RESIM [iresim], at. Däp, adat, däp-dessur, adaty
düzgün-tertip. Ony söýmek bize gadymdan resim (K.
Işanow).
RESMI [iresmi:], syp. 1. Döwlet işlerini ýerine
ýetirmek bilen baglanyşykly bolan, hökümet,
ýolbaşçylyk tarapyndan bellenen. Resmi sapar.
Resmi habar döwlet edaralarynyň habar beriş
serişdeleriniň üsti bilen ýaýradýan ýörite habary.
RESMILEŞDIRMEK [iresmi:leşdirmek], işl.
Resmi görnüşde ýerine ýetirmek, kanunlaşdyrmak.
RESMILIK [iresmi:lik], at. Resmi görnüşde
bolmaklyk, resmi ýagdaý. Duşuşugyň resmiligi.
RESMINAMA [iresmina:ma], at. Bir delili ýa-da
bir zada bolan hukugy tassyk edýän iş bilen
baglanyşykly resmi güýje eýe bolan kagyz. Ylalaşyk
Türkmenistanyň işeňňir ykdysady hyzmatdaşlary
bolup durýan ýurtlaryň köpüsi bilen gol çekilen
ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna girýär
(
Türkmenistan
). Işe, okuwa girmek üçin zerur
bolan resminamalary tabşyrmaly.
RESPUBLIKA [respu:blika], at. 1. Ýokary
häkimiýet edaralary belli bir möhletlik saýlanýan
döwlet dolandyryş görnüşi. 2. Şol hili häkimiýeti
bolan ýurt.
RESUL [iresu:l], at. l. kön.s. Ilçi. 2. Allanyň
ibereni, pygamber. 3. Oglana dakylýan at.
RET [iret]: ret etmek bir zady inkär etmek; bir
zatdan boýun gaçyrmak; bir pikir we ş.m. bilen
razylaşmazlyk.
REWOLÝUSION
[revolýusiýo:n],
syp.
Rewolýusiýa degişli, rewolýusiýanyn ideýalaryny
aňladýan. Rewolýusion göreş.
REWOLÝUSIÝA
[revolýu:syýa],
at.
Jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklarda düýpli öwrülişik.
REZOLÝUSIÝA [rezolýu:syýa], at. Haýsydyr
bir meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagy
netijesinde kabul edilen karar (gurultaýda, ýygnakda
we ş.m.). Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky
”Türkmenistanyň
hemişelik
bitaraplygy”
Rezolýusiýasy dünýäniň syýasy jemgyýetçiliginde,
halkara syýasatynda täze bir sahypany açdy.
REÝGAN [ireýğa:n], syp. Biderek, puç, netijesiz.
Gaýgy-gamda eziz ömrüm solduryp, Şum pelek
azabym reýgan eýledi (Magtymguly). Azabyň reýgan
bolmak.
Do'stlaringiz bilan baham: |