Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SAGMAKLYK [sağmaklyk], iş ady. Sagmak  ýagdaýy.  SAGMAZLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet399/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   395   396   397   398   399   400   401   402   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAGMAKLYK [sağmaklyk], iş ady. Sagmak 
ýagdaýy. 
SAGMAZLYK [sağmazlyk], iş ady. Sagmak işini 
ýerine ýetirmezlik. 
SAGRAK [sağrak], at, kön.s. Meý käsesi, meý 
jürdegi. Duşmanyň düşegine barmasyň, olaryň 
sagragyny sürmäsiň (

Kitaby dedem Gorkut

). 
SAGRAK [sağyra:k], syp. Saglyk ýagdaýy 
gowurak, sagdynrak.
SAGRY [sağry], at. Uly malyň bilinden 
guýrugyna çenli bolan aralyk. Näbelet atyň sagrysyny 
sypalama (Nakyl). Sypalap goýberseň, sagryňdan 
öter, Tursaň saçyň ýere deger, Akmeňli (Kemine). 
Sagry ädik uly malyň sagrysynyň eýlenen 
derisinden tikilen ädik. 
SAG-SALAMAT [sağ-sala:mat], hal. Aman-
esen, sag-gurgun.
SAG-SOL [sağ-so:l], at. Sag hem çep gapdal, 
tarap. Saga-sola garanjaklap oturmak. 
SAGT [sağyt], at. Adam bedeniniň guruwy, 
durky, ýasalyşy (serInçesagt).
SAGYBERMEK [sağyvermek], işl. 1. Sagyp 
ugramak; sagmak işini dowam etdirmek. 2. göç.m. 
Köplenç, aldaw bilen biriniň zadyny alybermek. 
SAGYLMAK [sağylmak], işl. 1. Saglyp süýdi 
alynmak. Saglan süýt. 2.Aldawçylyk bilen biriniň 
zady, puly we ş.m. alynmak. Ol aldawa düşüp, 
mazalyja saglanyny soň bilip galdy.  
SAGYM [sağym], at. 1. Maldan bir ýola saglyp 
alnan süýdüň mukdary. Sygryň ertirki sagymy.2
Mallardan süýt önümi saglyp alynýan döwür, wagt. 
Sagym golaýlaşýardy.  
Sagymyna bakmak biriniň malynyň süýdüni 
sagyp, özüň üçin peýdalanmak maksady bilen bakyp 
bermek. Sygyrlary sagymyna bakmak. 
SAGYMÇY [sağymçy], at. Sagymçylyk işi bilen 
meşgullanýan, sygyr, düýe, goýun, geçi sagýan aýal-
gyz. 
SAGYMÇYLYK [sağymçylyk], at. Süýt sagyp 
almak işi, käri, sagymçynyň ýagdaýy. Ol on ýyl bäri 
sagymçylyk edýär. 


228 
SAGYMLYK [sağymlyk], syp. Saglyp süýdi 
alynýan, sagyp süýdüni almaga niýetlenen. Sagymlyk 
düýe almak. 
SAGYNAKLABERMEK [sa:ğynakla:vermek], 
işl., gepl.d. Sagynaklap başlamak. Kakasyny 
görenden sagynaklaberdi. 
SAGYNAKLAMA [sa:ğynaklama], iş ady. 
Sagynaklamak ýagdaýy. 
SAGYNAKLAMAK 
[sa:ğynaklamak], 
işl., 
gepl.d. Bir zada garaşýan ýaly ýaýdanjyramak, belli 
netijä, karara gelip bilmän ýaýdanmak, ikirjiňlenmek. 
SAGYNAKLAMAKLYK [sa:ğynaklamaklyk], 
iş ady. Sagynaklamak ýagdaýy. 
SAGYNAKLAŞMAK [sa:ğynaklaşmak], işl. 
Birnäçe bolup sagynaklamak. 
SAGYNAKLATMAK [sa:ğynaklatmak], işl. Bir 
zatdan ýaýdandyrmak, ikirjiňletmek, çekindirmek. 
Onuň hyrsyz ýüzi, mähirsiz gözi gyzy biraz 
sagynaklatdy.  
SAGYNAKLAÝYŞ [sa:ğynaklaýyş], iş ady. 
Sagynaklamak ýagdaýy. 
SAGYNÇ [sa:ğynç], at, gepl.d. 1. Az wagtlyk 
aýak çekme, ýaýdanyp saklanma, togtaýyş, duruş, 
egleniş. Jaýa girmän, sagynç etdi. 2.Belli karara, 
netijä gelmekden az-kem saklanma, ätiýaç etme, 
birden aýgytly karara gelmän ýaýdanyş.
SAGYNÇLY [sa:ğynyşly], syp. 1. Ýaýdanar 
ýaly güne düşen, ýaýdançly. Gaýgyly är gojalar, 
sagynçly är saralar (Nakyl). 2. hal. Sagynç bilen, 
ýaýdanma duýgusynyň astyndan çykyp bilmän, 
ýaýdançly. Garry ene sagynçly gepledi (

Edebiýat 
we sungat

). 
SAGYNÇSYZ [sa:ğynşsyz], syp. Sagynman, hiç 
zat üçin ýaýdanman, derrew. Myrat bolsa hiç bir 
sagynçsyz: – Kaka, biz ol ýerimizi tagtdan çykaryp 
bilmeris – diýdi (A. Gowşudow). 
SAGYNDYRMAK 
[sa:ğynnyrmak],işl. 
Sagynmaga mejbur etmek. 
SAGYNJAŇ [sa:ğynjaň], syp. Sagynagan, 
ýaýdanagan, ýaýdanjaň. Sagynjaň adam. 
SAGYNJAŇLYK [sa:ğynjaňlyk], at. Sagynjaň 
häsiýetlilik. 
SAGYNJYRAMAK [sa:ğynjyramak], işl. 1
Sagynyp, saklanyp durmak, ýaýdanjyramak, az-kem 
garaşmak. Ol birneme sagynjyrady. 2.Belli karara, 
netijä gelmekden ätiýaç etmek, çekinjiremek, 
ýaýdanjyramak. 
SAGYNMA [sa:ğynma], iş ady. Sagynmak 
ýagdaýy. 
SAGYNMAK [sağynmak], işl. Süýdi özi üçin 
sagmak. 
SAGYNMAK [sa:ğynmak], işl. 1. Bir zada 
ýaýdanyp, az-owlak saklanmak, garaşmak, säginmek. 
Sag sagynýança, däli ogluny iki öýerer (Nakyl). 
Soňun gözläp, sagnyp sözlär, her işinde zyýan görse 
(Magtymguly). 2. Belli karara, netijä gelmekden 
çekinmek, bada-bat näme etjegini bilmän saklanmak, 
oýlanmak. 
SAGYNMAKLYK [sa:ğynmaklyk], iş ady. 
Sagynmak 
ýagdaýy. 
Ol 
meniň 
soragyma 
sagynmaklyk bilen jogap berdi. 
SAGYNMAZLYK [sa:ğynmazlyk], iş ady. 
Sagynyp durmazlyk, ýaýdanmazlyk. Ol mugallymyň 
soragyna sagynman jogap berdi.
SAGYNYBERMEK 
[sa:ğynyvermek], 
işl. 
Sagynyp durmak, sagynyp başlamak. 
SAGYNYLMAK [sa:ğynylmak]; işl. Bir zatdan 
ýaýdanyp, çekinip durulmak. 
SAGYNYŞ [sa:ğynyş], iş ady. Sagynmak 
ýagdaýy. 
SAGYNYŞMAK [sa:ğynyşmak], işl. Birnäçe 
bolup sagynmak. Sagynyşyp durmaň-da ýola düşüň! 
SAGYNYŞYK [sa:ğynyşyk], at. Sagynyp 
durmaklyk, ýaýdanjaňlyk, ýaýdanyşyk. Sagynyşyk 
esli wagta çekdi. 
SAGYR [sağy:r], at, k.d. Kiçi, ýaş çaga; ejiz. 
Sagyr erdik, kebir etdiň bizi sen (Azady). 
SAGYR, at, kön.s. Gulagy agyr, ker. Ýoluksa 
gözüňe güň-u sagyrlar, Olaryň halyna gülüji bolma 
(Magtymguly). 
SAGYŞ [sağyş], iş ady. Sagmak ýagdaýy. 
SAGYŞMAK [sağyşmak], işl. 1. Sagmaga 
kömekleşmek. Gyzy ejesine sygyrlaryny sagyşdy. 2
Bilelikde sagmak. Sagymçylar gara daňdandan sygyr 
sagyşyp ýördüler. 
SAHABA [saha:va], at. Muhammet pygamberiň 
ýaranlary we egindeşleri. Hemme sahaba serweri, 
Meni ýetir perizada (

Görogly

). 
SAHAP [saha:p], at. Kitabyň, depderiň we ş.m. 
galyň daşy, daş, jilt. 
SAHAPLABERMEK [saha:pla:vermek], işl. 
Kitabyň ýa-da depderiň daşyny sahaplamaga, 
daşlamaga başlamak. 
SAHAPLAMA [saha:plama], iş ady. Sahaplamak 
ýagdaýy. 
SAHAPLAMAK [saha:plamak], işl. Kitabyň, 
depderiň we ş.m. daşyna sahap etmek, daşlamak, 
jiltlemek. 
SAHAPLAMAKLYK [saha:plamaklyk], iş ady. 
Sahaplamak ýagdaýy. 
SAHAPLAMAZLYK [saha:plamazlyk], iş ady. 
Kitabyň, depderiň daşyny daşlamazlyk. 
SAHAPLANMAK [saha:planmak], işl. Kitabyň 
ýa-da depderiň daşy jiltlenmek, daşlanmak. 
Sahaplanan golýazma. 
SAHAPLAŞMAK 
[saha:plaşmak], 
işl. 
1
Sahaplamaga 
kömekleşmek. 
2
Bilelikde 
sahaplamak. 
SAHAPLATMAK 
[saha:platmak], 
işl. 
Sahaplamak işini başga birine etdirmek. 
SAHAPLAÝYŞ 
[saha:plaýyş], 
iş 
ady. 
Sahaplamak ýagdaýy.  
SAHAWAT [saha:wot / saha:wat], at. Eli 
açyklyk, sahylyk, jomartlyk. Ýagşylaryň ýagşylygyny 
aýt, sahawat gelsin, ýamanlaryň ýamanlygyny aýt, 
pälinden gaýtsyn (Nakyl). Halaýykda görelde ýok, 
görüm ýok, Baýlarynda sahawat ýok, berim ýok 


229 
(Magtymguly). Baý bolsaň kylgyl sahawat, Mal 
goldan gitmezden burun (Şeýdaýy). 
SAHAWATLY [saha:wotly / saha:watly], syp. 
Sahawat edýän. Sahawatly adam.
SAHAWATLYLYK 
[saha:wotluluk 

saha:watlylyk], at. Sahawaty barlyk, sahawatly 
bolmaklyk.
SAHAWATLYRAK 
[saha:wotlura:k 

saha:watlyrak], syp. Belli derejede sahawatly. Biraz 
sahawatlyrak bolsaňyz, hudaýyň özi sizi penasynda 
saklar. 
SAHNA,at.1. Oýun görkezilýän, çykyş edilýän 
ýörite ýer. 2.göç.m. Teatr; oýun goýmak sungaty. 
Onuň uzyn ömri diýen ýaly sahna bilen 
baglanyşyklydyrSahna eseri3. Romanda, pýesada, 
filmde suratlandyrylýan wakadan bir bölek. 3.göç.m. 
Üýtgeşik bir waka, goh-galmagal. Kyýas bu sahnany 
görüp, ellerini daldalatdy (N. Jumaýew). 
Sahnada goýmak pýesany (drama eserini, 
komediýany, tragediýany) sahnada görkezmek üçin 
oýun guramak, oýun taýynlamak, sahnalaşdyrmak.
SAHNALAŞDYRMA, iş ady. Sahnalaşdyrmak 
ýagdaýy. Baýramçylyk çykyşlaryny sahnalaşdyrma 
işleri. 
SAHNALAŞDYRMAK, işl. Çeper eseri teatr 
sahnasynda goýmak. Pýesany sahnalaşdyrmak. 
SAHNALAŞDYRMAKLYK
iş 
ady. 
Sahnalaşdyrmak ýagdaýy. Oýny sahnalaşdyrmaklyk 
işi. 
SAHNALAŞDYRMAZLYK, iş ady. Pýesany 
sahnada goýmazlyk. 
SAHNALAŞDYRYLMAK
işl. 
Sahnada 
goýulmak. Nurymowyň 

Epgegiň tepbedi

eseri 
şowly sahnalaşdyryldy (

Edebiýat we sungat

).
SAHNALAŞDYRYŞ, iş ady. Sahnalaşdyrmak 
ýagdaýy. Režissýoryň pýesany sahnaladyryşynda 
ussatlygy ýüze çykýar
SAHTsyp., k.d. Berk, gaty, pugta. Derýadan baý 
nedir, daşdan saht nedir (Magtymguly). 
SAHY [sahy: / sahy ], syp. 1. Eli açyk, gysganç 
däl, jomart, sahawatly. Sahylar şat bolar myhman 
gelende (Magtymguly). 2. Oglana dakylýan at. 
SAHYLYK [sahy:lyk], at. Eli açyklyk, gysganç 
dällik, jomartlyk. Emma Mähri bu sahylygyň yzynyň 
bir çöpüniň bardygyny aňlady (A. Gowşudow).
SAHYP [sa:hy:p], at, k.d. 1. Eýe, hojaýyn; uly 
wezipeli adam. Bu çarbagda birnäçe sahyplar, şa 
ogly şazadalar, beg ogly begzadalar seýil edip ýörer 
erdiler (

Zöhre – Tahyr

). 2. Dost-ýar.
SAHYPA [sahy:pa], at. Kitabyň, depderiň we 
ş.m. kagyzlarynyň bir ýüzi, bir tarapy. Onsoň onuň 
sahypalaryny göwünsizlik bilen agdaryşdyrmaga 
oturdym (N. Saryhanow). 
SAHYPALABERMEK [sahy:pala:vermek], işl. 
Sahypalap başlamak.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   395   396   397   398   399   400   401   402   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling