Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet412/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   408   409   410   411   412   413   414   415   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Gulak salmak biriniň aýdýan zadyny eşitmek üçin 
diňlemek. Maslahat salmak biriniň maslahatyny 
isläp, oňa ýüz tutmak. Ýoldaşyma maslahat saldym
Nazar salmak Allanyň nazary eglenip, nury 
çaýylmak. Biziň ýurdumyz Allanyň nazar salan 
ýurdudyr.  
SALMAKLYKiş ady. Salmak ýagdaýy. 
SALMAZLYK, iş ady. Salmak işini ýerine 
ýetirmezlik. 
Göz salmak ser salmak, göz aýlamak. 
Ýarsyzlykdan ýaman iş ýok, Göz salyp gezsem her 
ýana (Magtymguly). Gözden salmazlyk ünsden 
düşürmezlik, göz-gulak bolup durmak. Halaýyklar 
gözden salmaz ýaşyny,Tanyşar, soraşmaz kowmy-
hyşyny (Magtymguly). 
SALPARMAiş ady. Salparmak ýagdaýy. 
SALPARMAK, işl. Belli bir sebäbe görä aşak 
sallanyp durmak, gowşamak. Atlaryň bilçekileri 
salparypdyr. 
SALPARMAKLYKiş ady. Salparmak ýagdaýy. 
SALPARMAZLYKiş ady. Salparyp durmazlyk. 
Çekiniň salparmazlygy üçin onuň bilinden berk aýlap 
daňdy. 
SALPARTMAKişl. Salparyp durar ýaly etmek. 
Ýabysy näçe gulagyny salpartdygyça keýpi şonça 
kökdi (A. Durdyýew). 
SALPARYBERMEK 
[salparyvermek], 
işl. 
Salparyp 
başlamak. 
Näme 
birden 
gulagyň 
salparyberdi-le? 
SALPARYŞiş ady. Salparmak ýagdaýy. 
SALPARYŞMAK, işl. Birnäçe zat salparyp 
durmak. Atlaryň çekileri salparyşyp durdy (B. 
Seýtäkow). 
SALPAÝAK, syp. Ugursyz sölpüldäp ýören, 
kärsiz, işsiz. Bu naýza her gezip ýören salpaýaga 
başartmaz (

Görogly

). 
SALPY, syp. Aşak sallanyp, halka atyp duran, 
salparyp duran. Onuň mähnet dor aty salpy 
gulaklaryny üşerdip, toýnagy bilen gum peşedi (B. 
Kerbabaýew).
SALPYRAK [salpyra:k], syp. Birneme salpy. 
SAL-SAL [sa:l-sa:l], syp. Ýyrtylyp sallanyşyp 
duran, ýyrtyk-ýyrtyk, eleşan. Bu aralykda geýimi sal-
sal bir adam geldi (B. Seýtäkow). 
SALŞYKLY: salşykly çemçe gezekleşikli 
durmuş, bir adamyň üstünde durmaýan ýagdaý. 
Aglama, balam, aglama! Bu dünýä salşykly çemçedir 
(B. Kerbabaýew). 
SALT, syp. 1. Ýaş çagasy bolmadyk, çagasyz 
(aýal). 2. Guzusy, owlagy ölen (dowar). 
SALTYK, syp. 1.Çagasyz, çagasy ýok (aýal). 
Pudak bagşy özüniň ýeňi ýoluk garypdygyny, bir 
dutary bilen Artyknyýaz diýen saltyk aýalyndan başga 
hiç zadynyň ýokdugyny aýdypdyr (N. Pomma). 2


236 
Guzlamaýan, guzusyz (goýun). Saltyk goýunlaryň 
sürüsi. 
SALYBERMEK [sa:lyvermek], işl. Salyp 
ugramak, salyp başlamak. 
SALYHAT [saly:hat], at, ser. Salykat
SALYK: ýüzi salyk tukat halda, gaýgy-gussaly. 
Otyr, ýüzi salyk, ynha jorasy, Bilýärdi, gelmäge ýokdy 
çäresi (A. Kekilow). Onuň ýüzi salyk, gaşlary 
çytykdy (B. Pürliýew).
SALYKAT [saly:kat/saly:hat], at. Edep-ekram, 
adamkärçilik, sypaýyçylyk. 
SALYKATLANMA 
[saly:katlanma 

saly:hatlanma], iş ady. Salykatlanmak ýagdaýy. 
SALYKATLANMAK 
[saly:katlanmak 
/saly:hatlanmak], 
işl. 
Edep-ekramly 
bolmak, 
adamkärçilikli, sypaýyçylykly bolmak. 
SALYKATLANMAZLYK [saly:katlanmazlyk / 
saly:hatlanmazlyk], iş ady. Edep-ekramly bolmazlyk. 
SALYKATLANYBERMEK 
[saly:katlanyver-
mek], işl. Salykatly bolubermek. 
SALYKATLANYŞ 
[saly:katlanyş 

saly:hatlanyş], iş ady. Salykatlanmak ýagdaýy. 
SALYKATLY [saly:katly / saly:hatly], syp. Edep-
ekramly, adamkärçilikli, sypaýyçylykly. Ýöne men 
şeýle bir salykatly gyza birden bir zat diýmäge 
utanýan (A. Durdyýew). Ýüregi açykdy, örän sadady, 
Gaty salykatly, asylzadady (A. Kekilow). 
SALYKATLYLYK 
[saly:katlylyk 

saly:hatlylyk], at. Edep-ekramlylyk, adamkärçilikli 
bolmaklyk, sypaýyçylyklylyk. Aňkar kim – beýle 
salykatlylyk kim? (B. Kerbabaýew). 
SALYKATLYRAK 
[saly:katlyrak 

saly:hatlyrak], syp. Biraz salykatly. Salykatlyrak 
hereket etseň, özüňe-de, töweregiňdäkilere-de gowy 
bolar. 
SALYKATLYSYRAMAK [saly:katlysyramak / 
saly:hatlysyramak], işl. Salykatly bolan bolmak
özüňi salykatly görkezjek bolmak. Salykatlysyran 
bolsa-da, onuň elinden köp zat gelýändir. 
SALYM,at. Uzak bolmadyk wagt, pursat, möhlet. 
Howa bijaý yssydy, az salym daşarda galsaň, essiň 
aýylýardy (T. Gurbanow).
Salym bermezlik ara wagt salman hereket 
etmek. Salymyny bermän, duşman bilen garpyşdylar 
(H. Derýaýew). Salym salmak ara wagt salmak
wagty gijikdirmek, birneme wagtyny uzaltmak. Ol 
ara birnäçe salym salyp, meniň saglygymy 
soraşdyryp başlady. 
SALYNMAKişl. 1. Özüň üçin salmak, gurmak. 
Özüňe jaý salynmak. 2. Bina edilmek, gurulmak. 
Täze-täze ymaratlar salynýar. 3. Gapgarylmak, bir 
zadyň içinde ýerleşdirilmek. Goşlar sandyga salyndy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   408   409   410   411   412   413   414   415   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling