Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SALYR-SARYK [salyr-sa:ryk]: salyr-saryk ýoly


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet413/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   409   410   411   412   413   414   415   416   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SALYR-SARYK [salyr-sa:ryk]: salyr-saryk ýoly 
Mary sebitleriniň bagşylarynyň aýdym aýdyş usuly. 
Bagşyçylygyň bu ýoluna jukguldy, hümmüldi 
häsiýetlidir
SALYŞiş ady. Salmak ýagdaýy. 
SALYŞDYRMAK, işl. Bir ýanyndan salyp, 
gurup, ýerleşdirip başlamak. Nabat eje onuň 
düşeklerini öýüne salyşdyrdy (A. Durdyýew).
SALYŞMAK, işl. 1. Salmaga kömek etmek. 2
Bile salmak. 3gepl.d. Biri bilen dawalaşmak.
SAMAÇAW 
[samaçow], 
at. 
Boýunturuk 
agajynyň deşiklerinden sokulyp, malyň boýnunyň iki 
gapdalyndan geçirilýän gysga agaç. Eýsem-de bolsa, 
öz işini çig galdyrmazlyk üçin, boýunturugyň 
samaçawlaryny öküzleriň alkymynyň aşagyndan 
daňypdyr (B. Kerbabaýew).
SAMAHYLLABERMEK [samahylla:vermek], 
işl. Samahyllap başlamak, bolgusyz gürläbermek, 
ýaňrabermek. Näme birden bolar-bolmaz zatlary 
samahyllaberdiň?! 
SAMAHYLLAMA, iş ady. Samahyllamak 
ýagdaýy. 
SAMAHYLLAMAK, işl. Bolgusyz gürlemek, 
biderek, ugursyz gürrüň etmek, lakgyldamak, 
ýaňramak. Sen beýdip köp samahyllap oturma-da, 
tizräk ugra. 
SAMAHYLLAMAZLYK, iş ady. Bolgusyz
gürlemezlik, lakgyldamazlyk. 
SAMAHYLLAŞMAK, işl. Birnäçe bolup 
samahyllamak, ýaňramak, bolgusyz zatlary aýtmak. 
Häzir iş wagty, samahyllaşyp durmaga pursat ýok (B. 
Kerbabaýew).
SAMAHYLLATMAK, işl. Samahyllamaga ýol 
bermek, mümkinçilik döretmek, bolgusyz gürletmek, 
lakgyldatmak. 
SAMAHYLLAÝYŞ, iş ady. Samahyllamak 
ýagdaýy. 
SAMAHYLLY,at. Ugursyz, bolgusyz, biderek 
gürrüň. Nurjan onuň samahyllysyna çigit ýalyjak-da 
ähmiýet bermedi (B. Kerbabaýew).  
SAMAN [sa:man], at. Döwlen bugdaýyň, 
arpanyň we ş.m. owranan sypaly. Gülälek ýapraklary 
bürşüp, solan otlaryň samany sargylt öwsüp, aýak 
astynda aýaz degen gar ýaly ykyrdaýardy (B. 
Kerbabaýew).  
Saman astyndan suw goýberen baryp ýatan 
mekir, hilegär. Ol saman astyndan suw goýbereniň 
biridir. Saman kelle akylsyz, akmak. Belki, öz deň-
duş oglanlary oňa: – Sen saman kelle – diýip 
igenerler (B. Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   409   410   411   412   413   414   415   416   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling