Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet415/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   411   412   413   414   415   416   417   418   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SANAGLY [sa:nağly] IIat. Adama berlen ömür. 
◊ Sanaglysy dolmak ömür tanapy kesilmek, ajaly 
ýetmek, ölmeli wagty gelmek.  
SANALGY [sa:nalğy], at. 1. Öňden sanalyp 
goýlan, hasaby çykarylan, sany belli edilen. 2. ser
Sanly 1.  
SANALMAK [sa:nalmak], işl. Sany sanamak 
arkaly belli edilmek, anyklanmak. Onuň bakýan 
sürüsi sanaldy. 
SANAMA [sa:nama], 1. iş ady. Sanamak 
ýagdaýy. 2.ser. Sanawaç 2
SANAMAK [sa:namak], işl. Bir zadyň sanyny, 
mukdaryny, jemini hasaplap bilmek, hasaplamak.
SANAMAKLYK [sa:namaklyk], iş ady. Sanamak 
ýagdaýy. 
SANAMAZLYK [sa:namazlyk], iş ady. Bir 
zadyň sanyny, mukdaryny hasaplamazlyk. 
SANAŞDYRMAK [sa:naşdyrmak], işl. 1
Birnäçe zady sanap çykmak. 2Birnäçe zadyň adyny, 
sanyny yzly-yzyna aýtmak, diýmek. Ol bir topar 
zatlaryň adyny sanaşdyryp başlady (J. Akyýew).
SANAŞMAK [sa:naşmak], işl. 1. Bir topar zady 
sanap çykmak. 2. Biri bilen bir zadyň jemini 
hasaplamak. – Iň gowusy, ýaş sanaşalyň, kimiň ýaşy 
uly bolsa, şol iýmeli – diýip, bir maslahat tapan 
(

Türkmen halk ertekileri

). 3. göç.m. Biri bilen 
gygyryşmak, sögüşmek, sene-mene edişmek. Meniň 
bilen sanaşmaga geldiňmi ýa-da başga ýumşuň 
barmy? (B. Seýtäkow). 
SANAŞYK [sa:naşyk], at, taryh. Ýer, suw
paýlanyşygynda sanawa girizmek düzgüni. Suw 
sanaşygynda, 
hada 
paýlanyşygynda, 
nobat 
aýlanyşygynda, seniň, asyl köpiňiziň agzyňyz mumly 
ýaly (B. Kerbabaýew). 
SANATMAK [sa:natmak], işl. Bir zadyň sanyny 
birine hasaplatmak. Şolary bir-birden sanatdym. 
SANAW [sa:now], at. Bir zadyň sany, jemi, 
möçberi, mukdary hakynda maglumat.
SANAWAÇ [sa:nowa:ç], at, edeb. Oýunda 
eşekçini, döwçini, kimiň çykyp, kimiň galýandygyny 
belli etmek üçin sanalýan, ýerine ýetirilýän şahyrana 
halk döredijiliginiň bir görnüşi. – Ogul ýaşy uzyn 
bolsun! – diýip, tükeniksiz sanawaçlar sanarlar (A. 
Gowşudow).


239 
SANAWÇY [sa:nowçy], at, mat., ser. Sanawjy. 
SANAWJY [sa:nowjy], at, mat. Drobuň 
üstündäki bölünýän san.  
SANAÝYŞ [sa:naýyş], iş ady. Sanamak
ýagdaýy.
SANÇDYRMAK [sanyşdyrmak], işl. 1. Sanjym 
etdirmek. 2. Ujy ýiti bir zady biriniň kömegi bilen 
dürtmek. 3. Agaç nahalyny ekdirmek, şitili 
oturtdyrmak. 4. lukmanç. Keseliň öňüni almak üçin, 
ýörite iňňe bilen derman goýbertmek.
SANÇGY [sançğy] Iat, lukmanç., serSanjym.
SANÇGY [sançğy] IIat. Balygy sanjyp tutmak 
üçin ujuna üç sany demir çiş berkidilen uzyn taýak.
SANÇMA, iş ady. Sançmak ýagdaýy.
SANÇMAK, işl. 1. Ujy ýiti çişi, iňňäni we ş.m.
bir zada çümdürmek, dürtmek, sokmak. 2. Agaç 
nahalyny ekmek, şitil oturtmak. Ýere sanjan zadyň 
hasyl berer. 3. lukmanç. Bedene ýörite iňňe arkaly 
derman goýbermek. Towuklaryň bir ýanyndan 
ählisini sanjyp çykmak Şüküre iki-üç gün iş boldy (T. 
Gurbanow).  
SANÇMAKLYK, iş ady. Sançmak ýagdaýy.
SANÇMAZLYK, işl. Sançmak işini etmezlik.
SANDAL [sannal], at. Demir, kümüş ussalarynyň 
üstünde demir we ş.m. süýmek, ýençmek üçin 
aýratyn görnüşli uly demir ýassygy. Ýekedaban 
bolsaň – urmak ýaraşar, Sandal bolsaň – çydap 
durmak ýaraşar (K. Gurbannepesow).
SANDAŞ [sa:nnaş], syp. San taýdan deň. Orta 
boýly bugdaýyň içinde egri oragy aýlap salýan 
orakçylar, selçeň gögeren günebakar bilen sandaşdy 
(B. Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   411   412   413   414   415   416   417   418   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling