Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet463/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   459   460   461   462   463   464   465   466   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SETIR Iat. 1.Tertipli düzülen hatar (serHatar 
1). Birinji setirde otur. 2. Sözleriň, harplaryň ýa-da 
başga belgileriň (mysal üçin, nota belgileriniň) bir 
çyzygyň ugrunda ýazylan hatary. Kyrk müň setir 
goşgy döreden bolsam, Her harpyň içinde sensiň, 
sensiň, sensiň (K. Gurbannepesow).
SETIR II: setir eýlemek örtmek, üstüni ýapmak, 
ýaşyrmak, gizlemek. Setir eýle aýbym, Setdar 
(Magtymguly). 
SETIRBAŞY [setirvaşy], at. Setirdäki ýazgynyň 
harplary içginräk ýazylyp başlanýan täze setir, abzas. 
SETIRME-SETIR, 
at. 
Her 
bir 
setire 
aýratynlykda, setirleriň her birine. Ol oňa diňe 
setirme-setir göz gezdirdi, dodaklaryny müňküldetdi 
(B. Kerbabaýew). 
SETIR-SETIR, hal. Setirler boýunça, setir 
görnüşinde; setir yzyna setir, köp sanly setir. Setir-
setir ýazmak. Setir-setir oturmak. Setir-setir ekmek
Setir-setir goşgy
SEÝIK, at. El ýa-da aýak süňki döwlende 
töweregine gamyş ýa-da ýasy tagtajyk goýlup 
daňylýan daňy. 
Seýik tutmak döwlen süňküň seýiklenen ýeri 
berkemek, bitmek. 
SEÝIKLEMEiş ady. Seýiklemek ýagdaýy. 
SEÝIKLEMEK, işl. Eliň ýa-da aýagyň döwlen 
süňküni tutdurmak üçin gamyş ýa-da tagtajyk goýup 
saramak. 
SEÝIKLEMEKLIK
iş 
ady. 
Seýiklemek 
ýagdaýy.
SEÝIKLENMEKişl. Eliň ýa-da aýagyň döwlen 
süňki teniň daşyndan gamyş ýa-da tagtajyk goýlup 
saralmak. Ol seýiklenen aýagyny gymyldatman 
ýatyrdy. 
SEÝIKLEŞMEK, işl. 1. Seýiklemäge kömek 
etmek. Men onuň elini seýikleşdim. 2. Bilelikde 
seýiklemek.
SEÝIKLETMEK, işl. Seýiklemek işini birine 
etdirmek. – Men elimi seýikletmäge gitjek – diýip, ak 
eşegini münüp, ussa Haýtyňka ugrady (H. 
Derýaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   459   460   461   462   463   464   465   466   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling