Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet445/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   441   442   443   444   445   446   447   448   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SEŇKILDEÝIŞ 
[seňkilleýiş], 
iş 
ady. 
Seňkildemek ýagdaýy. 
SEŇKILDÄBERMEK [seňkillä:vermek], işl. 
Seňkildäp başlamak. 
SEŇKILDI [seňkilli], at. Loňkuldyly ylgaw. 
SEŇŇER, at. 1. Ýörite garym gazylyp, gumy 
öňüne üýşürilip edilýän berkitme. Onuň öňünden 
hem garym gazyp, seňňer gurapdyrlar (A. 
Gowşudow). 2. Uly, beýik üýşmek. Bu hataryň 
töwereginde daşlaryna garym çekilen küde-küde 
ýandaklar dag ýaly seňňer alşyp durdy (H. 
Derýaýew). 
SEŇŇERLEME, iş ady. Seňňerlemek ýagdaýy. 
SEŇŇERLEMEK, işl. 1. Seňňer gurmak, seňňer 
etmek. Okoby seňňerlemek. 2. Depe ýaly beýik 
bolmak, üýşmek bolup durmak, beýgelip görünmek. 
Olar seňňerläp oturan gum depesiniň üstüne odun 
üýşürmäge başladylar (A. Gowşudow).
SEŇŇERLEMEKLIK, iş ady. Seňňerlemek 
ýagdaýy. 
SEŇŇERLENMEK, işl. Seňňer atyp beýgelip 
görünmek, seňňerläp görnüp durmak. Üsti ýükden 
seňňerlenip 
duran 
maşynyny 
saklady 
(N. 
Saryhanow). 
SEŇŇERLEŞMEK, işl. Depe ýaly bolşup 
durmak, beýgelişip görünmek, seňňer atyşmak. 
SEŇŇERLEÝIŞ, iş ady. Seňňerlemek ýagdaýy. 
SEŇRIK, at. 1. Burnuň iki gaşyň arasyna baryp 
birleşýän üst ýüzi. 2. Gum, dag ýerlerinde uzalyp 
gidýän depe. 
Seňrigine kakmak gaýtawul bermek, garşy 
çykmak. Seňrigini ýygyrmak nägilelik bildirmek. 
SEŇRIKMEN, syp. Burnunyň üsti, seňrigi 
beýik, tüňňi, uly. Seňrikmen adam taýhary gözlemegi 
teklip etse-de, Çerkeziň çigninden ýapyşan penjäniň 
eýesi oňa göwnemedi (B. Kerbabaýew).
SEŇSE, at. Güýçli zarba, urgy sebäpli huşuny 
ýitiren, huşsuz, saňsar bolan. 
SEŇSELEDILMEK, işl. Seňse ýagdaýyna 
ýetirilmek. 
SEŇSELEMEiş ady. Seňselemek ýagdaýy. 
SEŇSELEMEK, işl. Seňse bolmak, huşuňy 
ýitirmek, özüňden gidip, beýhuş bolmak. Gözläliň, 
bir ýerde eşekden ýykylyp, seňseläp ýatan bolmasyn 
(A. Gowşudow).
SEŇSELEMEKLIK
iş ady. Seňselemek 
ýagdaýy. 
SEŇSELEMEZLIK, iş ady. Huşuňy ýitirmezlik, 
seňseläp, beýhuş bolup ýatmazlyk. 
SEŇSELETMEK, işl. Urup seňse etmek, 
seňselär ýaly etmek. Ýeňsesine degen daş ýaly 
ýumruk ony seňseletdi (B. Seýtäkow).
SEŇSELEÝIŞiş ady. Seňselemek ýagdaýy. 
SEP I, at. Bir zadyň biri-birine seplenen
birleşdirilen ýeri. Demir ýol biraz aşak epilen ýaly 
ýan berse-de, demirleriniň sepleri açylmandy (B. 
Kerbabaýew).
SEP II, at. Durmuşa çykan gyza ene-atasynyň 
berýän goşy, geýimleri, bukjasy. Öýlerine gelip iki-üç 
ýyl gezer, haly, çuwal barça sepini düzer (B. 
Kerbabaýew).
SEPDIRMEK, işl. Sepmek işini birine etdirmek. 
Ders sepdirmek. Tohum sepdirmek. Howla suw 
sepdirmek. 
SEPELEME, iş ady. Sepelemek ýagdaýy. 
SEPELEMEK, işl. 1. Suwy, külke, ownuk
zatlary gaýta-gaýta, yzly-yzyna sepişdirmek. 2. Çala 
ýagyp başlamak, seçir-gaçyr ýagmak (ýagyş, gar we 
ş.m. hakynda). Ýagyş sepeläp başlady. 
SEPELEMEKLIK, iş ady. Sepelemek ýagdaýy. 
SEPELENMEK, işl. Gaýta-gaýta, yzly-yzyna
sepilmek. 
SEPELEŞMEK, 
işl. 
1
Sepelemäge 
kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup bilelikde sepelemek. 
Ýaş oglanlar ýeriň tozanyny ýapyrmak üçin
gumagrak ýerlere suw sepeleşip ýördüler
SEPELETMEK,işl. Sepelemek işini başga 
birine etdirmek; sepelemäge mümkinçilik döretmek, 
ýol bermek. Oglanlara ekin ekiljek ýerlere ders 
sepelet. 
SEPELEÝIŞ,iş ady. Sepelemek ýagdaýy. 
SEPELÄBERMEK 
[sepelä:vermek], 
işl. 
Sepeläp başlamak; çala ýagybermek. 
SEPGIT, at. 1. Bir ýeriň ikinji bir ýer bilen 
sepişýän ýeri, birleşýän nokady. 2. Iki paslyň ýa-da 
iki belli wagtyň birleşýän döwri. Häzir tomus bilen 
güýzüň sepgidi bolmagyna garaman, howa örän 
maýyldy (B. Kerbabaýew).


258 
SEPIL [sepi:l], at. Biriniň ýa-da bir zadyň 
ugrunda sergezdan, ser-sepil. Sepil boldum, gezdim ol 
ýat illeri, Bagrym ýara etdi, batar aýralyk 
(Garajaoglan). 
SEPILMEK, işl. 1. Sepelenip dökülmek. 
Daşaryk suw sepildimi? 2. Ürgün çäge, gum, kül we 
ş.m. sepelenip, ýeriň üstünde ýaýradylmak. Ekin 
ekiljek ýere öňünden ders sepildi. 3. Sepelenip 
ekilmek.  Kölçä sogan tohumy sepilip suwaryldy.  
SEPILMEZLIK, 
iş 
ady. 
1
Sepelenip 
dökülmezlik (suw, suwuk zatlar hakynda). 2. Ýeriň 
üstüne sepelenmezlik (çäge, kül we ş.m.). 3
Sepelenip ekilmezlik. Sepilmedik tohum gögermez 
(Nakyl). 
SEPINMEK I, işl. Öz üstüne atyr we ş.m. 
sepmek. Atyr sepinmek. 
SEPINMEK II, işl. Sep edinmek (ser. Sep). 
Çykjak gyz gowy sepinipdir

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   441   442   443   444   445   446   447   448   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling