Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet406/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   402   403   404   405   406   407   408   409   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SALDAMLAMAK [sallamlamak], işl., ser. 
Saldarlamak.Sen şol towugy maňa ber, men bir 
saldamlap göreýin – diýipdir (

Türkmen halk 
ertekileri

). 
SALDAMLY [sallamly], syp. 1. Ele saldam 
berýän, agram salýan, agramy duýulýan. Şol ýükler 
onçakly gaba bolmasa-da, örän saldamly görünýärdi 
(B. Kerbabaýew). 2. göç.m. Paýhasly, salyhatly, 
ýerlikli (ýöreýiş, sözleýiş, hereket we ş.m. hakynda). 
3. Önjeýli, ep-esli. Saldamly goşant. 
SALDAMLYLYK [sallamlylyk], at. 1. Saldamly
bolmaklyk, saldamy barlyk. 2. göç.m. Agraslyk, 
salykatlylyk, ýerliklilik (ýöreýiş, sözleýiş, hereket we 
ş.m. hakynda). Ol örän saldamlylyk bilen söze 
başlady. 
SALDAMLYRAK 
[sallamlyra:k], 
syp. 
Bolmalysyna seredeňde agramlyrak, agramy köpräk. 
SALDAR [sallar]: saldar almak çyban, beze 
ýaly çykuwlar zarbygyp, sorkuldap agyryp ugramak. 
SALDARLABERMEK [sallarla:vermek], işl. 
1
Agramyny çaklap görübermek. 2göç.m. Öz 
pikiriňdeaýlap görübermek. 
SALDARLAMA 
[sallarlama], 
iş 
ady. 
Saldarlamak ýagdaýy. 
SALDARLAMAK [sallarlamak], işl. 1. Ele alyp, 
agramyny çaklamak, bir zady eliňe alyp, agramyny 
barlap görmek. Näme diýjegini bilmän, gawuny eline 
alyp, saldarlap gördi (H. Garabaýew). 2. göç.m. Öz 
pikiriňde aýlap görmek, dogrulygy, nädogrulygy 
hakda oýlanyp, paýhas edip görmek.
SALDARLAMAKLYK [sallarlamaklyk], iş ady. 
Saldarlamak ýagdaýy. 
SALDARLAMAZLYK [sallarlamazlyk], iş ady. 
Saldarlap görmezlik. 
SALDARLANMAK [sallarlanmak], işl. 1
Agramy barlanyp görülmek. 2. göç.m. Oýlap-ölçäp 
görülmek.
SALDARLAÝYŞ 
[sallarlaýyş], 
iş 
ady. 
Saldarlamak ýagdaýy. 
SALDYRMAK [sallyrmak], işl. Salmak işini 
başga birine etdirmek, salmaga mümkinçilik 
döretmek, ýol bermek. Isgender, Jemşit saldyran, 
Beýik binalar görüner (Magtymguly). Patyşa 
şäherden sesýetim uzakda, görnükli ýerde belent 
minara saldyrypdyr (

Myraly

). Indi ýumruk ýaly 
çagalara kesek saldyrýaňmy?  
SALGABERMEK [salğa:vermek], işl. Salgap 
ugramak. Aty görenden ýaglygyny salgaberdi. 
SALGAMA [salğama], iş ady. Salgamak 
ýagdaýy. El salgama nämä gerek, özi gördi ahyry. 
SALGAMAK [salğamak], işl. 1. Eliňi ýa-da 
eliňdäki zady howada bulaýlamak, galgatmak, 
hereket etdirmek. Märekäniň aňry çetinde duran bir 
adam maňa elini salgap, ýanyna çagyrdy2. Eliňi ýa-
da eliňdäki gamçyny, taýagy urulmakçy bolunýan 
adama, ata we ş.m. tarap gönükdirip bulaýlamak. 
Maňa eliňi salgarça sen kimmişiň?! Gamçyny ata 
salgamak. 3.

Diýilýän zada pitiwa edemok, ony 
oňlamok, kabul edemok

diýen manyda eliňi 
yzlygyna bulap goýbermek. 

Işine gaty ökde diýilýan 
adam siz bilen işleýärmi?

diýip soradym weli, ol 
ýüz-gözüni bürüşdirip, elini salgap goýberdi.  
SALGAMAKLYK [salğamaklyk], iş ady. 
Salgamak ýagdaýy.
SALGAMAZLYK [salğamazlyk], iş ady. Elini 
ýa-da elindäki zady howada bulaýlamazlyk, 
galgatmazlyk. 
SALGAŞMAK [salğaşmak], işl. Biri-birine tarap 
ellerini galgatmak. Olaryň biri-birine ellerini 
salgaşyp, 
janygyp 
sözleşmekleri 
hem 
şony 
tassyklaýardy (B. Kerbabaýew). 
SALGATMAK [salğatmak], işl. Salgamaga ýol 
bermek. Oňa özüňe elini salgadyp durma (salgamak 
sözüniň 3-nji manysy boýunça). 
SALGAÝYŞ [salğaýyş], iş ady. Salgamak 
ýagdaýy. 
SALGY [salğy], at. 1. Ugur ýa-da bir ýer 
soralanda berilýän maglumat, ugur görkezme. 2
Biriniň ýa-da bir zadyň ýerleşýän ýeriniň nyşany, 
aýratynlygy, bellär ýaly alamaty. Onuň täze gala, 
kimiňkä gidenini salgy alyp, Gandym aksakgal şol 
tarapa at goýdy (A. Gowşudow). 3. Poçta üsti bilen 
iberilýän hatyň we beýleki zatlaryň ýüzüne barjak 
ýeriniň we iberilýän zady aljak adamyň, edaranyň we 
ş.m. ady görkezilen ýazgy. 4. Ýaşalýan ýeriň, jaýyň 
ýa-da edaranyň, kärhananyň, guramanyň ýerleşýän 
ýeri. 
SALGYHANA [salğyha:na], at. Adamlaryň 
ýaşaýan we edaralardyr guramalaryň ýerleşýän ýeri 
hakynda maglumat berýän ýörite edara. 
SALGYLANMA [salğylanma] 1. iş ady. 
Salgylanmak ýagdaýy. 2.at. Köplenç, ylmy işlerde bir 
pikiri delillendirmek, anyklamak üçin gorkezilýän 
başga bir çeşme.
SALGYLANMAK [salğylanmak], işl. Köplenç, 
ylmy işlerde bir pikiri delillendirmek, anyklamak 
üçin başga bir çeşmä ýüzlenmek. Birnäçe mysallara 
salgylanalyň! 
SALGYLANMAKLYK [salğylanmaklyk], iş 
ady. Salgylanmak ýagdaýy.
SALGYLANMAZLYK [salğylanmazlyk], iş ady. 
Anyklamak üçin ikinji bir zada ýüzlenmezlik. 
Statistiki maglumatlara salgylanmasaň hem ak 


234 
mermerli Aşgabadyň keşbini görüp, haýran galýarsyň 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, 
Garaşsyzlyga 
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). 
SALGYLANYLMAK 
[salğylanylmak], 
işl. 
Anyklamak üçin beýleki bir zada ýüzlenmek. Işde 
görnükli alymlaryň işlerine salgylanylypdyr. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   402   403   404   405   406   407   408   409   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling