Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SAŇŇY I, syp. Gyýalap çykan, gyşaryp duran  (diş hakynda). Saňňy diş.  SAŇŇY II


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet419/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   415   416   417   418   419   420   421   422   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAŇŇY I, syp. Gyýalap çykan, gyşaryp duran 
(diş hakynda). Saňňy diş. 
SAŇŇY II, syp. Titräp, sandyrap duran (adam 
hakynda). 
SAŇŇYLDABERMEK [saňňylla:vermek], işl. 
Saňňyldap 
başlamak, 
sandyrabermek, 
galpyldabermek. 
Ol 
gorkusyndan 
ýaňa 
saňňyldaberdi. 
SAŇŇYLDAMA 
[saňňyllama], 
iş 
ady. 
Saňňyldamak ýagdaýy. 
SAŇŇYLDAMAK [saňňyllamak], işl. Belli bir 
sebäbe 
görä, 
saňňyl-saňňyl 
edip 
titremek, 
sandyramak, galpyldamak. Annaguly edil buzuň 
üstünde ýalaňaç oturan ýaly saňňyldap otyrdy (A. 
Durdyýew).
SAŇŇYLDAMAKLYK [saňňyllamaklyk], iş 
ady. Saňňyldamak ýagdaýy. 
SAŇŇYLDAMAZLYK [saňňyllamazlyk], iş ady.
Sandyramazlyk, galpyldamazlyk. 
SAŇŇYLDAŞMAK [saňňyllaşmak], işl. Birnäçe
bolup, bilelikde saňňyldamak. Onuň iki budy hem 
saňňyldaşyp titreýärdi (A. Gowşudow).
SAŇŇYLDATMAK 
[saňňyllatmak], 
işl. 
Titretmek, sandyratmak. Ol ysgynsyz kellesini 
saňňyldatdy (A. Gowşudow).
SAŇŇYLDAWUK 
[saňňyllowuk], 
syp. 
Sandyrap, titräp duran, sandyrawuk, saňňyldap duran 
(adam, ses hakynda). 
SAŇŇYLDAÝYŞ 
[saňňyllaýyş], 
iş 
ady. 
Saňňyldamak ýagdaýy. 
SAŇŇYLDY [saňňylly], at. Bedende döreýän 
galpyldy, titreme, sandyrama. Gandym aganyň 
bedeninde maýdaja saňňyldy peýda boldy (B. 
Pürliýew). 
SAŇŇYL-SAŇŇYL: saňňyl-saňňyl etmek ser. 
Saňňyldamak. Eý-ho! Men olara şu ýerden 
esedemde butlarym saňňyl-saňňyl edýär (G. 
Kulyýew).
SAŇSAR, syp. Akylyna zeper ýeten, kelesaň, 
tentek. 
Saňsar daşy yslam dininiň düzgünlerine görä 
günäkäri öldürmek üçin oňa zyňylýan daş.
SAŇSARLYK, at. Saňsaryň ýagdaýy, kelesaňlyk, 
tenteklik. 
SAŇSYRAKLAMA, iş ady. Saňsyraklamak 
ýagdaýy. 
SAŇSYRAKLAMAK, işl. Ukusyndan açylyp 
bilmän, alasarmyk ýagdaýda tentirekläp hereket 
etmek, saňsar ýaly özüni alyp barmak. Ünji-
aladasynyň biçak agyrlygyndanmy ýa-da bütin gijäni 
saňsyraklap geçirenligindenmi, heniz hem süňňi 
gowşakdy (G. Kulyýew). Ol itiň üýrýän sesine 
oýanyp, saňsyraklap ýerinden galdy-da, gapa tarap 
ýönelmekçi boldy.  
SAŇSYRAKLAMAKLYK
iş 
ady. 
Saňsyraklamak ýagdaýy. 
SAŇSYRAKLAŞMAK, işl. Birnäçe bolup 
saňsyraklamak. Gara daňdandan saňsyraklaşyp, bu 
ýerde näme işleýärsiňiz? 
SAŇSYRAKLATMAK, işl. Saňsyraklamaga 
mejbur etmek. Ony gara daňdandan saňsyrakladyp 
turuzdylar. 
SAŇSYRAKLAÝYŞ, iş ady. Saňsyraklamak 
ýagdaýy. 
SAP I, at. 1. Bir guralyň, enjamyň el bilen 
tutulýan tutawajy. Ýene bir sapy çykyp duran köne 
çekiçleri bardy (B. Kerbabaýew). 2. Dutaryň 
perdelenip, kädä berkidilýän bölegi. Dutaryň sapy 
berk erik agyjyndan ýasalýar. 
◊ Pil sapy aşak ujy piliň gumhanasyna geýdirilip, 
onuň ýokary ýanyndan pugta pile berkidilýän ýogyn 
taýak şekilli agaç bölegi. 
SAP II, at, ser. Sapalak. Müňde bir sapyndan 
peýdalanýan tilki aňsat atuwa gelmeýärdi (B. 
Kerbabaýew).
Sap atmak aldaw bilen hereket etmek, pirim, 
hile bilen aldamak. 
SAP III, at, harb. Goşunyň hatary, setiri. Sap 
gurup, meýdanda dursa gerekdir (Magtymguly). 
SAP [sa:p], syp. 1. Hiç bir goşantsyz, 
garyndysyz, tüýs, hakyky. Sabyr düýbi sap altyn 
(Nakyl). 2. Päk, arassa, hakyky, wyždanly. Sap 
ýürekli adam. 3. Boýdan-başa, tutuş, uçdantutma. 
Baýyrlyga sap arça nahalyny oturtdyk. 4. Tämiz, 
arassa. Ertiriň sap howasynda uzakdan şaňňyja bir 
ses ýaňlanýardy (B. Kerbabaýew).
Sap girdeji önüm öndürmäge giden ähli 
çykdajylardan soňky galýan girdeýji.
SAPA [sapa:], at. 1. Aýşy-eşret, keýpi-sapa, keýp, 
lezzet, şatlyk. Seniň bilen sürjek bolup sapany, Kän 
garaşdym, görmedim hiç wepany (M. Seýidow). 2
Oglana dakylýan at. 
SAPAJAK,at, ser. Sapalak
SAPAJAKLAMAK, işl. Bir zatdan sypjak bolup 
buýtar-sujýtar etmek.Ýumrugymy daş dek düwüp, 
Mündüm ýaňkyň söbügine, Sapajaklap ýetäýende, 
Köne jaryň läbigine (K. Gurbannepesow).
SAPAJAKLATMAK, işl. Bir zatdan sypmak 
üçin ýüz-gözüňi üýtgetmek, bir zady bildirmezlik 
üçin garşyňdaky adamdan ýüzüňi gaçyrmak.Özüne 
seredilýänini görüp, ýörişini bozdy-da, ýüzüni 
sapajakladyp, biziň ýanymyza geldi (N. Saryhanow).
SAPAJAK-SUPAJAK [sapajak-supojok]: 1) 
sapajak-supajak etmek. Soltuk sapajak-supajak 
edip, gaçmaga maý agtardy (K. Jumaýew). 2) 
buýtar-suýtar etmek. Hiç haçan sapajak-supajak 
etmez, Görejiň içine dogry sereder şahyryň gözi (K. 
Gurbannepesow). 


242 
SAPAK I, at. 1. Tikin tikmek üçin bükdürilen 
inçejik ýüplük. Olaryň käsi üzülen sapaklary 
daňyşdyrsa, käsi gurallaryň saz işleýşine gözegçilik 
edýär (

Edebiýat we sungat

). 2. Miwäni agajy, bakja 
ekinleriniň hasylyny biýarasy bilen birikdirýän 
inçejik baldak. Sary gawun bişipdir, Sapagyndan 
düşüpdir (Halk döredijiliginden). Tänip sapagyndan 
düşýär Gülabynyň gök, sarysy (R. Seýidow).
Sapak çekmek ýigitden peşgeş almak üçin, 
üme edip oturan gelin-gyzlar tarapyndan onuň 
ýakasyna ýa eline sapak dakylmak. Hemişe munuň 
ýaly ýere gelen ýigide gelin-gyzlar sapak çekerdiler 
(A. Gowşudow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   415   416   417   418   419   420   421   422   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling