SAPALAKÇY, syp. Sapalak atýan, hile, pirim
salýan adam.
SAPALAKLABERMEK [sapalakla:vermek], işl.
Sapalaklap ugramak.
SAPALAKLAMA,
iş
ady.
Sapalaklamak
ýagdaýy.
SAPALAKLAMAK, işl. Sapalakly hereket
etmek, sapalak, hile gurmak, sap atmak. Ol ok-ýaýyny
almaga ýetişmän, sapalaklap özüni jara atdy.
SAPALAKLAMAKLYK, iş ady. Sapalaklamak
ýagdaýy.
SAPALAKLAMAZLYK, iş ady. Sapalakly
hereket etmezlik, hile gurmazlyk.
SAPALAKLATMAK, işl. Biriniň sapalak
atmagyna ýol bermek.
SAPALAKLAÝYŞ,
iş ady.
Sapalaklamak
ýagdaýy.
SAPALY [sapa:ly], syp. Göwün göterýän, eşretli,
lezzetli, keýpli, hezil.
SAPALYLYK [sapa:lylyk], at. Sapasy barlyk.
SAPAN, at. Iki ýany işilen uzyn ýüpli, ortasy
atyljak daş, kesek salynýan örme esbaply enjam.
◊ Sapan atmak daşy, golany sapanyň örme
esbabynyň içine salyp, iki ýüpüniň ujyny bir eliň
bilen tutup, başyňdan batly aýlap-aýlap, ýaňky aýlaw
iň ýokary derejä ýetende golanyň ýa daşyň atylyp
gitmegi üçin ýüpüň biriniň ujuny eliňden sypdyrmak,
goýbermek. Syrtyna sapan degen ýaly bolmak bir
sebäp bilen bir ýerden örän çalt gitmek.
SAPANÇA, at. Ýakyn aralyga ok atýan el ýaragy.
SAPANLAMA, iş ady. Sapanlamak ýagdaýy.
SAPANLAMAK, işl. Bir zady urmak üçin sapan
atmak. Sakçylar üzüme çozýan serçeleri, sarlary
sapanlaýardylar (A. Gowşudow).
SAPANLAMAKLYK, iş ady. Sapanlamak
ýagdaýy.
SAPANLAMAZLYK, işl. Bir zady urmak üçin
sapan atmazlyk.
SAPANLAŞMAK,
işl.
Biri-biriňe
sapan
atmak.Oglanlar sapanlaşýardylar.
Do'stlaringiz bilan baham: |