Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet416/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   412   413   414   415   416   417   418   419   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SANDYK [sannyk], at. 1. Içine zat, goş salmak 
üçin agaçdan ýasalyp, köplenç, daşyna nagyşlanan 
demir çekilýän, gapakly, gulply uly gapyrjak. 2. Hala 
we käbir el işlerine salynýan sandyk görnüşli 
dörtburç nagyş.
SANDYKGÖL [sannykgö:l], at. Öýdüme bilen 
dokalýan önümlere salynýan sandyk görnüşli göl. 
Sandykgöl palas. 
SANDYRABERMEK [sannyra:vermek], işl. 
Sandyrap ugramak, titräbermek. Gorkudan ýaňa 
sandyraberdi. 
SANDYRAK 
[sannyrak], 
syp., 
ser. 
Sandyrawuk.
SANDYRAKLABERMEK 
[sannyrakla:vermek], 
işl. 
Sandyr-sandyr 
edip 
başlamak. Gorkusyndan ýaňa sandyraklaberdi. 
SANDYRAKLAMA [sannyraklama], iş ady 
Sandyraklamak ýagdaýy. 
SANDYRAKLAMAK [sannyraklamak], işl. 
Sandyr-sandyr edip titremek, sandyrap durmak. 
SANDYRAKLAMAKLYK [sannyraklamaklyk], 
iş ady. Sandyramak ýagdaýy. 
SANDYRAKLAMAZLYK [sannyraklamazlyk], 
iş ady. Sandyr-sandyr edip durmazlyk. Olaryň 
bolşuny göreňde sandyraklamazlyk asla mümkin däl. 
SANDYRAKLAŞMAK [sannyraklaşmak], işl. 
Birnäçe bolup bilelikde sandyraklamak. 
SANDYRAKLATMAK [sannyraklatmak], işl. 
Sandyraklamaga mejbur etmek, sandyraklamak 
katdyna ýetirmek. 
SANDYRAKLAÝYŞ [sannyraklaýyş], iş ady. 
Sandyraklamak ýagdaýy. 
SANDYRAMA [sannyrama], iş ady. Sandyramak 
ýagdaýy. 
SANDYRAMAK [sannyramak], işl. Belli bir 
sebäbe görä süňňüne galpyldy aralaşmak, sandyr-
sandyr etmek, titremek. Sähet öz gaharyny gizläp 
bilmän sandyrady (N. Jumaýew).
SANDYRAMAKLYK [sannyramaklyk], iş ady. 
Sandyramak ýagdaýy. 
SANDYRAMAZLYK 
[sannyramazlyk], 
işl. 
Süňňüňde galpyldy gopmazlyk, sandyr-sandyr 
etmezlik. 
SANDYRAŞMAK [sannyraşmak], işl. Birnäçe 
bolup sandyramak, sandyr-sandyr etmek. Şonuň 
pälwan ogullarynyň beýle ýagdaýyny görüp, onuň 
nökerleri sandyraşyp başladylar (

Görogly

). 
SANDYRATMAK 
[sannyratmak], 
işl. 
Sandyramaga mejbur etmek, sandyrar ýaly etmek, 
sandyramak katdyna ýetirmek. Ol elini kümüşçiniň 
eli ýaly sandyradyp, ine, şeýle ýazdy (N. Pomma).
SANDYRAWUK [sannyrowuk], syp. Sandyr-
sandyr edýän, titräp duran, sandyraýan. Onuň sesi 
hem diýseň sandyrawuk eşidilýärdi (

Edebiýat we 
sungat

). Sandyrawuk el
SANDYRAWUKLYK 
[sannyrowukluk], 
at. 
Sandyrawugyň 
ýagdaýy, 
sandyrawuk 
halda 
bolmaklyk, titrewüklik. 
SANDYRAÝYŞ 
[sannyraýyş], 
iş 
ady. 
Sandyramak ýagdaýy. 
SANDYR-SANDYR 
[sannyr-sannyr], 
s.ş. 
aňl.söz. Belli bir sebäbe görä süňňüne galpyldy 
aralaşyp, durky bilen titrände emele gelýän hereket. 
Sandyr-sandyr etmek ser. Sandyramak. 
Onuň gaharynyň gelendigi hasam topbaran 
dodaklaryndan, 
sandyr-sandyr 
edip 
duran 
çekgelerinden aýandy (T. Gurbanow). Aýdylan paýyş 
söze gaty gahary gelip, nätjegini bilmedi, eli hem 
sandyr-sandyr edip başlady.
SANDUWAÇ [sannuwa:ç] , at. 1. k.d. Bilbil. 
Sebze içre sandywaç, Ýüz dilde kylyp äheň 
(Magtymguly). 2. gepl.d. Içine suw guýlup çalynýan, 
üfleseň guş saýraýan äheňde ses çykarýan, guş 
görnüşindäki oýunjak. 
SANDYZ [sannyz]: sandyz ýaly gaty, berk. Al 
ýorga bir durşuny üýtgetmän, sandyz ýaly sanjylyp 
durdy (B. Kerbabaýew). Sandyz ýaly daňmak. Sandyz 
ýaly saramak. 
SANDYZLAMA 
[sannyzlama], 
iş 
ady. 
Sandyzlamak ýagdaýy. 
SANDYZLAMAK [sannyzlamak], işl. Gatatmak, 
berkitmek; demrikdirmek. Ýogsam guýynyň 
sandyzlan diwaryny suw hiý böwsüp bilermi? (B. 
Kerbabaýew). 
SANDYZLAMAKLYK [sannyzlamaklyk], iş 
ady. Sandyzlamak ýagdaýy.


240 
SANDYZLAÝYŞ 
[sannyzlaýyş], 
iş 
ady. 
Sandyzlamak ýagdaýy. 
SANGY [sa:nğy], at, kön.s. Pikir, oý, hyýal. 
Köňle gelen herne käri, Sangy etmeý edejek sen 
(Magtymguly). Sangy etmän, ýygyp halal-haramy, 
Ahyr bir gün baryp, çaşyr gider sen (Zelili). 
SANJABERMEK [sanja:vermek], işl. Sanjap 
başlamak. Ýüreginiň güýçli sanjabermegi ony 
biynjalyk etdi. 
SANJAK I, at. Aýal geýimlerinine salynýan
üçburç şekilli dilkaw mata urundysy. 
SANJAK IIat, kön.s. Baýdak. 
◊ Sanjak ýaly syrdam boýly, gelşikli. Sanjak ýaly 
ýaş gelin ylgap geçdi köçeden (K. Gurbannepesow).
SANJAMAiş ady. Sanjamak ýagdaýy. 
SANJAMAK, işl. Bir zat sünjülýän, dürtülýän 
ýaly bolup agyrmak, ýiti agyrmak. Ýüregim sanjap 
agyrýar. 
SANJAMAKLYK, iş ady. Sanjamak ýagdaýy. 
SANJARat. Uly deňiz haýwanlaryny, balyklary 
awlamak üçin işilen, gat-gat sim berkidilen naýza 
görnüşli metal ýarag. 
SANJAŞMAK, işl. Bedeniň birnäçe ýeri 
sanjamak. 
SANJAÝYŞiş ady. Sanjamak ýagdaýy. 
SANJY, at. 1. Köplenç, göwräň iç ýüzünde 
sanjylyp duýulýan ýiti agyry. Bir gün sanjy tutdy 
Gülsün ejäni, Ah-wahlap geçirdi uzyn gijäni (D. 
Baýmyradow). 2. göç.m. Alada, ünji, gam-gussa. 
Pökgeniň özüni gözläp gelmegi Ýelliniň böwründe 
sanjy bolup döredi (A. Gowşudow).
SANJYBERMEK 
[sanjyvermek], 
işl. 
1
Haýsydyr bir zady sanjyp başlamak. 2. Nahal ekip, 
şitil oturdyp başlamak. – Bulary şu ýere 
sanjybereýinmi? – diýip, mugallymyň ýüzüne seretdi. 
SANJYLAMAK, işl. Sanjap durmak, sanjyp-
sanjyp agyrmak. – Wepa, näme bir ýeriň 
sanjylaýarmy? – diýip seslendi (A. Gowşudow).
SANJYLMAK, işl. 1. Ýiti bir zat çümmek ýa-da 
çümdürilmek. Myssyjak gürrüň Orazlynyň tenine 
tiken bolup sanjyldy (R. Gelenow). 2. Nahal 
oturdylmak, ekilmek. 3. Bedene iňňe bilen derman 
goýberilmek. 
Sanjylyp oturmak gözüne uky gelmän, dik 
oturmak. 
SANJYM, at. 1. Tikin, keşde işlerinde iňňe bilen 
sanjylyp edilýän bir gezekki tikin. Keşdesine iki 
sanjym kem berdi. 2.Keseliň öňüni almak ýa-da ony 
bejermek üçin onuň azajyk mukdaryny ýörite 
lukmançylyk enjamy bilen bedene goýbermeklik. 
Dümewe garşy sanjym etmek
SANJYŞ, iş ady. Sançmak ýagdaýy. 
SANJYŞMAK, işl. 1. Sançmaga kömekleşmek. 
2. Biri-biriňe sançmak. Naýza, gylyç her uzanda, 
Sanjyşmadyk namart bolsun (

Görogly

). 3. Bilelikde 
sançmak. Maldogtorlar keseliň öňüni almak üçin 
goýunlary sanjyşyp ýör. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   412   413   414   415   416   417   418   419   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling