Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- SAG-AMAN
- SAGAŇKYRLAMAK
- Saga-sola sowurmak (pytratmak)
- SAGATLANMAK
- SAGATLAÝYN [sa:ğatlaýyn], hal. Dowamlylygy sagat bilen ölçelýän. Sagatlaýyn iş . SAGATLY
SAGALYBERMEK [sağalyvermek], işl. Saglygy
gowulanybermek, sagalyp başlamak. SAGALYŞ [sağalyş], iş ady. Sagalmak ýagdaýy. SAGALYŞMAK [sağalyşmak], işl. 1. Dura-bara saglygy gowulaşmak. Sagalyşan bolsaň bolýar. 2. Birnäçe adam bilelikde sagalmak. Hassalar derrew sagalyşyp gitdi. SAG-AMAN [sağ-ama:n], hal. Sag-gurgun, sag- salamat, aman-esen. Gullukdan sag-aman geldiňizmi? SAG-AMANLYK [sağ-ama:nlyk], at, ser. Saglyk-amanlyk. SAGAN [sağan], at, ösüml.d.Ketigene meňzeş, reňki sarymtyl, kiçijik tikenli gytyk boýly ösümlik. SAGANA [sağana], at. Içi otag ýaly, kerpiçden örülen mazar gümmezi. Bu ýer – sagananyň içi eken (N. Jumaýew). SAGAŇKYRLAMAK [sağaňkyrlamak], işl. Süýdüni sagyp bolaňkyrlamak. SAGA-SOLA [sağa-so:lo], hal. Hem saga, hem çepe, iki baka, eýläk-beýläk. Ol bir zatdan howatyr edýän ýaly, saga-sola seredip gelýärdi. ◊ Saga-sola sowurmak (pytratmak) puly, baýlygy we ş.m. bisarpa tutmak, biderek harçlamak. SAGAT [sağat], syp.1. Saglygy gowy, keselsiz, sagdyn. Ol süňňi sagat adam. Ýüregi sagat. On iki synasy sagat.2. gepl.d. Harap bolmadyk, döwülmedik, gurat, abat. Bu maşyn gaty sagatdyr. ◊ Sagadyna çykmak keselinden saplanyp, sagat bolmak. Ol köp wagtlap iňňelik iýen ýaly bolup gezdi, ýöne indi her näme bolsa-da, sagadyna çykypdyr. Sagadyna (magadyna) ýetmek bir zadyň anygyna ýetmek, hak ýa-da nähakdygyny anyklamak. Men bu gürrüňiň sagadyna ýetdim (A. Durdyýew). SAGAT [sa:ğat], at. 1. Bir gije-gündiziň çäginde wagty ölçemek üçin enjam, mehanizm. Asma sagat. Elektron sagat. Goşar sagady. Jaňly sagat. Diwar sagady. Jübi sagady. 2. Altmyş minuta deň bolan wagt aralygy. Men saňa bir sagatdanam köp garaşdym. 3. Günüň ýarymyndan ýa-da ýarygijeden başlap hasaplanýan 60 minuta barabar möhlet. Öýlän sagat üç. Agşam sagat ýedi. Gije sagat iki. 4. Okuw mekdeplerinde okadylýan sapaga berilýän wagt. Meniň mekdepde iki sagat okuwym bar. 5. gepl.d. Umuman wagt. Ol aýdan sagadyň taýýardyr. SAGATÇY [sa:ğatçy], at. 1. Sagat bejerýän ussa. Sagatçy äýnegini maňlaýyna goýup, sagadyň içine seredýär (B. Kerbabaýew). 2. Wagty belleýji, wagty ölçeýji. 3. taryh. Suw paýlaşygy döwründe her kime düşýän suwy sagatma-sagat bölüp goýberýän ýörite bellenen adam, mirap. SAGATLANMAK [sağatlanmak], işl. Keselden açylmak, sagalmak. SAGATLAP [sa:ğatla:p], hal. Sagadyň içinde, sagadyň dowamynda. Annaguly käwagtlar bir hana sogrup, lap edip aýtdygym däl, hut üç düýp gowaçanyň daşyndan bir sagatlap aýrylmady (A. Durdyýew). Birnäçe sagatlap. Iki sagatlap. Üç sagatlap. SAGATLAŞMAK [sağatlaşmak], işl. Saglygyň öňküsinden gowulaşmak, keselden açylyşmak, sagalyp başlamak. Birneme sagatlaşanymdan soň işe çykaryn. SAGATLAÝYN [sa:ğatlaýyn], hal. Dowamlylygy sagat bilen ölçelýän. Sagatlaýyn iş. SAGATLY [sa:ğatly], syp. 1. Sagat dakylan; sagat goýlan. Ol sagatly elini uzatdy. Üsti sagatly stol. 2. Sagatlaýyn. Sagatly iş. SAGATLYK [sağatlyk], at. Sagat bolmaklyk, sagdynlyk, jany saglyk, hiç hili keseli ýokluk. Sagatlyk hemme kişä ýetdirýän zat däl. SAGATLYK [sa:ğatlyk], syp. Dowamlylygy bir sagada çekýän, bir sagadyň içinde ýerine ýetirip bolýan. Bir sagatlyk arakesme. Bir sagatlyk iş. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling