Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
SELÇEŇLEMEK, işl., ser. Seýreklemek
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- SELÇEŇLETMEK
- Seleň şemal
- SELEŇLEMEKLIK, iş ady. Seleňlemek ýagdaýy. SELEŇLEMEZLIK
- SELEŇLEÝIŞ
- SELEŇRÄK
- SELIN
- SELINLEŞMEK
- SELJERILMEK
SELÇEŇLEMEK, işl., ser. Seýreklemek.
Akmaýanyň gürrüňi selçeňlände, oňa habar gatdy (B. Kerbabaýew). SELÇEŇLENMEK, işl., ser. Seýreklenmek. SELÇEŇLEŞMEK, işl., ser. Seýrekleşmek. Garrynyň ýygyrtlaşan gabaklarynyň, selçeňleşen kirpikleriniň arasyndan ýaş damdy (B. Kerbabaýew). SELÇEŇLETMEK, işl., ser. Seýrekletmek. Şondan bäri Pökgen aýdyma hiňlenmesini hem has selçeňletdi (A. Gowşudow). SELÇEŇLIK, at, ser. Seýreklik. SELÇEŇRÄK[selçeňirä:k], syp., ser. Seýregräk. Selçeňräk gögeren gowaçalar agşamyň şypaly şemalyna başlaryny yraşyp otyrdylar. SELEŇ, syp. Daş-töwreginden şemal, ýel, howa urup duran, açyklyk, giňlik (ýer, meýdan). Bizi seleň meýdanda hatara goýlan üsti näz-nygmatly stollaryň başyna getirdiler ( Edebiýat we sungat ). ◊ Seleň şemal salkyn, mylaýym şemal. Derýanyň üstünden gelýän seleň şemal argyn bedenlere dermandy. SELEŇLEME, iş ady. Seleňlemek ýagdaýy. SELEŇLEMEK, işl. 1. Açyk howa, giňişlik ýere çykyp, gezelenç etmek, dem-dynç almak, ýelejiremek, şemallamak. Goýry kölegede bir salym seleňledik. 2.Salgym atmak, howalanyp görünmek. 255 Soltan Sanjaryň gümmezi uzakdan seleňläp görünýärdi (B. Kerbabaýew). SELEŇLEMEKLIK, iş ady. Seleňlemek ýagdaýy. SELEŇLEMEZLIK, iş ady. Seleňläp görünmezlik. SELEŇLEŞMEK, işl. 1. Birnäçe bolup giň ýere çykyp, gezelenç etmek. 2. Uly-uly agaçlar uzakdan ýa-da ýokarda howalanyp görnüp durmak. Ýapraklarynyň reňkleri biraz solgunlanan erik agaçlary ulumsylyk bilen seleňleşýärler (B. Kerbabaýew). SELEŇLEÝIŞ, iş ady. Seleňlemek ýagdaýy. SELEŇLIK, syp. Daş-töweregi açyk, seleň, tämiz howaly (ýer, meýdan). Nähili seleňlik! Adam şeýle seleňlikde ýaşasa, Hiý ömrülla garrarmy! (G. Kulyýew). SELEŇRÄK [seleňirä:k], syp. Daş-töweregi şemallyrak, şabadrak. Seleňräk ýerde ýaşasaňdyň! SELÄLIK [selä:lik], at. Oraza aýynda agzyny bekleýänleriň dan atmazyndan öň iýýän nahary. Kempir bilen ikisi gaýym selälik edindiler ( Görogly ). Selälige turmak. SELIN, at. Gumda bitýän topbak düýpli, çogdam çykýan, dik baldakly, uzyndan inçe ýaprakly köpýyllyk ösümlik. SELINLEME, iş ady. Selinlemek ýagdaýy. SELINLEMEK, işl. Teläriň, kümäniň üstüne selin basyp ýapmak, guýynyň örüm bilen diwarynyň arasyna selin dykmak. SELINLEMEKLIK, iş ady. Selinlemek ýagdaýy. SELINLEŞMEK, işl. Teläriň, kümäniň üstüni selin bilen basyryşmak, selinlemäge kömekleşmek. SELINLETMEK, işl. Selinlemegi başga birine etdirmak. Teläriň üstüni selinletmek. SELINLEÝIŞ ,iş ady. Selinlemek ýagdaýy. SELINLI, syp. Selin gögeren ýer. Selinli, sözenli oýda çekene bakardyk. SELINLIK, syp. Selniň köp gögeren ýeri. Biz bir selinlik ýerde düşlemeli bolduk. SELJERILMEK, işl. 1. Bir zat ikinji bir zatdan tapawutlandyrylmak, onuň hiliniň neneňsidigi saýgarylmak. Her kimiň eden işi seljerilmelidir. 2. Analiz edilmek, derňelmek. Seljerilen eser. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling