Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet408/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   404   405   406   407   408   409   410   411   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SALHAM-SAJAK [salham-sa:jak] ser. Sallam-
sajak. 
SALKYM,at. Üzümiň bir sapakda ýerleşen 
topbagy, hoşasy. Bir salkymyň datmadyk, Çeker 
arman, halyly (M. Garryýew).  
SALKYN I, syp. Mylaýym, aram, sergin howa. 
Yssy günler her kim salkyn ýeri agtarýar (A. 
Gurbanow).
Salkyn düşmek howanyň yssysy sowlup, 
mylaýym, sergin howa peýda bolmak. Agşam salkyny 
düşdi. 
SALKYN II, at. Ertirden günorta, öýleden gün 
ýaşýança wagt aralygy, günüň birinji ýarymy ýa-da 
günüň ikinji ýarymy. Ata bu salkynda ondan göni iki 
kilogram pagtany artyk ýygypdyr (B. Pürliýew). 
SALKYNLABERMEK [salkyn-la:vermek], işl. 
1. Salkyn bolup başlamak. 2. Salkyn ýerde dem-dynç 
almaga başlamak. Sen şu ýerde otur-da salkynlaber. 
SALKYNLAMA, iş ady. Salkynlamak ýagdaýy. 
Gün öýlä saýdygy howa salkynlama bilen boluberýär. 
SALKYNLAMAK, işl. 1. Salkyn bolup 
başlamak, salkyn howa aralaşmak, salkyn düşmek. 
Howa salkynlap başlady. 2. Salkyn ýerde, salkyn 
howada dem almak. Salkynlaýyn diýip düşek atdym 
(

Görogly

). 
SALKYNLAMAZLYK, iş ady. Salkyn bolup 
başlamazlyk. 
SALKYNLAŞMAKişl. Dura-bara salkynlamak, 
birneme salkyn howa aralaşmak, serginleşmek. 
Gündiziň gyzgyn howry sowlup, gije salkynlaşypdy 
(B. Kerbabaýew). Günem ýaşdy, Aý nur saçdy, 
Salkynlaşdy Aşgabat (R. Seýidow).
SALKYNLATMAK,işl. Howany öňküsinden 
salkyn etmek. Ýagan ýagyş howany birneme 
salkynlatdy. 
SALKYNLAÝYŞiş ady. Salkynlamak ýagdaýy. 
SALKYNLYK Iat. Salkyn ýagdaýda bolmaklyk, 
aramlyk, serginlik. Gyzgyn howanyň deregine 
salkynlyk aralaşdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   404   405   406   407   408   409   410   411   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling