256
Birini selpemäge mejbur etmek.
Öz hususy ýumşy
üçin ony dumly-duşa selpedýärdi (A. Gowşudow).
SELPEÝIŞ, iş ady. Selpemek ýagdaýy.
SELPÄBERMEK [selpä:vermek],
işl. Selpäp
başlamak.
Ýüke werziş düýe burnuny ýellendirip,
selpäberdi.
SEM: sem bolmak sesiňi kesmek, sesiňi
goýmak.
Şemhal sesi köp çykdy, şondan soň agamyň
sesi sem boldy (
Görogly
).
Bildigiňçe mydam ýagşy
sözlegil, Ýagşy söz tapmasaň, otur sem bolup
(Magtymguly).
Sem etmek sesini kesdirmek, sesini
goýdurmak.
SEMAWAR [sema:wa:r],
at. Suw gaýnatmak
üçin içinde ot ýakylýan turbaly metal enjam.
Ol
yzyna öwrülende, sözen kömrüni gaýgyrman atyp,
semawaryň agzyny üfläp duran Hallygarany gördi (S.
Myradow).
SEMENDER [semenner],
at, k.d. Köneden otda
ýaşapdyr diýlip hasap edilen bir haýwan.
Çekdigim
naladyr semender bile, Degirmen deý baňňyr men,
semender deý ataşhor (Magtymguly).
Semender deý
sargaryp, öz-özümden tutaşsam (Mollanepes).
SEMENI, at. Telper gabyň içinde üstüne suw
sepilip gögerdilen bugdaý döwlüp, un çalnyp, uly
gazanda siňňin otda gaýnadylyp bişirilýän bulamak
görnüşli duzsuz iýmit.
Gaýnadarlar semeni, Dula
dürtüň temeni; Bildim aýralyk eken, Hemme dertden
ýamany (Halk döredijiliginden).
SEMENT I, syp., k.d. Ýüwrük at.
Başa baglap
diwanalyk kemendin, Segredip ýetişdim yşkyň
semendin (Magtymguly).
Do'stlaringiz bilan baham: