Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SAMANHANA [sa:manha:na], at. Saman  saklanýan jaý, tam, kepbe. Pişigiň ýyndamlygy  samanhana çenli.  SAMMYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet414/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   410   411   412   413   414   415   416   417   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAMANHANA [sa:manha:na], at. Saman 
saklanýan jaý, tam, kepbe. Pişigiň ýyndamlygy 
samanhana çenli. 
SAMMYKsyp., gepl.d., serSamsykÖzüň ýaly 
sammykdyr öýdýärmiň? 
SAMMYKLABERMEK 
[sammykla:vermek], 
işl. Kimdir birine ugrunda ýok biderek sözleri 
aýdybermek. Näme birden sammyklaberdiň? 
SAMMYKLAÇ, 
syp. 
Gepi-sözi 
ugursyz, 
samsyklaç. 
SAMMYKLAMA, iş ady. Sammyklamak 
ýagdaýy. 
SAMMYKLAMAK, işl. Kimdir birine ugrunda 
ýok biderek sözleri aýtmak. Bagyşlaň, men ýersiz-
ýere sammyklaýdym öýdýän (R. Gelenow). 
SAMMYKLAMAKLYK, iş ady. Sammyklamak 
ýagdaýy. Şol ýerde sammyklamaklyk nämä gerekdi. 


237 
SAMMYKLAMAZLYK, iş ady. Ugrunda ýok 
biderek sözleri aýtmazlyk. 
SAMMYKLAŞMAK
işl
Birnäçe 
bolup 
bilelikde sammyklamak. Sammyklaşyp oturmaň-da, 
işiňiz bilen boluň! 
SAMMYKLATMAK
işl. 
Sammyklamaga 
mümkinçilik bermek, ýol bermek. Gowusy, ony 
sammyklatmaň! 
SAMMYKLAÝYŞ, iş ady. Sammyklamak 
ýagdaýy. 
SAMMYKLYKsyp. Sammygyň gylyk-häsiýeti, 
samsyklyk. Ene, aý ene! Amanyň sammyklygyna 
seret-le! (B. Kerbabaýew).
SAMMYKSYRAMAK, işl. Sammyk bolan 
bolmak. 
SAMMYLDABERMEK 
[sammylla:vermek], 
işl. 
Sammyldap 
başlamak, 
ugursyz 
gürrüň 
aýdybermek. Agzyňa gelenini sammyldaberme-de, 
işiň bilen bol. 
SAMMYLDAMA 
[sammyllama], 
iş 
ady. 
Sammyldamak ýagdaýy. Günüň ýaryny bolgusyz 
sammyldama bilen geçirdiň. 
SAMMYLDAMAK 
[sammyllamak], 
işl. 
Bolgusyz, ugursyz zatlar hakynda sözlemek, ugursyz-
utgasyz gürlemek. Iň gowusy sammyldama-da, gowy 
sür-de ugra! (G. Muhtarow). 
SAMMYLDAMAKLYK [sammyllamaklyk], iş 
ady. Sammyldamak ýagdaýy.  
SAMMYLDAMAZLYK [sammyllamazlyk], iş 
ady. Ugursyz zatlary gürlemezlik. 
SAMMYLDAŞMAK 
[sammyllaşmak], 
işl. 
Birnäçe bolup sammyldamak. Sammyldaşyp 
oturmakdan görýän peýdaňyz näme?  
SAMMYLDATMAK 
[sammyllatmak], 
işl. 
Kimdir birini bolgusyz gürletmek, sözletmek. Şol 
oturany bir biderek sammyldatmaň, başlasa 
soňundan goýduryp bolmaz. 
SAMMYLDAÝYŞ [sammyllaýyş], iş ady. 
Sammyldamak ýagdaýy. 
SAMRAMAiş ady. Samramak ýagdaýy. 
SAMRAMAK, işl. 1. Gaty gyzdyryp ýa-da 
düýşürgäp ýatan adamyň aýdýan her hili sözleri. 
Belki ýatanda düýşünde-de şeýle sözler samraýandyr 
(B. Kerbabaýew). 2gepl.d. Bolgusyz, biderek gürrüň 
etmek, boş samahyllamak, ýaňramak, sammyldamak. 
Ýigit bardyr, sana geçmez, Samrar otyr, üýni öçmez 
(Mollamurt).
SAMRAMAKLYK, iş ady. Samramak ýagdaýy. 
Gerekli-gereksiz samramaklygyň soňy abatlygyň 
üstünden eltmez. 
SAMRAMAZLYKiş ady. Düýşüňde alasarmyk 
sözler aýtmazlyk, biderek gürrüň etmezlik.
SAMRAŞMAK, işl. Köp bolup, bilelikde 
samramak. 
SAMRATMAK, işl. Samramak derejesine 
ýetirmek, samramagyna sebäp bolmak, samramaga 
mejbur etmek. Agyr gyzamyk çykarýan çagajygyň 
gyzgynynyň gaty galmagy ony samradyp ugrady. 
SAMRAÝYŞ,iş ady. Samramak ýagdaýy. 
SAMSAM,at. Samsyk. Samsam adam bilen 
oturma, turma (Magtymguly). 
SAMSAM [samsa:m], at, kön.s.Kesgir, ýiti gylyç. 
Samsam gylyç bilen, düldül at bilen Tagty-sera degin 
bargan Alydyr (Magtymguly). 
SAMSYGRAK [samsyğyra:k], syp. Akyly 
kemräk; çalarak samsyk. 
SAMSYK, syp. 1. Akyly kemter, ugursyz, 
kelesaň. Ýok, meniň özüm samsyk, size ynanyp, 
biriňize-de gözegçilik etmändirin (

Edebiýat we 
sungat

). 2. Käýinilip aýdylýan söz, käýinç sözi. 
Samsyk gürrüň ugur-utgasyz aýdylan gürrüň, 
söz. Munuň aýdýan samsyk gürrüňine seret-le! (B. 
Kerbabaýew). 
SAMSYKLABERMEK [samsykla:vermek], işl. 
Samsyklap başlamak. 
SAMSYKLAÇ,syp. Akyly kemräk, akyly gelip 
gitmeliräk, kelesaňrak. Onuň özüni samsyklaç alyp 
barşyna hem-ä gülkim tutdy, hem-de gaharlandym 
(H. Garabaýew).
SAMSYKLAMA
iş 
ady. 
Samsyklamak 
ýagdaýy.
SAMSYKLAMAK, işl. Akyly kemlikden 
bolgusyz zatlar aýdyşdyrmak.
SAMSYKLAMAKLYK, iş ady. Samsyklamak 
ýagdaýy. 
SAMSYKLAMAZLYK, iş ady. Samsyklyk 
etmezlik. 
SAMSYKLATMAK, işl. Birine samsyk gürrüň, 
hereket etdirmek. 
SAMSYKLAÝYŞ
iş 
ady. 
Samsyklamak 
ýagdaýy. 
SAMSYKLYK, at. Samsygyň bolşy, gylyk-
häsiýeti. Bir gezek samsyklyk etdim. 
Samsyklyga salmak samsyk ýaly bolmak, 
özüňi samsyk edip görkezmek, samsyksyramak. 
Samsyklyga salyp, oňa sag adamyň aýdyp bilmejek 
sözüni aýtdyp goýberipdir.  
SAMSYKSYRAMAK, işl. Özüňi samsyklyga
salan bolmak, samsyk ýaly görünjek bolmak. 
SAMYRat. Goňur sütükli we gymmatbaha derili 
kiçiräk haýwan. Samyr derisinden gulakçynymyň, 
Nemlenen 
bagjygy 
doňdy 
bada-bat 
(B. 
Hudaýnazarow).
SAMYRDAMAKişl., ser. Öz ugruna bir zatlar 
gürlemek, samramak.Ol käýarym bir zatlar 
samyrdaýardy. 
SAMYRDAŞMAK, işl., ser. Samraşmak
Samyrdaşyp oturmasaňyz-la! 
SAMYRDATMAK, işl. Birini samyrdamaga 
mejbur etmek. Gyzgyn ýokary galyberse, adamy 
samyrdadýar. 
SAMYRDY, at. 1. Ugursyz-utgasyz ýaňrama, 
boş samahylly gürrüň. 2. Huş ýitirilende ýa-da düýş 
görlende edilýän manysyz gürrüň. 
SAMYR-SAMYR
s.ş.aňl.söz. 
Düşnüksiz 
samralyp oturylanda eşidilýän sesler. Samyr-samyr 
edip, halys ýadatdyň-la.


238 
SAMYR-SUMUR,at. 
Düşnüksiz 
samyrdyly 
gürrüň. – Bir azajyk ýataýyn, nahary soň iýerin – 
diýip, ukynyň alasarmyklygynda samyr-sumur etdi. 
SAMYRTORBA 
[samyrto:rvo], 
at. 
Guýy 
gazylanda gum çykarmak üçin ulanylýan berk 
dokalýan torba. 
SAMYRURGAN [samyrurğon], at. Guýy 
gazylanda gum çekmek üçin samyrtorba berkidilýän 
üç bükdürilip işilen berk ýüp. Samyrurgan uzynrak 
boldugyça işiň öndürijiligi hem artýar. 
SAMY-SUMY,at, 
ser. 
Samyr-sumur.– 
Tüweleme, aw ganly-da, tüweleme! – diýip, samy-
sumy etdi (

Edebiýat we sungat

). 
SAN [sa:n], at. 1. Bir zadyň hasabyny ýöretmek 
üçin mukdar düşünjesi, ululyk. Bitin sanlar. Drob 
sanlar. Rasional sanlar2. Zatlaryň, hadysalaryň we 
ş.m. mukdaryny, tertibini aňlatmak üçin hyzmat 
edýän belgi. Gazetiň soňky sanynda. 3. dil b. 
Grammatikada: hasap-hesip işinde zatlaryň 
mukdaryny, tertibini aňladýan söz topary. Mukdar we 
tertip bildirýän sözlere san diýilýär. 4. göç.m. 
Hatarda, hasapda görülmeýän (adam hakynda). Ol 
ýöne bir gury san. 
Sana geçmek (geçirmek) belli bir derejede 
hasap edilmek, bir zadyň hataryna goşulmak. Şeýdip, 
janlarym, illäp-günläp, kel gyzy äre beren ýaly, 
muny-da bir sana geçireliň (A. Durdyýew). Sana 
goşmak (salmak, getirmek) 1) agyr hassany bejerip, 
adam etmek. Baku şäherinde bir keselhana, Meredow 
Welini goşupdy sana (B. Hudaýnazarow). 2) gowy 
adam edip ýetişdirmek, il hatarynda gowy terbiýe 
bermek. Sana goşulmazlyk adam hatarynda 
görülmezlik. Hiç sana goşulmaz, bir göze ilmez, Her 
ýigidiň golda maly bolmasa (Zelili). Sana 
kowalaşmak ýerine ýetirilýän işiň sanyny artdyryp, 
hiline üns bermezlik. Bu işde sana kowalaşmaga ýol 
bermek bolmaz. San belgisi kybapdaş, meňzeş 
zatlaryň içinde bir zadyň tertibini görkezýän san, 
nomer. 100-nji san belgili karar. 5-nji san belgili 
buýruk. Awtomobiliň san belgisi. San bolmak 1) 
adamlaryň biri bolmak, adamlar hatarynda durmak. 
Gezer erdim, il içinde san bolup, Gymmatdan düşüp 
men, derde hun bolup (Magtymguly). 2) abraýly 
adamlar hatarynda bolmak. Hyrka geýip, il içinde san 
bolsam (Magtymguly). San çalyşmasy sözlemde, 
esasan, sanlaryň ýerine ulanylýan sözler. Sandan 
aýrylmak at-abraýlylar hataryndan çykmak. Han 
hezretiň köňli bitdi, Biz weli sandan aýryldyk (Seýdi). 
Sandan çykan 1) harap bolan, zaýalanan. Sandan 
çykan araba. 2) ters ýola düşen. Düzelmeseň, sandan 
çykan adam bolarsyň. Sandan galmak 1) 
ulanmakdan galmak, halys könelmek. Sandan galan 
içmek. 2) zähmet ukybyny ýitirip iş-güýçden galmak, 
garramak, deregiň dagamak. Ony açyp-ýapmak 
sandan galan adamlaryň birine ynanylsa-da, oňarlar 
(

Edebiýat we sungat

). San gara elinden iş 
gelmeýän, iş oňarmaýan adam. Oňa ýöne bir sangara 
diýäýmeseň, bary-ýogy deňdir, elinden iş gelýän 
däldir. San ýokluk adam hatarynda görülmezlik.
SANABERMEK [sana:vermek], işl. Sanap 
başlamak. – Men ony sanabereýinmi? diýip, 
garşydaşynyň ýüzüne soragly bakdy. 
SANAÇ, at. Geçi ýaly öý haýwanlarynyň derisi 
eýlenip, bujaklary daňlyp ulanylýan deri gap. Garry, 
sen menden bir sanaç uny köpräk iýensiň, sen ýagşa-
ýamana düşünmelisiň (A. Durdyýew).
 Sanajyna ýel bermek her hili gürrüňler, sözler 
bilen ýüregini çişirmek. 
SANADYLMAK [sa:nadylmak], işl. Kimdir 
birine jemini, mukdaryny hasaplatmak. Şolaryň näçe 
gezek sanadylandygyndan habaryň barmy? 
SANAGLY [sa:nağly] Iat. 1serSanalgy 2
Rubagy ýazýanlar sanagly bolar, Hemmesi-de ilde 
soragly bolar (K. Gurbannepesow). Sanagly günde
baryp geldi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   410   411   412   413   414   415   416   417   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling