Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet403/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   399   400   401   402   403   404   405   406   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAKYNJYRAMAK, işl. Sakynybrak geplemek. 
Ol ýylnandan soň, bu wagtlar näme üçin gelendigini 
howlukman, käýerde sakynjyrap, käýerde sözleri 
gaýtalap, ýaşula gürrüň berdi (B. Seýtäkow).
SAKYNMA,iş ady. Sakynmak ýagdaýy.
SAKYNMAK,işl. Gepläp durkaň birden sözüň 
arasyny bölüp-bölüp aýtmak. Zordan goşa bardy, ak 
tamdy ýüzi, Haşylap sakynýar, sakaw dek özi (Ç. 
Gurbangylyjow). 
SAKYNMAKLYKiş ady. Sakynmak ýagdaýy. 
SAKYNMAZLYKiş ady. Sakynyp geplemezlik. 
SAKYNYBERMEK 
[sakynyvermek] 
işl. 
Sakynyp ugramak.. 
SAKYNYŞiş ady. Sakynmak ýagdaýy. 
SAKYNYŞMAK, işl. Bilelikde sakynmak 
(birden köp bolup). Kimden gorkýarsyňyz, ýöne 
sakynyşyp dursuňyz
SAKYRDABERMEK [sakyrda:vermek], işl. 
Sakyrdap ugramak. 
SAKYRDAMA,iş ady. Sakyrdamak ýagdaýy.
SAKYRDAMAK, işl. Dyngysyz gürlemek, 
arasyny üzmän köp geplemek; ýaňramak. Men 
sakyrdap, seni güýmäp durmaýyn. 
SAKYRDAMAKLYK, iş ady. Sakyrdamak 
ýagdaýy. 
SAKYRDAMAZLYK
iş 
ady. 
Sakyrdap 
oturmazlyk, köp gürlemezlik. Oglanlar, ozalam 
kelläm agyryp dur, sakyrdaman otursaňyzlaň.
SAKYRDAŞMAK
işl. 
Birnäçe 
bolup 
sakyrdamak. Şonuň üçin ol bular bilen kän 
sakyrdaşyp oturmady. 
SAKYRDATMAK
işl. 
Sakyrdamaga 
mümkinçilik bermek. Näme ony sakyrdadyp otyrsyň? 
SAKYRDAÝYŞiş ady. Sakyrdamak ýagdaýy. 
SAKYRDY, 
at. 
Dyngysyz 
gürrüň, 
yzy 
üzülmeýän, gutarar ýerde gutarmaýan manysyz 
gürrüň. Elini salgady-da, onuň sakyrdysyna gulak 
asman, ýüzüniň ugruna ýöräp gitdi (B. Kerbabaýew). 


232 
Diýdi: – Dogan, sakyrdyň, Halys ýüregime düşdi (M. 
Garryýew). 
SAKYR-SAKYR: sakyr-sakyr etmek ser. 
Sakyrdamak. Ýaňky adam pil diýip gelipdir-de, 
sakyr-sakyr edip, gulak etimi iýdi (B. Seýtäkow). 
SAKYRTGA,at. Mallaryň bedenine ýapyşyp, gan 
sorup ýaşaýan köp aýaklyja möjejik. Sähelçe 
hapaçylyk bolsa, sakyrtga peýda bolýar (K. 
Berdiýew). Günleriň birinde bir göle, bir geçi we bir 
sakyrtga şärikli ekin ekmäge çykanlar (

Türkmen 
halk ertekileri

). 
Sakyrtga dönmek mydama biriniň ýanyndan 
aýrylman ýöremek. Edil sakyrtga döndi, ýapyşdy, 
aýrylmady. Sakyrtga sykan ýaly önümsiz. Sakyrtga 
ýaly bolup dynnym ýaly bolup, dynnym ýaly halyna. 
Sakyrtga ýaly bolup, iş diýip ýapyşyp ýatyr.
SAKYRTGALABERMEK [sakyrtgala:vermek], 
işl. Sakyrtga düşüp başlamak. Hapa ýatakda 
janawarlar sakyrtgalaberdi. 
SAKYRTGALAMA, iş ady. Sakyrtgalamak 
ýagdaýy. 
SAKYRTGALAMAK, işl. Sakyrtga düşmek, 
sakyrtga basmak. Ýaş köşekler sakyrtgalapdyr. 
SAKYRTGALAMAKLYK, 
iş 
ady. 
Sakyrtgalamak ýagdaýy. 
SAKYRTGALAMAZLYK, iş ady. Sakyrtga 
düşmezlik. 
SAKYRTGALATMAK, işl. Sakyrtgalamagyna 
ýol bermek, sakyrtga düşer ýaly etmek. Düýeleriň 
ýatagyna seretmän, olary sakyrtgaladypdyrlar. 
SAKYRTGALAÝYŞ, iş ady. Sakyrtgalamak 
ýagdaýy. 
SAKYZ, at. Kepbegöwen, garnaýyç ýaly käbir 
ösümliklerden alynýan ýa-da olardan çykýan we 
senagatda ulanylýan şepbeşik önüm. Şükür bazar 
güni çaýhanadaky bagşynyň gyjakçysyndan kemençä 
çalar ýaly sakyz diledi (

Edebiýat we sungat


SAL [sa:l] I, at. 1. Gapanyň iki ýaý görnüşli 
agzyny gysyp durýan ýasy polat ýaýjyk. Gapan 
ýazypdyr, emma onuň üsti boşdy, gapanyň salyndan 
diňe bir zat sallanyp durdy welin, ol oda köselen 
goýun aýagyna meňzeýärdi (A. Gowşudow). 2. Işilen 
sapagyň we ş.m. zadyň bir dini, gaty. 
Saly gowşak tapdan düşen, özüne gurp edişi 
pes. Salyna (taryna) kakmak gürrüň üsti bilen 
biriniň pikirini ýa-da bir zady aňlajak bolmak, synap 
görmek, barlap görmek. 
SAL [sa:l] IIat. Suwda ýüzmek, suwdan geçmek 
üçin biri-birine berkidilip ýasalan birnäçe agaç. 
Ýolagçylar teriň suwda, Kä 

naw, taýmyl, sal

 diýip 
aglar (Zelili).
Salyň agmak ýagdaýyň agyrlaşmak, halyň 
harap bolmak. Saly (jany) suw üstünde galagoply 
ýagdaýda, howatyrly halda, gorky astynda. Ol kömek 
etmekden-ä geçen, özüniň saly suw üstündedi.  
SAL [sa:l] III, at, k.d.. Ýyl; ýaş. Ömür saly artar 
alkyş alanyň (Magtymguly). Güýç-kemala ýetişdiň, 
bardyň ýigrimi sala (Aşyky). 
SALA [sala:], at. Geňeş, maslahat. Sala salmak 
geňeş etmek, maslahat salmak. Ýaşululara sala 
saldyk. Sala salşyk döwlet durmuşynyň haýsydyr bir 
möhüm meselesi boýunça ählihalk ses berlişigi. 
SALAJYN: agzyňy salajyn goýberme 

agzyňa 
gelenini aýdyp, paýyş sözläp durma

diýen manyda 
ulanylýan aňlatma. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   399   400   401   402   403   404   405   406   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling