Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SARYÇÖP [sa:ryçöp], at, ösüml.d. Boýag üçin  ulanylýan dagda bitýän ot.  SARYÇYRMAŞYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet427/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   423   424   425   426   427   428   429   430   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SARYÇÖP [sa:ryçöp], at, ösüml.d. Boýag üçin 
ulanylýan dagda bitýän ot. 
SARYÇYRMAŞYK 
[sa:ryçyrmaşyk], 
at, 
ösüml.d.Inçe sary baldak görnüşinde beýleki 
ösümliklere çyrmaşyp, ýelmeşip, olaryň hasabyna 
ösýän ot. 
SARYÇÝAN [sa:ryçýa:n], at. Halynyň gyrasyna 
we beýleki el işlerine salynýan köp aýlawly nagyş. 
SARYDIŞ [sa:rydi:ş], syp. Ýaşy bir çene baran, 
gartaşan (aýal maşgala hakynda). Alsaň bir sarydiş 
garry aýaly, Oýnaşyp gülüşseň sapasy bolmaz 
(Magtymguly). 
SARYGANAT 
[sa:ryğa:nat], 
at. 
Halynyň 
älemine salynýan ortasy goçakly, ganat şekilli nagyş. 
SARYGARYNJA [saryğarynja], at. Topar-topar 
bolup ýeriň üstünde we aşagynda, agaçlarda öýjük 
gurnup ýaşaýan we jaýlara, agaçlara uly zyýan 
ýetirýän garynja meňzeşräk mör-möjek (onuň iň köp 
ýaýran ýeri subtropik we tropik howaly ýerlerdir). 
Öýüň üstüne goýlan pürsleri sarygarynja iýipdir. 
SARYGAÝMA [sa:ryğaýma], at. Tahýanyň
depesine salynýan dört sany üçburç, sary nagyş. 
 SARYGETIRME [sa:ryğetirme], at, lukmanç. 
Endamyňa sary ornamak, reňkiň saralmak bilen ýüze 
çykýan howply bagyr keseli.
SARYGOÇAK [sa:ryğoçok], at. Nagşyň bir 
görnüşiniň ady. 
SARYGULAK 
[sa:ryğulok], 
at. 
Aýal 
geýimlerine keşde bilen salynýan, içi dört bölege 
bölünýän, aralary ownuk nagyşly tegelek bejergi. 
SARYGÜL [sa:ryğül], at. 1ösüml.d.Boýy 30-80 
sm bolan, açyk sary reňkli gülli ösümlük. 2. Gyza 
dakylýan at. 
SARYGYBERMEK 
[saryğyvermek], 
işl. 
Sarygyp başlamak. 
SARYGYŞMAK [saryğyşmak], işl. Suwy 
çekilip, birneme guraşmak, çalygyşmak. Öýlerine 
baryp, olaryň her haýsy bilen aýratyn maslahatlaşýar 
we ýerler sarygyşan badyna etmeli işlerini 
tabşyryşdyrýar (A. Gowşudow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   423   424   425   426   427   428   429   430   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling