Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SERPMEKLIK [seripmeklik], iş ady. Serpmek  ýagdaýy.  SERPMEZLIK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet458/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   454   455   456   457   458   459   460   461   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SERPMEKLIK [seripmeklik], iş ady. Serpmek 
ýagdaýy. 
SERPMEZLIK [seripmezlik], iş ady. Aýryp 
goýbermezlik; döküp goýbermezlik. 
SERRAÇ [serra:ç], at, k.d. Eýerçi, eýer ussasy. 
SERRELIBERMEK [serrelivermek], işl. Diň 
arkan ýykylybermek, çalam-çaş bolup ýatybermek. 
SERRELIŞ, iş ady. Serrelmek ýagdaýy. 
SERRELIŞMEK, işl. Birnäçe bolup bile 
serrelmek. Serrelişip ýatmaň-da, işiňiz bilen boluň! 
Çommaltma degen towuklar serrelişip ýatyrdylar. 
SERRELME, iş ady. Serrelmek ýagdaýy. 
SERRELMEK, işl. 1. Diň arkan ýykylyp, 
çalam-çaş bolup ýatmak, agdarylyp gitmek. Onuň 
görejiniň öňünde mähnet bir göwre serrelip ýatyrdy 
(B. Kerbabaýew). 2. göç.m. Arkan düşüp, ýazylyp, 
ýaýrap ýatmak.
SERRELMEKLIK, iş ady. Serrelmek ýagdaýy. 
SERRELTMEK, işl. Ok atyp, daşlap ýa-da bir 
zat bilen urup ýykmak. Gyltyzrak degen çarşak 
alakany serreltdi (N. Esenmyradow). Ýaýlap guşy 
serreltmek
SERSAGLYK [sersağlyk], at. Içgili dällik, 
serhoş dällik. 
SERSEPIL [sersepi:l] I, at, ösüml.d. 
Sersepiller maşgalasyna degişli, boýy 80-150 sm. 
ýetýän, keseligine güýçli ösen baldakly, teňňe 
görnüşli ýaprakly, köp ýyllyk otjumak ösümlik 
(gülleri tutuk ýaşyl-sary reňkli, miwesi alty çigitli, 
gyzylja, ownuk, togalajyk bolýar, özi-de tohumyndan
köpelýär).
SERSEPIL [sersepi:l] II, syp. Biriniň ýa-da bir 
zadyň ugrunda, gözleginde alakjap ýören, sergezdan. 
Sen ýaşlyk çagyňy salýarmyň ýada? Onlap oglan 
sersepildi yzyňda (B. Hudaýnazarow). 
Sersepil bolmak bir zadyň gözleginde köp 
gezmek, gözläp entemek. Ine, bu meniň gije-gündiz 
ýatman, yzynda sersepil bolup ýören eserim (N. 
Saryhanow).
SERSMEK [serismek], işl., gepl.d. Gopmak, 
ýarylan ýaly bolmak, sarsmak (ýürek hakynda). Top 
sesleri ilki çykanda meniň ýüregim sersen bolsa-da, 
soň bütin duýgym ol ses bilen öwrenişdi (A. 
Durdyýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   454   455   456   457   458   459   460   461   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling