Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet453/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   449   450   451   452   453   454   455   456   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SERHET, at. 1. Ýanaşyk mülk ýerleriniň, 
welaýatlaryň ýerleriniň arasyny bölýän çyzyk, çäk. 
Ýeriň ileri serhedi ýabyň raýyşyna baryp ýetýärdi (B. 
Seýtäkow). 2. Ýanaşyk döwletler arasyndaky araçäk. 
Serhedi goramak. Serhetden geçmek. Serhetden 
aşmakSerhet ýakasy ýerler3. göç.m. Her bir zatda 
mümkin bolan ölçeg, çäk. Her kim öz serhedini bilse 
ýagşy.
SERHETÇIat. Döwlet serhedini gorap saklaýan 
esger, araçäkçi.
SERHETDEŞ, syp. Ýerleri bir serhetde, bir 
çyzykda çäkleşýän, araçäkdeş. Serhetdeş döwletler. 
SERHETDEŞLIK, at. Bir serhet çyzygy bilen 
çäkdeşlik, araçäkdeşlik. 
SERHETLEŞMEK, işl. Serhetdeş bolmak. 
SERHOŞ [serhoş / serho:ş], syp. 1. Içgi içip, 
keýpi kök bolan, keýpli. Şerap içip, serhoş bolup 
segresem, Ganym janyn gyýym-gyýym dograsam 
(Magtymguly) 2. k.d. Şadyýan, şat, hoşal. Hak 
nazaryn salan bir serhoş ýigit, Ynsan üçin sarp 
eýleýir aşyny (Magtymguly). Ölinçäň gezewer şerhos 
(Magtymguly). 
SERHOŞLYK [serhoşluk / serho:şluk], at. 
Içgiden we ş.m. zatdan keýpi köklük, keýplilik. 
SERHOŞRAK [serhoşura:k], syp. Biraz serhoş. 
SERHOWUZ, at. Töweregi bag-bakjaly uly 
howuz. Ýolda Hemra olardan rugsat alyp
serhowuzda suwa düşüp duran wagtda, gözi baglara 
düşdi (

Saýatly – Hemra

). Nejep: 

Şu ýerde bir 
dynjymy alaýyn

diýip, serhowzuň başyna bardy 
(

Nejep oglan

). 
SERIBERMEK [serivermek], işl. Bir zady 
guratmak, çalykdyrmak maksady bilen serip 
başlamak, sermäge girişmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   449   450   451   452   453   454   455   456   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling