Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet434/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   430   431   432   433   434   435   436   437   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAZANAKLATMAK [sa:zanaklatmak], işl. 
Sazanaklar ýaly etmek, sazanaklamaga mejbur 
etmek. 
SAZANAKLAÝYŞ [sa:zanaklaýyş], iş ady. 
Sazanaklamak ýagdaýy. Olaryň sazanaklaýşyna 
haýpyň gelýär. 
SAZANDA [sa:zanna], at. Dutarda saz çalmak 
bilen meşgul bolýan adam, sazandar, sazçy. Sazanda 
ölse, ýer iňňildär (Türkmen pähimi). Ol sazandady — 
diňe saz çalýardy. ...Ýöne welin onuň ady il içinde 
«Şükür sazanda» diýlip ýöredilmän, «Şükür bagşy» 
diýlip ýöredilerdi (N. Saryhanow).  
SAZANDALYK 
[sa:zannalyk], 
at. 
Saz 
çalyjynyň,sazandanyň käri, ýagdaýy. 
– Kär 
sazandalykdyr, han aga – diýip, bagşy şol bir çök 
düşüp oturyşyna jogap berdi (N. Saryhanow).
SAZANDAR [sa:zanna:r], at, ser. Sazanda. 
Aradan salym geçmänkä bolsa saz gurallary peýda 
bolup, sazandarlar bilen bagşy orta geçdi (B. 
Kerbabaýew). 
SAZANDARLYK [sa:zanna:rlyk], at, ser. 
Sazandalyk. 
Menem 
kä 
zergärlik, 
käte-de 
sazandarlyk, käte hem şahyrçylyk edýärin (N. 
Pomma).
SAZARMAK [sa:zarmak], işl., gepl.d. Daň saz 
berip, günüň dogýan ýeri agaryp başlamak.Ýeňse 
kem-kemden sazaryp, agaryp, ýyldyzlary ýeke-
ýekeden ýuwutmaga başlady (H. Derýaýew).
SAZÇY [sa:zçy], at, ser. Sazanda. Bagşymy 
sazçylar gelýär (Ç. Aşyrow).
SAZÇYLYK [sa:zçylyk], at. Saz sungatyna 
degişli. Sazçylyk mekdebi. Sazçylyk okuwy. Sazçylyk 
sungaty.
SAZHON [sa:zho:n], syp. Saza höwesli, sazy 
gowy görýän. 
SAZLABERMEK [sa:zla:vermek], işl. 1. Saz 
gurallaryny sazlap başlamak. Kadyr dutaryň 
kirişlerini sazlaberdi. 2. Düzgüne getiribermek. 3
Biri bilen arasyny sazlap ugramak. 
SAZLAMA [sa:zlama], iş ady. Sazlamak 
ýagdaýy. 


252 
SAZLAMAK [sa:zlamak], işl. 1. sazç. Saz 
gurallarynyň kirşini çekip, gerekli owaza gurmak.
Sazandalar dutarlaryny sazlap başladylar. 2. Gerekli 
enjamyň işleýşini düzetmek. Ol radionyň sesini 
sazlady. 3. Biri bilen araňy gowulandyrmak, 
dostlaşmak, ysnyşmak. Tejribeli miraplar bilen 
arasyny sazlady (N. Pomma). 
SAZLAMAKLYK [sa:zlamaklyk], iş ady. 
Sazlamak ýagdaýy.
SAZLANMAK [sa:zlanmak], işl. 1. Saz 
gurallarynyň kirşi çekilmek, düzülmek. Ýetginjek 
sazandalar dutarlaryny sazlap, çalmaga başladylar 
(A. 
Gowşudow). 
2.Gerekli enjamyň işleýşi 
düzedilmek. Motoryň işleýşi sazlandy. 3. Biri bilen 
araň gowulanmak, dostlaşmak.
SAZLANYŞ [sa:zlanyş], iş ady. Sazlamak 
ýagdaýy. 
SAZLAŞDYRMAK [sa:zlaşdyrmak], işl. Sazlap 
çykmak.  
SAZLAŞMAK [sa:zlaşmak], işl. 1. Sesler biri-
biri bilen sazlaşykly çykmak. 2. Biri-biri bilen 
utgaşmak. Ojak-tamdyrlardan çabyrap çykýan ýiti 
ýalyn ikindiniň gyrmyzy şapagy bilen sazlaşyp, oba 
birhili geň-enaýy dabara berýärdi (G. Kulyýew). 
SAZLAŞYK [sa:zlaşyk], at. Gurşap alan 
tebigatda aýry-aýry zatlaryň biri-biriniň üstüni 
ýetirmegi, goşulyşmagy arkaly özara utgaşmasy. 2
sazç. Birnäçe sesiň bilelikde goşulyp utgaşmasy. 
Dutardan çykýan sesleriň sazlaşygy. 
SAZLAŞYKLY [sa:zlaşykly], syp. 1. Goşulyşyp, 
yzygiderli bir äheňde gidýän (ses hakynda). 2
Utgaşykly. Işler sazlaşykly alnyp barylýar. 
SAZLAŞYKLYLYK 
[sa:zlaşyklylyk], 
at
Sazlaşygy barlyk, sazlaşykly bolmaklyk. 
SAZLAŞYKLYRAK 
[sa:zlaşyklyra:k], 
syp. 
Birneme sazlaşykly. 
SAZLAŞYKSYZ [sa:zlaşyksyz], syp. Goşulyşyp 
gitmeýän, 
sazlaşmaýan. 
Dumly-duşdan 
guş-
gumrularyň sazlaşyksyz owazy eşidilýär (G. 
Kulyýew).
SAZLAŞYKSYZLYK [sa:zlaşyksyzlyk], at. 
Sazlaşygy ýokluk, sazlaşykly dällik. 
SAZLATMAK [sa:zlatmak], işl. Sazlamak işini 
birine etdirmek. Dutary sazlatmak. 
SAZLAÝJY [sa:zlaýjy], at. Sazlap işlär ýaly 
edýän, kemçiligi düzedýän adam. Stanoklary 
sazlaýjy
SAZLAÝYŞ [sa:zlaýyş], iş ady. Sazlamak 
ýagdaýy. 
SAZLY [sa:zly], syp. Saz bilen ýerine ýetirilýän, 
saz bilen berilýän, eşitdirilýän; gapdalyndan saz 
goşulýan. Sazly arakesme. Sazly gepleşik. Sazly 
drama. 
SAZLYK [sa:zlyk] I, at, gepl.d. 1. Giden 
gamyşlyk, hyşalyk ýer. Sygry sazlygyň içinden alyp 
geldiler. 
SAZLYK [sa:zlyk] II, at. Ylalaşykly, arkalaşykly 
ýagdaý, agzybirlik. Durmuşyň lezzeti maşgala 
sazlygynda ýüze çykýar. 
SAZLYK [sa:zlyk] III, at. Jebislik. Önümçilikde 
takyklygy we sazlygy gazanmaly. 
SAZMYK [sa:zmyk], syp. Çalymtyl tüsse 
salgymyna, çal gubara meňzeýän. Şu sazmyk 
görnüşiň içinde gara salgym bolup aýlanyp ýörenler 
Ýelli bilen Wüşi keldi (A. Gowşudow). 
SAZ-SÖHBET [sa:s-söhvöt], at. Aýdym-sazly 
söhbet, aýdym aýdyp, saz çalmaklyk, sazly-söhbetli 
meýlis. Birniçe deň-duş ýigitler Hemra bilen... saz-
söhbet edip oturar erdiler (

Saýatly – Hemra

). 
SAZŞYNAS [sazşyna:s], at. Sazyň taryhyny we 
teoriýasyny öwrenýän hünärmen. 
SAZŞYNASLYK [sazşyna:slyk], at. Sazyň 
taryhyny we teoriýasyny öwrenýän ylym.
SEBET [sevet], at. 1. Içine zat salmak üçin inçe 
söwüt çybyklaryndan örülýän ululy-kiçili gap. 
Bazardan gelýärin, Elimde sebet, Sebediniň içi  
pomidor, 
kelem... 
(K. 
Gurbannepesow). 
2
Ýylgyndan, tutdan bedre şekilli edilip örülen balyk 
tutulýan enjam. 
SEBÄP [se:vä:p], at. Bir hadysanyň ýüze 
çykmagyna, döremegine şert döredýän ýagdaý, esas 
döredýän zat (näme üçin? diýen soraga jogap bolýan 
söz). Ýangynyň sebäbiUrşuň turmagynyň sebäbi.
Sebäp eýerjeň sözlemi eýerjeňli goşma 
sözlemlerde: baş sözlemden aňlanýan pikiriň 
sebäbini görkezýän eýerjeň sözlem. 
SEBÄPKÄR [sevä:pkä:r], at. Bir zadyň, 
ýagdaýyň ýüze çykmagyna, döremegine sebäp bolýan 
(adam ýa-da zat). Toýuň sebäpkäri
SEBÄPLI [sevä:pli], syp., bagl. 1. Bir adam ýa-
da bir zat bilen bagly, bir zat üçin, zerarly. Sen 
sebäpli okuwdan gijä galdymOl ýarawsyzlyk sebäpli 
gelip bilmedi. 2. Bir sebäbe görä, esasly. Okuwdan 
sebäpli galmak. 
SEBÄPSIZ [sevä:psiz], hal. Hiç bir sebäbi, delili 
bolmazdan. Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz (Nakyl). 
SEBIT [sevit], at. 1. Belli bir ýer, etrap, töwerek. 
Myhman Tejen sebitlerinden gelipdir diýýärler. 2
Dünýäniň aýratyn ykdysady-geografik we beýleki 
aýratynlyklary kybapdaş bolan ýanaşyk ýurtlar 
topary. Türkmenistanyň halkara sebit guramalaryna 
gatnaşmak 
mümkinçiligi 
howul-hara 
syýasy 
konýunktura arkaly däl-de, bileleşigiň uzak 
möhletleýin maksada laýyklygy hem-de ykdysady 
geljegi 
bilen 
kesgitlenilýär 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, 
halky söýmek bagtdyr). 
SEBITARA [sevita:ra], syp. Düzümine birnäçe 
sebit girýän, sebitler arasyndaky. Sebitara maslahat
Sebitara hyzmatdaşlyk forumy.
SEBZEBAZ [sevzeva:z], at, k.d. Ýaşyl geýimli. 
Tört atly geldiler, bary sebzebaz, Hasalary ýaşyl, aty 
teblebaz (Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   430   431   432   433   434   435   436   437   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling