PERIZAT [peri:za:t], at. 1. Adamyň gözüne
görünmeýän, görke, husna baý bolan periden doglan
peri çagasy. Birazdan soň bolsa bir perizat köşkden
gizlinlik bilen sallanyp düşýär (
Türkmen halk
ertekileri
). Mejnun Leýli perizady Söýen dek
söýmüşem seni (Magtymguly). 2. göç.m. Görmegeý,
gözel, näzenin.
PERMAN [perma:n], at. 1. Döwlet baştutanynyň
kadalaşdyryjy hukuk häsiýeti ýa-da kanun güýji
bolan namasy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 54-
nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti
Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güýji
bolan
permanlary
çykarýar
(Türkmenistanyň
Konstitusiýasy). 2. Oglana dakylýan at.
PERPENDIKULÝAR [perpendikulýa:r], at,
geom. 1. Şol bir göni çyzyk ýa-da tekizlik bilen 90º
burçy emele getirýän göni çyzyk. 2. Perpendikulýar
bolan. Perpendikulýar çyzyk.
PERRAÇ [perra:ç], at, kön.s. Nöker, esger.
Nazar perraç oňa başgaça düşündi (A. Gowşudow).
PERS, at, kön.s. Görnüş, şekil, boluş, keşp; durk.
Eli palçyga batan ýaly hemişe bulaşyp oturmak
gelşikli öýüň persini bozjak (B. Kerbabaýew).
Ýüzüniň persi üýtgemek ýüzüniň keşbi
üýtgäp gitmek.
PERSALA [persa:la], syp. Çyzym-çyzym edilen,
çylgym-çylgym ýara salnan, ýaralanan. Demirtiken,
gyzgan, ýandak ýaly tikenli çöpler aýagyny pers-ala
etse-de, azasyny duýmady (H. Derýaýew).
PERT, hal. Buýtar-suýtar etmän, örän düşnükli
görnüşde. Bu şonuň işi diýip pert aýtdy (N.
Baýramow). Pert jogap bermek.
PERT-PERT, hal. Yzly-yzyna pert görnüşde.
Birdenkä-de başyny galdyryp, edil ýygnakda gürrüň
edýän ýaly, pert-pert sözledi (B. Kerbabaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |