Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SEKIZGOÇAK [sekizğoçok], at. Hala, el  işlerine salynýan dört sany garşylykly goçak.  SEKIZINJI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet438/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   434   435   436   437   438   439   440   441   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SEKIZGOÇAK [sekizğoçok], at. Hala, el 
işlerine salynýan dört sany garşylykly goçak. 
SEKIZINJI, san. 8 mukdar sandan ýasalan tertip 
san. Sekizinji gat. Sekizinji jaý. 
SEKIZKEŞDE, at. Dört ýaşyl, iki ak, iki sary 
gaýalyp, tahýa, hala, keçä salynýan ýaprak görnüşli 
nagyş. Eje, men-ä şu taýyk sekizkeşde salaýjak (Ý. 
Mämmediýew).
SEKIZLEME, at. Her bendi sekiz setirden 
ybarat bolan şygyr; goşgy düzmegiň sekizleme 
görnüşi. 
SEKIZLENJIsan, gepl.d., ser. SekizinjiMeret 
küle azajyk pikirlendi-de: – Sekizlenji gün bolsa 
gerek – diýdi (N. Geldiýew). 
SEKIZLIK, at. 1. 8 bilen aňladylýan haýsydyr 
bir zadyň ady. Awtobusyň ýoluna garap duran 
adamlaryň biri: – Hanha, sekizlik gelýär – diýip, 
begenjini daşyna çykardy. 2. syp. Käbir zatlaryň 
ölçegini görkezýän san. Sekizlik galoş. 
SEKIZÝYLLYK,at. Sekiz ýyllap okuw okalýan 
doly däl orta mekdep. 
SEKMEiş ady. Sekmek ýagdaýy. 
SEKMEKişl. Bir ýere öz aýagyň bilen barmak, 
aýak basmak. Başda uslyp bilmän, aýagy çekmän, 
Gezipdi kän wagt bu öýe sekmän (A. Kekilow). 
Ýaşyryp nätjek, Ýazly, özüň habar etmedik bolsaň, 
gapyňdan sekjegem däldim (H. Garabaýew). 
SEKMEKLIKiş ady. Sekmek ýagdaýy. 
SEKMEZLIKiş ady. Bir ýere barmazlyk. 
SEKUNT [seku:nt], at. Minutyň altmyşdan bir 
bölegine deň bolan wagt birligi. Edil şol sekuntda 
kakasy-da başyny galdyryp, oglunyň ýüzüne seretdi 
(A. Durdyýew).
SELÇEŇ, syp., ser. Seýrek. Sähet bolsa özüniň 
arryk ýüzündäki selçeň sakgalyny yzly-yzyna 
sypalaýardy (A. Gowşudow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   434   435   436   437   438   439   440   441   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling