Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet461/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   457   458   459   460   461   462   463   464   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SESLENMEZLIK, iş ady. 1. Ses çykarmazlyk. 
2. Sesiňi çykarmazlyk, ses bermezlik. 3. Seslenme 
arkaly pikiriňi beýan etmezlik. 
SESLI1.syp.  Seredeniňde hereket edýän şekiller 
bilen bir hatarda ses hem eşidilýän, gahrymanlary öz 
sesi bilen gepleýän, her hili ses çykýan. Sesli film
2.hal. Ýanyndakylar eşider ýaly ses bilen, daşyňdan. 
Goşgyny sesli okamak. 3.syp. Gowy ses çykarýan, 
owazly. Sesli dutar. 
SESLIRÄK [seslirä:k], syp. Adatdakydan 
birneme sesi güýçlüräk, gatyrak . Sesliräk okasana. 
SES-SEDA [ses-seda:], at, ser. Ses-üýn. Saz 
çalnyp 
gutarylýança, 
hiç 
kimden 
ses-seda 
çykmaýardy (

Edebiýat we sungat

). 
SES-SELLEM, at, ser. Ses-üýn. Ondan ses-
sellem bolmady. 
SES-SEZA [ses-seza:], at, ser. Ses-üýn. Näme 
üçindir olaryň hiç birinden ses-seza çykmady (N. 
Saryhanow).  
SESSIÝA [se:ssiýa], at. 1. Dürli wekilçilikli 
guramalaryň, edaralaryň döwürleýin mejlisi, şeýle 
hem şol mejlisiň geçýän döwri. Birleşen Milletler 
Guramasynyň 65-nji sessiýasy. 2. Ýokary we ýörite 
orta okuw jaýlarynda döwürleýin geçirilýän synaglar, 
şonuň ýaly-da şeýle synaglaryň geçýän döwri. 
Tomusky sessiýa.
SESSIZ, syp. 1. Geplemän, üm bilen. Olar biri-
birine golaýdan garap, sessiz sözleşerler (G. 
Kulyýew). 2. Sesi çala çykýan, ýuwaş sesli. Sessiz 
tüpeň. 3. Seredeniňde hereket edýän şekiller 
görünýän, hiç hili ses çykmaýan. Sessiz film 4hal
Ýanyndakylar eşitmez ýaly, içiňden. Çagalar, hiç 
kime päsgel bermez ýaly, sessiz okamany öwreniň5
Ýuwaş. Mugallym okuwçylara: 

Sessiz oturyň

 diýdi
6. göç.m. Ýuwaş häsiýetli, il bilen işi ýok, hudaý 
diýen. Olar bir sessiz adamlardyr, adama başarsa 
ýagşylyk ederler, ýamanlyk çykmaz.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   457   458   459   460   461   462   463   464   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling