Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet398/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   394   395   396   397   398   399   400   401   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAGLAÝYN-SOLLAÝYN 
[sağlaýyn-
so:lloýun], hal. Hem sagdan, hem soldan, hem 
sagyndan, hem çepinden. – Dogryňy aýtmasaň, ynha, 
şu gamçy kebzäňde oýnar – diýip, biçäräni saglaýyn-
sollaýyn saýgylamaga durdy (G. Kulyýew).
SAGLYK [sağlyk], at. 1. Jany sagatlyk, guratlyk, 
gurgunlyk, keselli dällik, sagdynlyk. Saglyk bolsa, 
beglik bolar (Nakyl). Saglygym – baýlygym (Nakyl). 
2. Aman-esenlik, sag-salamatlyk.
◊ Saglygy goraýyş ilatyň saglygyny goramaklyk 
we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmekligi 
durmuşa geçirmeklik. Saglyk öýi dürli hünärli 
lukmanlaryň (hekimleriň) gözegçilik etmeginde 
gatnalyp kesel bejerdilýän edara. Saglyk ýoly 
adamlaryň dynç günleri saglyklaryny berkitmek üçin 
dagdan geçýän ýoly.
Talyplar säher bilen saglyk 
ýoluna çykdylar.
SAGLYK-AMANLYK [sağlyğ-ama:nlyk], at. 
Aman-esenlik, sag-gurgunlyk, gurgunçylyk.
Saglyk-amanlyk soraşmak salamlaşylandan 
soň biri-biriň saglygyny soramak. Olar saglyk-
amanlyk soraşdylar. 
SAGLYK-ESENLIK [sağlyğ-esenlik], at, ser. 
Saglyk-amanlyk. Saglyk-esenlik soraşmak. 
SAGLYK-SALAMATLYK [sağlyk-sala:matlyk], 
at, ser. Saglyk-amanlyk. Saglyk-salamatlyk 
soraşdyk biz öň (A. Kowusow). 
SAGMA [sağma], iş ady. Sagmak ýagdaýy.
SAGMAK [sağmak], işl. 1. Malyň emjegini 
gysyp, süýdüni almak. Her kim ýerli-ýerden 
goýunlary kökerip, sagmaga başlady (H. Derýaýew). 
Sygyr sagmak. Düýe sagmak. 2. göç.m. Aldaw, 
zorluk we şuňa meňzeş ýol bilen birinden ep-esli zat 
almak, ýonmak. Ol seni sagaýmasa, işiňi bitirer 
öýdemok.
◊ Sag asmana süýdüňi eliňden gelenini aýama. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   394   395   396   397   398   399   400   401   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling