Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
SEGRELMEK [seğrelmek], işl. Bökülmek, bökjeklemek. SEGREME
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- SEGREMEKLIK [seğremeklik], iş ady. Segremek ýagdaýy. SEGREŞMEK
- SEGREÝIŞ
- SEKDIRMEKLIK
- Sekil atmak
- Sekiz suw
- SEKIZGANAT
SEGRELMEK [seğrelmek], işl. Bökülmek,
bökjeklemek. SEGREME [seğreme], iş ady. Segremek ýagdaýy. SEGREMEK [seğremek], işl. 1. Iki öň aýagyny öňe atyp ýöremek, gorgunlamak (at hakynda). Ürker ýaby taý görende, Bedew segräp läşden geçer (Aşyky). 2. Bökmek, bökjeklemek. Däli Garçar segräp baryp, suwa düşdi, büreler suwa akyp gitdi ( Kitaby dedem Gorkut ). SEGREMEKLIK [seğremeklik], iş ady. Segremek ýagdaýy. SEGREŞMEK [seğreşmek], işl. Birnäçe at segremek. SEGRETMEK [seğretmek], işl. Bökdürmek, bökjekletmek. Bu ýandan Bähram hunhor atyny segredip, meýdana çykdy ( Kasym oglan ). SEGREÝIŞ [seğreýiş], iş ady. Segremek ýagdaýy. 254 SEGRÄBERMEK [seğrä:vermek], işl. Segräp ugramak; dowamly segremek. SEGSE [seğse], at. Gyrkylygyň sallaryny birikdirýän iki uçly, ortasy tokgaja hem kiçijik agaç bölegi. SEGSEN [seğsen], san. 80 belgisiniň ady we onuň aňladýan sany. Magtymguly, dostlar, garramaň beter, Ýetmişiň, segseniň arasy ýeter (Magtymguly). SEGSENINJI [seğseninji], san. 80 mukdar sanyndan ýasalan tertip san. SEŽDE: 1) sežde etmek namaz okalýan wagtynda alyny, el-aýaklary, iki dyzy we aýagyň barmaklaryny ýere degrip goýmak. Metjidiň töweregi sežde etmäge gelen her hili geýimdäki musulmanlardan doly (B. Seýtäkow). 2) hudaýa sygnyp, aýat-töwwir etmek, doga okamak. SEKDIRME, 1. iş ady. Sekdirmek ýagdaýy. 2.at. Gaýma we keşde bilen edilýän nagyşlaryň arasyndaky inçe zolaklaryň içine gaýalýan dürli reňkli gaýma. Ýokarsyna çyraz, iki gapdalyna sekdirme edip, ortasyna-da älem saldy. SEKDIRMEK, işl. Bir ýere aýak basdyrmak, bardyrmak, getirmek (sekdirmek sözi sözlem içinde gelen ýagdaýynda soňundan inkärlik aňladýan söz getirilip ulanylýar). – Eziz Watana duşmanyň toýnagyny sekdirmeli däldiris – diýdi (A. Gowşudow). SEKDIRMEKLIK, iş ady. Sekdirmek ýagdaýy. SEKDIRMEZLIK, iş ady. Bir ýere aýak basdyrmazlyk, bardyrmazlyk, getirmezlik. Duşman aýagyny sekdirmezlik. SEKI, at. Üstünde düşek ýazyp oturmak, ýatmak üçin, köplenç, gumdan galdyrylan belent ýer. SEKIL, at. Käbir atyň, owlagyň we ş.m. aýaklarynyň dyzyndan aşakdaky ak ýeri. Meleguşuň akja sekiliniň yzyndan galýan inçejik tozan indi göge galman, aýagyna çolaşyp barýardy (B. Soltannyýazow). ◊ Sekil atmak saça ak girip başlamak. SEKILMEK, işl. Bir ýere aýagyň bilen ýöräp barylmak. SEKIŞ, iş ady. Sekmek ýagdaýy. SEKIZ, san. 8 belgisiniň ady we onuň aňladýan sany. ◊ Sekiz suw taryh. bir gije-gündizlik, 24 sagatlyk suw nobaty, serkar. SEKIZDOGAJYK [sekizzoğa:jyk], at. Palasa salynýan bossany nagşynyň we gölçäniň içine salynýan sekiz sany üçburçluk görnüşli owunjak nagyşlaryň ady. Bu sekizdogajyk hala gowy öwüşgin beripdir. SEKIZGANAT [sekizğa:nat], syp. Tärimi sekiz bölek, sekiz bölek tärimli. Sekizganat ak öýüň Ýaraşygy sallançak (Hüwdi). SEKIZGAÝŇAK [sekizğaýňak], at. Dörtburç çyzygyň daş-töweregine goçak aýlanyp, şeýle hem gabsagöl halynyň gölüniň ortasyna, ýüň jorabyň durkuna salynýan nagyş. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling