Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet443/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   439   440   441   442   443   444   445   446   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SENA [sena:], at. 1. Döwlet nyşany hökmünde 
kabul edilen dabaraly aýdym. Türkmenistanyň 
Döwlet Senasy. 2. Taryp, wasp. Düşüpdir yşkyň 
howasy, Tilimden gitmez senasy, Çyn şähriniň 
kethudasy, Hup nyşanlar, hoş gal imdi (Şeýdaýy). 3
Doga, alkyş. Turaç tili senada, Ördek tili dogada 
(Magtymguly). Säher turup kyl senany, Hakdan 
taparsyň penany (Baýly şahyr). 
SENAGAT [sena:ğat], at. Halk hojalygynyň çig 
mallary işläp bejerýän pudagy.
SENAGATÇY [sena:ğatçy], at, taryh. Senagat 
kärhanasynyň eýesi. 
SENAGATLAŞDYRMAK [sena:ğatlaşdyrmak], 
işl. Çig mal işläp çykarýan senagaty giňden ýaýbaň- 
landyrmak, senagat kärhanalaryny artdyrmak. 
SENALY [sena:ly], syp. Dogaly, doga okaýan, 
şükür edýän, alkyş aýdýan.Ýerden çykan agaçlar, Tili 
senaly guşlar (Magtymguly). 
SENE, at.  Haýsydyr bir wakanyň, hadysanyň we 
ş.m. bolan ýylyny, aýyny, gününi görkezýän 
senenama wagty. Oktýabr aýynyň 27-si türkmenler 
üçin mukaddes senedir. 
SENEM Iat. But, butparazlaryň ýasama hudaýy. 
Sernegun boldy senemler... (Magtymguly).  
SENEM II, at. 1. Magşuk, söýgüli ýar. Badam 
gabak, alma ýaňak, Bir zyba senem islärin 
(Magtymguly). 2. Gyza dakylýan at. 
SENE-MENE, at. Bir zat sebäpli adamlar 
arasynda biri-biriňe gaty-gaýrym söz aýdyşma, 
mençelleşme. Ol oglanlaryň käbiri bilen sene-mene 
etdi. 
SENENAMA [senena:ma], at. 1. Ýörite alnyp 
barlan taryhy ýazgylar. 2. Kalendar. 
SENET, at. 1. El hünäri. 2. Enjam, gural, şaý. Ýer 
sürülýän senetler. Kümüş ussasynyň senetleri. Tara 
dokamak üçin senetler. 3göç.m. Inçe el işi, sungat. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   439   440   441   442   443   444   445   446   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling