Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet397/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   393   394   395   396   397   398   399   400   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAGDYNLAŞMAK [sağdynlaşmak], işl. 1. ser. 
Sagatlaşmak. Ol öňküsinden-de sagdynlaşdy. 2
Ýagdaý, durmuş, gatnaşyk gowulaşmak, berkleşmek. 
SAGDYNLYK [sağdynlyk], at1serSagatlyk
2. Ruhy-ahlak taýdan arassalyk. Jemgyýetde 
goňşusyna kömek etmek duýgusy höküm sürýän 
bolsa, onda bu milletiň ahlak taýdan sagdynlygyna 
şaýatlyk edýär (Gurbanguly Berdimuhamedow. 
Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek 
bagtdyr). 
SAGDYNRAK [sağdynyra:k], syp. Az-kem 
sagdyn. 
SAGDYRMAK [sağdyrmak], işl. 1. Sagmak işini 
başga birine etdirmek. Sygyr sagdyrmak. 2. Süýt 
bermek, süýdüni kesmezlik.Sygyr ýedi-sekiz aýa
çenli sagdyrýar. 3göç.m. Baýlygyň ep-esli bölegini 
iýdirmek, eliňden aldyrmak, ütdürmek. Ol işiňi 
bitirdim, bu işiňi etdim diýip aldap ýören kezzaba, 
baý, sagdyransyň-a
SAG-GURGUN [sağ-ğurğun], hal, ser. Sag-
aman.Olar hernä sag-gurgun gezişip ýörendirler-dä? 
(

Edebiýat we sungat

). 
SAG-GURGUNÇYLYK [sağ-ğurğunçuluk], at, 
ser. Sag-amanlyk. – Sag-gurgunçylykmy? – diýip 
sorady (B. Seýtäkow). 
SAG-GURGUNLYK [sağ-ğurğunluk],at, ser. 
Sag-amanlyk.
SAGLAK [sağlak], syp., ser. Saglakaý 
SAGLAKAÝ [sağlakaý], syp. 1. Çep eline 
garanda sag eli bilen, ýer depende bolsa, tersine, sag 
aýagy bilen däl-de, çep aýagy bilen piliň çep 
gulagyna basyp has gowy işläp bilýän. 2. Sag eli, ýer 
depilende bolsa sag aýagy bilen däl-de, çep aýagy
bilen işleýänler üçin ýasalan. Saglakaý orak. 
Saglakaý pil. 
SAGLAMAK 
[sağlamak], 
işl. 
Anygyna, 
magadyna ýetmek, anyklamak. Her zadyň aslyny 
saglamak gerek (Baýly şahyr). 
SAGLAŞMAK 
[sağlaşmak], 
işl., 
gepl.d. 
Ugradylanda ýa-da wagtlaýyn aýrylyşylanda 

sag 
bol

diýişmek, sagbollaşmak, hoşlaşmak. Ol kim 
bilen hoşlaşjagyna, kim bilen saglaşjagyna-da akyly 
ýetmän, ýeňsesini öwürdi (B. Kerbabaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   393   394   395   396   397   398   399   400   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling