Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SALGYLANYŞ  [salğylanyş],  iş  ady.  Salgylanmak ýagdaýy.  SALGYM


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet407/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   403   404   405   406   407   408   409   410   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SALGYLANYŞ 
[salğylanyş], 
iş 
ady. 
Salgylanmak ýagdaýy. 
SALGYM [sa:lğym], at. 1. Köplenç, günortanyň 
tüp yssy wagty gözýetimiň aňyrsynda ýok ýerden 
giden suwly ýeriň sudurynyň görünmegi arkaly ýüze 
çykýan hyýaly şekil. 2. Bir zadyň ýalan, bolup 
bilmejek alamaty.
Salgyma çapmak (kowalaşmak) bir zadyň 
anygyna ýetmän hereket etmek, biderek selpemek
zähmet çekmek. Salgym atmak salgymlap çala 
görünmek, ümezläp görünmek. Öýleriň hemmesi 
salgym atyp göründi (N. Saryhanow). Alys ýerden 
salgym atyp gözel jaý, Diýdirýär hiç ýerde ýokdur 
muňa taý (A. Kekilow).
SALGYMLAMA 
[sa:lğymlama], 
iş 
ady. 
Salgymlamak ýagdaýy. 
SALGYMLAMAK [sa:lğymlamak], işl. Salgym 
atyp görünmek, daşdan çala görünmek, ümezläp 
görünmek. Oba salgymlap görünýär. 
SALGYMLAMAKLYK [sa:lğymlamaklyk], iş 
ady. Salgymlamak ýagdaýy. 
SALGYMLANMAK 
[sa:lğymlanmak], 
işl. 
Daşdan çala görünmek, salgymlap görünmek. Üç-
dört sany ot küdesi çala salgymlanyp görünýärdi (G. 
Kulyýew). 
SALGYMLAÝYŞ [sa:lğymlaýyş], iş ady. 
Salgymlamak ýagdaýy. 
SALGYT [salğyt], at. 1. Döwletiň kanun 
tarapyndan kesgitlenen düzgünlere laýyklykda 
kärhanadan, edaradan, adamlardan alýan hökmany 
ýygymy. Girdeji salgydyGoşmaça gymmat salgydy
2. Gyzyň hossary tarapyndan gelin edinjek tarapa gyz 
üçin talap edilýän töleg, galyň. Sawçylar gyzyň 
salgydyny soranda, Gül şu aşakdakylary sanapdyr 
(

Myraly

). 
SALGYTÇY [salğytçy], at. Salgyt, ýygym 
ýygnamak işini alyp barýan adam. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   403   404   405   406   407   408   409   410   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling