Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet456/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   452   453   454   455   456   457   458   459   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SERMEMEKLIK, iş ady. Sermemek ýagdaýy. 
SERMENÇE, at. Nawyň ýük salynýan 
bölüminiň içine suw gitmezligi üçin 20-25 santimetr 
beýiklikde dört tarapyndan goýulýan agaç. 
SERMENEKLEMEKişl., ser. Sermelemek
SERMENILMEK, işl. Bir zady tapjak bolup 
sermelip gözlenmek, agtarylmak. Şol kitap diýibem 
az sermenilmedigini bilýänsiň-le. 
SERMENIŞMEK, işl. Köp bolup sermenmek. 
SERMENMEK, işl. Özüň üçin bir zat gözlemek, 
agtarmak. Bu ýerde munuň ýaly täze zatlary tapjak 
bolsaň, baý sermenersiň-ä! (N. Baýramow).
SERMEST, syp., k.d. Başy humarly, keýpli. 
Sermest gyzyň baryp gujagyna doldy (

Görogly

). – 
Şaapbas, sen özüň sermest, Biz dek kiçi gözge ilmez 
(

Şasenem – Garyp

). 
SERMEŞDIRMEKişl. Tapjak bolup eliň bilen 
gözleşdirmek, agtaryşdyrmak, köp gezek sermemek. 
Iki ýanyndaky düşegi sermeşdirdi: sagynda-da, 
solunda-da hiç kim ýokdy (

Edebiýat we sungat

). 
SERMEZLIK, Sermek işini etmezlik. 
SERPAÝ [serpa:ý], at. Sylag, hormat üçin 
berilýän don, halat, geýim. Eý Banu kenizim, köp-köp 
ýagşy şahana lybaslardan, serpaýlardan alyp gelgin! 
(

Saýatly – Hemra

). 
 Serpaý ýapmak (etmek) hormatlap don, halat 
we ş.m. zat sylag bermek, serpaýlamak. Söýünjiläp 
baran ýigide... serpaý ýapdy (

Görogly

). Men size 
bahasyz serpaý ederin (G. Ezizow). 
SERPAÝLABERMEK [serpa:ýla:vermek], işl. 
Serpaý ýapyp ugramak. Ol kimi gyňaç, kimi 
köýneklik bilen serpaýlaberdi. 
SERPAÝLAMA 
[serpa:ýlama], 
iş 
ady. 
Serpaýlamak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   452   453   454   455   456   457   458   459   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling