Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet426/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   422   423   424   425   426   427   428   429   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SARMAKLAŞMAK, 
işl., 
gepl. d, ser. 
Sarmanaklaşmak
Oglan 
bagşy 
bilen 
esli 
sarmanaklaşdy (

Edebiýat we sungat

). 
SARMANAKLAŞMAK, işl., gepl.d. Biri bilen 
salyşmak, tutluşmak (uruş, basalaşyk we ş.m. 
hakynda). Bike eje meniň aýalym bilen ýaka tutuşyp, 
tasdan sarmanaklaşypdy (N. Pomma). 
SARMYK, at. Gerek uzynlykda ýazylgy eliň 
daşyndan saralan we bir ujy bilen emele gelen 
halkanyň gap bilinden bir gezek aýlap boglan ýüp. 
SARNABERMEK [sarna:vermek], işl. Sarnap 
ugramak. 
SARNALMAKişl. Ugursyz gürrüň edilmek, boş 
samahyllanmak. 
SARNAMA, 1. iş ady. Sarnamak ýagdaýy. 2
Many bermeýän söz utgaşmasy. Bu goşgy setirleriň, 
göwnüme bolmasa, sarnama bolup çykypdyr. 
SARNAMAKişl. Boş samahyllamak, bolgusyz, 
ugursyz gürrüň etmek, ýaňramak. Şonuň üçin 
pursatdan peýdalanyp, üsti-üstüne sarnap ugrady (B. 
Kerbabaýew).
SARNAMAKLYKiş ady. Sarnamak ýagdaýy. 
SARNAŞDYRMAK, işl. Yzly-yzyna sarnamak. 
Bagty bile gelewersin, Diýişdirip gaýta-gaýta, 
Ýetişdigme sarnaşdyrdym (K. Gurbannepesow).
SARNAŞMAK, işl. Biri bilen uzak wagtlap 
bolgusyz gürrüň edişmek. Siz bilen sarnaşyp 
durmaga bir eli boş adam gerek. 
SARNATMAK, işl. Bolgusyz gürrüň etdirmek, 
ýaňratmak. 
SARNAÝYŞ,iş ady. Sarnamak ýagdaýy. 
SARP: sarp bolmak harç bolmak, harçlanmak, 
ýoklanmak, sowlup tükenmek. Olaryň köp wagty iliň 
işine sarp bolýar (A. Gowşudow). Sarp ediş 
jemgyýetçilik 
önümini 
adamlaryň 
islegini 
kanagatlandyrmak üçin peýdalanma. Sarp etmek 
islegi 
kanagatlandyrmak 
üçin 
peýdalanmak; 
harçlamak. 
SARPA,at. Birine goýulýan hatyra, hormat, sylag, 
gadyr-gymmat.
◊ Sarpa goýmak hormat goýmak, hormatlamak. 
SARPALY, syp. 1. Gadyr-gymmat goýulýan, 
hatyraly, hormatly, sylagly, sarpasy bar bolan. 2
Tygşytly, aýawly. Suwy sarpaly tutuň. 
SARPALYRAK 
[sarpalyra:k], 
işl. 
Gadyr-
gymmaty 
deňeşdirilýäniňkä 
garaňda 
köpräk, 
hormatlyrak, hatyralyrak. 
SARPASYZ, syp. Gadyr-gymmat goýulmaýan, 
hormatsyz, sylagsyz, hatyrasyz, sarpasy bolmadyk. 
SARSA: sarsa bolmak çaganyň dogulmasy agyr 
bolmak, kynlyk bilen dogulmak. 
SARSAK, syp., ser. Sarsaňňy. 
SARSAKLYK, at. Sarsagyň ýagdaýy, tenteklik. 
Sarsaklyk etmäň! 
SARSAŇŇY, at. Edenini-goýanyny bilmeýän, 
saňsar bolan, tentek. 
SARSDYRMAK [saryssyrmak], işl. 1. Titretmek, 
yrgyldy emele getirtmek. Goşuň ileri burçunda ýatan 
iki adamyň horruldysy ýer sarsdyrýardy (B. 
Seýtäkow). 2. göç.m. Alada goýmak; ýürek 
gopdurmak, elendirmek. Bu sorag olaryň bütin 
durkuny sarsdyrdy (

Edebiýat we sungat

). 
SARSGYN [sarysğyn], at. Güýçli urgy, zarba we 
ş.m. netijesinde döreýän titreme, yrgyldy.
SARSMA [sarysma],iş ady. Sarsmak ýagdaýy. 
SARSMAK [sarysmak],işl. Sarsgyn, güýçli 
yrgyldy emele gelmek, titremek. Kuwwat-zorundan 
bütin kenar sarsyp gidýärdi (B. Hudaýnazarow).
SARSMAKLYK [sarysmaklyk], iş ady. Sarsmak
ýagdaýy. 


246 
SARSMAZ [sarysmaz], syp. Örän berk, pugta, 
mäkäm.
SARSMAZLYK [sarysmazlyk], iş ady. Sarsgyn, 
yrgyldy emele gelmezlik, titremezlik. 
SARSYBERMEK [sarsyvermek], işl. Ýuwaş-
ýuwaşdan sarsyp başlamak. 
SARSYŞiş ady. Sarsmak ýagdaýy. 
SARUN [sa:ru:n], at. Uly basyş bilen gysylyp, 
ýagy alnan pagta çigidiniň galyndysy.
SARWAN [sarwo:n], at, k.d. 1. Düýe çopany. 
Adyňnedir, ýigit? Diýdi: Ýa-da sen sarwanmy sen
çopanmy sen, bişikde galan doganjygymmy sen? 
(

Kitaby dedem Gorkut

). 2. Kerweniň başyny idýän 
adam, düýekeş. Gidermen kerwen bolup, Kerwene 
sarwan bolup (Halk döredijiliginden). 
SARY [sa:ry] Isyp. 1. Altynyň, bürünjiň, misiň 
reňkine meňzeş reňkdäki. Sary ýaprak. 2.Oglana 
dakylýan at. 
Saryň gaýnamak gyzylödegiň garyn bilen 
birleşýän ýerinde ýanyp barýan ýaly ýakymsyz 
duýgy döremek. Şeýle bolanda, birden gäkiligiň 
azyp, saryň gaýnamagy mümkindir (B. Kerbabaýew). 
Sary sadylla bolmak näme etjegiňi bilmän 
ýaýdanmak, intizar bolmak, garaşyp durmak. Sary 
ýüplüge dönmek reňkiň saralyp, gaty horlanmak. 
SARY [sa:ry] IIk.d. Tarap, ugur we ş.m. many 
aňladýan kömekçi söz. Gulzumy gyr sanyp, kyrk ýol 
geçer men, Egerki meýl etse, ýar bizim sary 
(Magtymguly). Iş başynda ýatdan çykar gaýgy-gam, 
Boş bolsaň, sen sary urýar ol gadam (A. Kekilow).
SARYBALYK 
[sa:ryva:lyk], 
at. 
Kiçijik, 
altynsow reňkli, teňňeli ýasyrak balyk. 
SARYBAŞ [sa:ryvaş], at, ser. Saryganat
SARYBURUK 
[sa:ryvuruk], 
at. 
Keçäniň 
gyrasyna sary ýüňden basylýan 

egrije

nagşyna 
meňzeş nagyş. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   422   423   424   425   426   427   428   429   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling