Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet385/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   381   382   383   384   385   386   387   388   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

REŇK [ireňk], at. 1. Boýamak, reňklemek işinde 
giňden ulanylýan madda, boýag. 2. Bir zadyň tebigy 
öwüşgini. Oglum, ol atyň reňki, sypaty nähili? 
(

Görogly

). Gündogarda bolsa dürli reňk bilen 
boýalan älemgoşar peýda bolupdy (B. Kerbabaýew). 

Reňk açmak reňki durlanmak, reňki 
gowulanmak, owadanlanmak, ýalpyldamak. Körleç 
gyzgylt şöhle durdugyça reňk açýardy (A. 
Gowşudow). Reňki durlanmak 1) bişip başlamak, 
süýjäp başlamak. 2) daýanyp, ýüzüň nurlanmak. 
Reňki (ebti) agmak gaty ýadamak, gorkmak we ş.m. 
ýagdaýlar sebäpli ýüzüň üýtgemek, ysgynyň gaçmak. 
Reňkiň gaçmak kesele duşup, tapdan düşmek. 
Syrkawyň reňki gaçypdyr. Reňkiň öçmek kesellilik 
ýa-da güýçli gorky sebäpli, ýüzüň gany gaçmak, 
reňkiň üýtgemek. Reňkiň saralmak näsaglyk, iglilik 
sebäpli reňki öçmek, horlanmak.
REŇKDAR [ireňkda:r], syp. Gowy reňkli. Men 
hiç wagt şeýle uly hem reňkdar güli görmändim.
REŇKDEŞ [ireňkdeş], syp. Meňzeş reňkli, reňki 
meňzeş, bir meňzeş reňkde bolan. Reňkdeş mata. 
REŇKLEME [ireňkleme], iş ady. Reňklemek 
ýagdaýy.
REŇKLEMEK [ireňklemek], işl. 1. Reňke 
ýatyryp boýamak, reňk aldyrmak. Halynyň ýüpüni 
özümiz reňkledik. 2. Ýüzüne reňk çalmak, ýüzüni 
reňk bilen örtmek. Maşyny reňklemek.  
REŇKLEMEKLIK [ireňklemeklik], iş ady. 
Reňklemek ýagdaýy. 
REŇKLEMEZLIK [ireňklemezlik], iş ady.
Reňklemek işini etmezlik. 
REŇKLENMEK [ireňklenmek], işl. Reňke 
ýatyrylyp boýalmak. 
REŇKLEŞMEK 
[ireňkleşmek], 
işl. 
1
Reňklemäge kömek bermek. Goňşusyna gapylary 
reňkleşdi. 2. Bilelikde reňklemek. Aýallar uly 
gazanda mata reňkleşip durdular.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   381   382   383   384   385   386   387   388   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling