Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet409/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   405   406   407   408   409   410   411   412   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SALKYNLYK II, syp. Ertirden günortana, 
öýländen gün ýaşýança wagt aralygy (iş hakynda). 
Bir salkynlyk iş. 
SALKYNRAK [salkynyra:k], syp. Biraz salkyn. 
Salkynrak ýer. 
SALLABERMEK [salla:vermek], işl. Sallap 
başlamak, ýokardan aşaklygyna goýberip başlamak. – 
Indi sallabereýinmi? – diýip, ýokardan gygyrdy. 
SALLAHsyp. Aýaly bolmadyk, aýalsyz. 
SALLAHÇYLYKat, ser. Sallahlyk
SALLAHLYK,at. Sallahyň ýagdaýy, aýalsyzlyk. 
Ol iş-alada bilen özüniň sallahlygyna-da onçakly 
parh goýmaýardy (B. Kerbabaýew).
SALLAMAiş ady. Sallamak ýagdaýy. 
SALLAMAK, işl. 1. Bir zady ýüpe baglap, 
ýokardan aşaklygyna goýbermek. Gowany guýa 
sallamak2. Adamyň elinden ýa aýagyndan tutup, ýa-
da eline, aýagyna ýüp daňyp, asyl-asyl edip goýmak; 
aşaklygyna goýbermek. Başaşak sallamak. Çuň 
çukura sallamakGaýadan aşaklygyna sallamak.
SALLAMAKLYKiş ady. Sallamak ýagdaýy. 
SALLAMAZLYK, iş ady. Sallamak işini 
etmezlik.  
SALLAM-SAJAK 
[sallam-sa:jak], 
hal. 
Sallanyşyp duran, sal-sal bolan, eleşan, salham-sajak. 
Ol başy börükli, gyňajyny horazyň guýrugy ýaly 
sallam-sajak edip ýördi (A. Durdyýew).
SALLANÇAK, at. 1. Içine ýaş çaga salnyp 
üwrelýän enjam. Gülzar aglap başlan ogluny 
sallançakdan aldy, ýassyga gyşaryp ýanap başlady 
(B. Soltannyýazow). 2. gepl.d. Hiňňildik, bat. Ol gyz-
da sallançak uçýar welin, goltugyndan şaýlar goýurt-
goýurt ediberen (

Türkmen halk ertekileri

). 
Sallançagyny üwrän ýaly äsgermezlik, özüçe 
görmezlik. Sallançak bagy sallançagy üwremek üçin 
nagyş salnyp örülen ýa-da işilen inçe ala ýüp. 


235 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   405   406   407   408   409   410   411   412   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling