Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SALLAŞMAK, işl. Sallamaga kömek etmek.  Guýa gowa sallaşyp, suw çekişmek.  SALLATMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet411/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   407   408   409   410   411   412   413   414   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SALLAŞMAK, işl. Sallamaga kömek etmek. 
Guýa gowa sallaşyp, suw çekişmek. 
SALLATMAK, işl. Sallamak işini başga birine 
etdirmek. Guýa bedre sallatmak. 
SALMA Iiş ady. Salmak ýagdaýy. 
SALMA IIat. Ekin ýerlere suw tutmak üçin ene 
ýapdan bölünip gidýän kiçi ýap, aryk. 
SALMAK, işl. 1.Jaý, ymarat we ş.m. bina etmek, 
gurmak. Bu görünýän owadan jaýlaryň köpüsini şol 
salypdy (B. Pürliýew). 2. Bir zadyň içinde goýmak, 
içinde, iç ýüzünde ýerleşdirmek, gapgarmak. Gap 
böwürde Akgyz köne horjuna çaý, çörek, tüňçe, käse 
salyp, garabaşyna gaý bolup otyrdy (G. Kulyýew). 3
Işe, okuwa, bir wezipä we ş.m. ýerleşdirmek, kabul 
etdirmek. Ony ol ýerdäki pagta arassalaýan kärhana 
eltip işe saldym (B. Seýtäkow). 4. Bir zady ikinji bir 
zada geýdirmek, dakmak. Ýabynyň rişmesini salyp, 
aýagyny çözdi (A. Durdyýew). 5. Bir zady bir tarapa 
batly zyňmak, taşlamak. Çagalar ellerine gar 
tokgalap, oňa salýardylar (A. Gowşudow). Onuň 
yzyndan kesek saldy. 6. Nyşan, bellik etmek. Tagma 
salmak. 7. Ýazmak, düşek atmak. Düşek salyň, 
ýatalyň. 8. Ötürmek, içine girizmek. 9. Toý ýerine 
eltilen sowgat üçin onuň gaýtargysy hökmünde bir 
zat bermek. Gelin toýuna köýneklik, ýüň gyňaç 
äkitdim, yzyna bir öwsüm pişme bilen ýüň ýaglyk 
salypdyrlar10. Kömekçi işlik hyzmatynda öňünden 
gelýän isimleriň manysy bilen baglanyşykly hereketi 
aňladýar: At salmak çapmak, gaty ylgamak. Bedew 
ölse, meýdan galar armanly, Hak yşkyna at sal 
meýdan ýoluksa (Magtymguly). Diň salmak biriniň 
ýa-da bir zadyň sesini eşitjek bolup ünsli diňlemek.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   407   408   409   410   411   412   413   414   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling