Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SOGDURMAK  [so:ğdurmak]  I


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet471/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   467   468   469   470   471   472   473   474   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SOGDURMAK 
[so:ğdurmak] 
I
işl. 
1
Bogunlary, sesleri uzyn çekip, süýndürip, sokduryp 
geplemek, sozup aýtmak. Jarçy sesini uzyn sogduryp, 
ala ýabysyny seňkildedip geçip gitdi (A. Gowşudow). 
2.Dowamly uzyn ses çykarmak. 
SOGDURMAK [so:ğdurmok] II, işl. Sogup
damar ýaly etmek, sogmak derejesine ýetirmek (goýy 
zat hakynda).
SOGDURMAKLYK [so:ğdurmokluk], iş ady. 
Sogdurmak ýagdaýy. 
SOGLUŞ [soğluş], iş ady. Sogulmak ýagdaýy. 
SOGMA [so:ğmo], iş ady. Sogmak ýagdaýy. 
SOGMAK [so:ğmok], işl. 1. Süýgüp, sozulyp 
dammak, çalarak akmak (goýy zat hakynda). 
Çemçeden bal sogup akýardy. 2. Gözüni-gaşyny 
gerip, durky bilen emaý bilen hereketlenmek
süýnüp-sarkmak. Bezemen gelin dünýäde özünden 


270 
başga adam bardyr öýtmän, ýol bilen sogup 
barýardy. 3. Yzly-yzyna tirkeşip süýnüp gitmek. 
Köçelerden maşynlar sogup barýar. 
SOGMAKLYK [so:ğmokluk] I, iş ady. Sogmak
ýagdaýy. 
SOGRUBERMEK [soğruvermek], işl. Bir 
ýanyndan sogrup başlamak, sogrup ugramak; 
dowamly sogurmak. 
SOGRULMAK [soğrulmok], işl. 1. Kakylan çüý, 
gazyk, dikilen ýa-da gögerip oturan agaç goparylyp 
aýrylmak, çekilip çykarylmak. Birdenkä ýokardaky 
gazyk sogruldy (N. Jumaýew). 2. göç.m. Adamlaryň 
içinden saýlanyp çykmak. Ol köp atlynyň içinden 
sogrulyp, biziň yzymyzdan kowýar (

Görogly

). 3
gepl.d. Dem almasy galmak, jany çykmak, ölmek. 
◊ Demi sogrulmak ölmek. Garry atasy: 

Demim 
sogrulýança bedeberrewlige ýol bermen

 diýdi.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   467   468   469   470   471   472   473   474   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling