Perwana dek ýana-ýana
gelemen (
Şasenem – Garyp
). 2. Gyza dakylýan at.
Perwana bolmak biriniň yşkyna düşmek, biri
diýip ýanyp köýmek, däli-diwana bolmak, daşynda
kebelek bolmak. Perwana dek (ýaly) pyrlanmak
gowy görünjek bolup, daşynda kebelek bolup
aýlanmak. Ol seniň daşyňda perwana dek pyrlanýar
(
Edebiýat we sungat
).
PERWAÝ [perwa:ý], at, kön.s. Alada, gorky,
gaýgy, azar, ünji.
Perwaýyna däl azaryna däl, piňine däl. Ol
seretdimi, seretmedi, Amanlynyň perwaýyna däl (N.
Pomma).
PERWAÝSYZ [perwa:ýsyz], syp. Hiç bir zadyň
pikirini etmeýän, bolup duran zatlara üns bermeýän,
biperwaý. Ol hiç diýdi-de, perwaýsyz jogap berdi
(
Edebiýat we sungat
).
PERWAÝSYZLYK
[perwa:ýsyzlyk],
at.
Perwaýsyz bolmaklyk, biperwaýlyk. Perwaýsyzlyk
etmek.
PERWAZ [perwa:z], at. 1. Jaý basyrylanda
pürsleriň üstünden goýulýan gysgajyk tagta(lar). 2.
Agajyň
ýapraklarynyň
şygyrdysy,
guşuň
ganatlarynyň hereketi netijesinde döreýän ses. Bilbil
perwaz eder gunça güllerde (
Saýatly – Hemra
).
Perwaz eýlemek uçmak, ganat kakmak.
Perwaz eýläp, seýran etdim dünýäni (Magtymguly).
Perwaz urmak (bolmak) uçganaklap, daşyndan
aýrylmazlyk, oda-köze düşmek, biriniň göwnüni
awlajak bolmak, kökenek bolmak, perwazlamak.
Perwaz urup kän aýlandym daşynda (A. Salyh).
PERWAZLAMAK [perwa:zlamak], işl., gepl.d.
Aýrylyp bilmän, biriniň daşynda aýlanmak.
Do'stlaringiz bilan baham: |