Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
SAKGYÇLAMAK [sakgyşlamak], işl., gepl.d.
Bir zady ýanjap, gaýtalap oturmak. SAKLABERMEK [sakla:vermek], işl. Saklap başlamak; saklap ýörmek. Entek olary eliňde saklaber. SAKLAMA, iş ady. Saklamak ýagdaýy. SAKLAMAK, işl. 1. Eliň bilen tutup durmak, eliňde tutmak. Käte-käte penjireden yşyklap, Otyr kitabyny elinde saklap (B. Hudaýnazarow). 2. Duruzmak, togtatmak, hereketini ýatyrmak. Sürüji maşyny saklady. 3. Öz eklenjiňde, garamagyňda ýaşatmak, eklemek; idetmek. Mal saklamak. 4. Bek 231 bellemek, unutmazlyk. Şu aýdanlarymy hergiz ýadyňda sakla. 5. Goramak. Ýüpegi saklamasaň ýüň bolar, aýaly saklamasaň – güň (Atalar sözi). Bendesini bela-beterlerden hudaýyň özi saklasyn. 6. Daýanç, direg bolup hyzmat etmek. Ýykyljak tamy ýeke kerpiç saklamaz (Atalar sözi). 7. Birini goýbermän eglemek, bir zada güýmäp, işinden, ýolundan goýmak. Saklamasaň, gitsem dogry ýol bilen, Ýeterdim maksada, käbäm atam jan! (A. Kekilow). 8. Wagtynda bermezlik, wagtynda ýerine ýetirmezlik. Arada gyzymyň kätmenini sapla diýip eltdim, şonam üç-dört gün saklady (A. Durdyýew). 9. Gizlemek, ýaşyrmak. Kem-käs ýalbaraýyn-da, etjek işimi öz ýanymda saklaýyn (B. Kerbabaýew). 10. Tussag etmek, tutmak. Jenaýatkäri saklamak. SAKLAMAKLYK, iş ady. Saklamak ýagdaýy. SAKLAMAZLYK, iş ady. Aýawly tutmazlyk, aýamazlyk. SAKLANMAK,işl. 1. Özüňi saklamak, özüňe erk edip bilmek, özüňe buýurmak. Her niçik-de bolsa, mugallym saklanyp: – Käýinmek gerek däl! – diýip ýüzlendi (N. Pomma). 2. Aýak çekmek, durmak, daýanmak. Ol yzyna seredip saklandy. 3. Bir ýerde az-kem eglenmek. Gelen myhman başlygyň kabulhanasynda birneme saklandy. Men köpräk saklanaýdym öýdýän, indi beri gaýdaýyn. 4. Idedilmek, eklenmek. Dynç alyş öýündäki çagalar gowy saklanýar. 5. Bar bolmak, bolmak. Zyýanly duzlaryň toprakda köp mukdarda saklanýandygy tejribe üsti bilen barlandy. 6. Ýygnalyp goýulmak, aýalyp goýulmak. Gymmatly golýazmalar ýörite jaýlarda saklanýar. Tohumlyk bugdaýlar ýörite ammarlarda saklanýar. 7. Öňünde durup bilmek, çydam etmek. Bent sil suwunyň öňünde saklanaýsa ýagşydyr. 8. Ýerine ýetirilmek, berjaý edilmek. Işde tertip-düzgün saklanýar. 9. Ýygnakda garşy bolubam, tarapdar bolubam ses bermezlik. Şu meseläni kabul etmeli diýen teklibe garşy, saklanan barmy? 10. Goralmak. Goraghanalar berk saklanýar. 11. Zaýalanman durmak, gowy durmak, üýtgemezlik. Ýapan hyýarlarym gowy saklanypdyr. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling