Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet396/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   392   393   394   395   396   397   398   399   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAGATMA-SAGAT [sa:ğatma-sa:ğat], hal. 1
Gymyldy-hereketiň amala aşan her bir sagady 
boýunça. Seniň işe gelen, işden gaýdan wagtlaryňy 
sagatma-sagat, hatda minutyna çenli belläp goýdum
2.Her sagatda, yzygiderli, yzyny üzmän. Şemal çäge 
depelerini emaý bilen sagatma-sagat, minutma-minut 
süýşürip barýandyr. 
SAGATSAÝYN [sa:ğassa:ýyn], hal. Sagat 
yzyndan sagat geçdigiçe. Ýazyň ilki aýlarynda howa 
sagatsaýyn üýtgeýärdi, birden bulutlaşyp şemal 
turýardy (B. Kerbabaýew). 
SAGBOLLAŞMAK [sağvolloşmok], işl. Biri 
bilen hoşlaşmak, sag bol diýişmek. Eýsem, şol 
hoşlaşykda il halky bilen sagbollaşyp, özi ýaly 
gerçeklere baş bolup, Watan goragyna meýletin giden 
ýigit kim? (

Edebiýat we sungat

). 
SAGBOLLAŞMAZLYK [sağvolloşmozluk], iş 
ady. Biri bilen 

sag bol

diýişmezlik. Onuň bilen 
sagbollaşman gidip biljek däl. 
SAGDAK [sağdak] I, at. Ýaýyň oky salnyp, 
heýkelleýin asylýan gap. Atam altyn sagdagym, enem 
unly bogdagym (Nakyl). Sagdagymda segsen okum 
bar, biri hata gitmez! (

Saýatly – Hemra

). 
SAGDAK [sağdak] II, at, dokm. Gölçäniň 
ortasyna, halynyň gyra nagşyna salynýan sekiz 
ýaprakly, bir ýa-da dört sany açylan güle meňzeş 
nagyş. Sagdak salnan gölçe. 
SAGDYN [sağdyn], syp. 1. ser. Sagat 1Sagdyn 
adam. 2. Güýçli, daýaw, gujurly. Sagdyn gollar. 3
göç.m. Bolgusyz pikirlere gulluk etmeýän, arassa, 
sap. Sagdyn pikirli adam
SAGDYNLAŞDYRMAK 
[sağdynlaşdyrmak], 
işl. Ýagdaýy, gatnaşygy gowulandyrmak. 


227 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   392   393   394   395   396   397   398   399   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling