Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet410/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   406   407   408   409   410   411   412   413   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Sallançak kilim sallançak etmek üçin ýörite 
nagyşlanyp dokalýan kilim. Sallançak ýüpi sallançak 
gurmak üçin işilen ýa-da örülen ala hem ýogyn ýüp. 
SALLANJYRABERMEK [sallanjyra:vermek], 
işl. Sallanjyrap başlamak. 
SALLANJYRAMA, iş ady. Sallanjyramak 
ýagdaýy. 
SALLANJYRAMAK, işl. Sallanybrak, ýüzüňi 
aşak salyp ýöremek, süýnüp-sarkyp näzli ýöremek. 
Onuň aý ýaly ýüzi, sallanjyrap ýöreýşi Soltansöýnüň 
bütin durmuşyny özüne çekipdir (

Myraly

). 
SALLANJYRAMAKLYK
iş 
ady. 
Sallanjyramak ýagdaýy. 
SALLANJYRAŞMAK
işl. 
Bilelikde 
sallanjyramak. 
Gyz-gelinler 
giň 
köçe 
bilen 
sallanjyraşyp barýardylar. 
SALLANJYRAÝYŞ,iş 
ady. 
Sallanjyramak 
ýagdaýy. 
SALLANMA,iş ady. Sallanmak ýagdaýy. 
SALLANMAK,işl. 
1.Ýokardan 
aşaklygyna 
goýberilmek. 2. Özüňi beýik ýerden aşak 
goýbermek. Ol erik agajynyň berdaşly şahasyndan 
sallanyp ýere düşdi. 3. Çala ýere bakybrak, aýagyňy 
ýuwaşlyk bilen ýerden göterip ýöremek. Bag içine 
ýar sallanyp girende, Bilbiller saýramaz, haýrana 
galar (Mollanepes). 4. Sallangy ýagdaýda bolmak, 
asylyp durmak. Bişen iri-iri armytlar sapagyndan 
sallanyp, şahalarynyň başyny aşak egipdir
SALLANYŞ,iş ady. Sallanmak ýagdaýy. 
SALLANYŞMAK,işl. 1.Köp zat sallanyp 
durmak. Käsi suw kädi, käsi süýt kädi sypatynda 
dürli reňkdäki armytlar şahalarda sallanyşyp 
görünýär (B. Kerbabaýew). 2. Birnäçe bolup 
sallanyp ýöremek (serSallanmak 3). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   406   407   408   409   410   411   412   413   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling