Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet468/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   464   465   466   467   468   469   470   471   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SILTERLEMEKLIK, iş ady. Silterlemek 
ýagdaýy. 
SILTERLEMEZLIK
iş 
ady. 
Silterläp 
durmazlyk. 
SILTERLENMEKişl. 1. Bat bilen siltelmek. 2
Ezýet berilmek, horlanmak. 
SILTERLEŞMEK, işl. Birnäçe bolup bilelikde 
silterlemek; biri-biriňi silterlemek. Özüňizden kiçileri 
silterleşip durmaňyzy bes ediň.
SILTERLETMEK
işl. 
1
Silterlemäge 
mümkinçilik bermek, ýol bermek. 2. Özüňe ezýet 
berdirmek, özüňi horlatmak. 
SILTERLEÝIŞiş ady. Silterlemek ýagdaýy. 
SILTERLÄBERMEK [silterlä:vermek], işl. 
Silterläp ugramak. Az zat üçin birini silterläbermek 
bolarmy? 
SILTEŞDIRMEK, işl. Baryny bir ýanyndan 
siltäp çykmak. 
SILTEŞMEK, işl. Biri-biriňi siltemek. 
SILTETMEK, işl. Biriniň siltemegine ýol 
bermek, mümkinçilik döretmek. Men seni siltedip 
bilmerin. 
SILTEÝIŞiş ady. Siltemek ýagdaýy. 
SILTÄBERMEK [siltä:vermek], işl. Siltäp 
ugramak; dowamly siltemek. Sen-men ýok, ony 
siltäberdi.
SIM [si:m] I, at, k.d.. Kümüş. Saçbagyň ujunyň 
simdir işmesi (Magtymguly). 
SIM [si:m] II, at. Dürli ýogynlykda çybyk 
görnüşli metal önüm.  


268 
SIMAGAÇ [si:mağaç], at, gepl.d. Tok, telefon 
simlerini geçirmek üçin dikilen naw. 
SIMAP [si:ma:p], at. Kümüş reňkli suwuk metal, 
himiki element. Perwana ot görse, jan biýr, aýrylmaz, 
Simap gyzyl tapsa, meges bal tapsa (Magtymguly). 
Kümüş zäge mätäç, altyna simap (Mollanepes). 
SIMKEŞ [si:mkeş], at. zergärç. s. Zergäriň 
kümüşi süýmek üçin ulanýan ululy-kiçili köp deşikli 
ýasy guraly. 
SIMLEME [si:mleme], iş ady. Simlemek 
ýagdaýy. 
SIMLEMEK [si:mlemek] I, işl. Bir zady sim 
bilen berkitmek, sim orap daňmak. 
SIMLEMEK [si:mlemek] IIişl. Azyp iriňlemek, 
azyp beterlemek (ýara, baş, diş we ş.m. hakynda). 
Ýara simläpdir. 
SIMLEMEKLIK [si:mlemeklik] I, iş ady. 
Simlemek ýagdaýy. 
SIMLEMEKLIK [si:mlemeklik] II, iş ady. 
Simlemek, azmak ýagdaýy. 
SIMLEMEZLIK [si:mlemezlik] I, iş ady. Bir 
zady sim bilen berkitmezlik. 
SIMLEMEZLIK [si:mlemezlik] II, iş ady. Azyp 
iriňlemezlik (ýara, baş we ş.m. hakynda). Dişiň 
simlemezligini isleseň, ýyly saklamaly. 
SIMLEŞMEK [si:mleşmek], işl. Sim orap 
daňyşmak. 
SIMLETMEK [si:mletmek], işl. Azdyryp 
iriňletmek. Aýna dişini simledipdir. 
SIMLEÝIŞ [si:mleýiş], iş ady. Simlemek 
ýagdaýy. 
SIMLÄBERMEK [si:mlä:vermek], işl. Azyp 
iriňläp başlamak. 
SIMTARAŞ [si:mtaraş], at. Atyň toýnagyny 
gyrmak üçin ulanylýan orak pisint ýiti gural. Atyň 
toýnagy simtaraş bilen gyrylýar. 
SIMWOL [si:mvol], at. Belli bir düsünjäni, 
ideýany, obrazy aňlatmak hyzmatyny ýerine ýetirýän 
nyşan, predmet we ş.m. Türkmen topragynda kemala 
gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti, 
zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we 
gözelligiň 
simwolydyr 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow). 
SINTAKSIS 
[si:ntaksi:s], 
at, 
dil.b. 
1
Grammatikanyň sözlemleriň düzülişini we sözlem 
içindäki söz düzümlerini öwrenýän bölümi. 2. Bir 
dile mahsus bolan sözlemiň gurluşy we sözlemde 
sözleriň baglanyş ýollary. 
SIŇDIRILMEK, işl. 1. Içine, gatyna siňer ýaly 
edilmek. Indi onuň goýun ýagy siňdirilen, her haýsy 
üç metr uzynlygynda üç sany ýogyn agajy bardy (B. 
Seýtäkow). 2. göç.m. Sarp edilmek, güýç goýulmak. 
Ol ilki bu küdä siňdirilen zähmeti ölçedi. 
SIŇDIRMEK, işl. 1. Iýilýän iýmiti aşgazan 
arkaly özleşdirmek. 2. Bir zadyň içine, gatyna siňer 
ýaly etmek. 3. Sarp etmek, güýç goýmak, bagyş 
etmek. 
SIŇE: siňe seretmek bir zada dykgat bilen 
äňetmek, siňňin garamak. Siňe synetmek pugta, 
içgin synlamak, seretmek. Ähli hereketine assyrynlyk 
bilen syn edýärdi (B. Gurbanow).  
SIŇEK, at. Ýokanç keseller ýaýradýan iki 
ganatlyja mör-möjek. Siňegem öl ýere gonar (Nakyl). 
Siňek tutjak gurbaga ýaly aňkaragan, gören 
zadyna aňkaryp ýören. Siňeklän it ýaly ykmanda, öz 
öýünde oturmagy kyn görýän. 
SIŇIBERMEK [siňivermek], işl. Kem-kemden 
siňip başlamak. 
SIŇIR, at. Beden etiniň birleşdiriji sary çeýe 
damary. Gördüm, jan hem 

Alla

 diýr, Et, siňir, gan 
içinde (Magtymguly). 
SIŇIRME I, iş ady. Siňirmek ýagdaýy. 
SIŇIRME 
II, 
at. 
Üç 
sany 
çyzygyň 
birleşmesinden emele gelýän ýarty gözenegiň içine 
gaňyrçakly ýa-da gaňyrçaksyz çyzyjak edilip, hala, 
çuwala, el işlerine salynýan nagyş. Siňirme salnan 
tahýa. 
SIŇIRMEK, işl., ser. Siňdirmek 1. Allaberdi 
baý: 

Meret ol haýatyň hasylyny ine-gana siňirmese 
gerek

diýdi (A. Durdyýew).
SIŇIŞ,iş ady. Siňmek ýagdaýy. 
SIŇIŞMEKişl. 1. Iýilýän iýmit aşgazanda kem-
kemden siňmek, özleşmek. Iýen naharym birneme 
siňişsin! 2. Bir zadyň içine, gatyna ýuwaş-ýuwaşdan 
syzyp geçmek. Suw siňişdi. 
SIŇLI, at, ýerli g.. Aýal dogan, uýa, bajy. 
Agaýunus peri bilen Gülşirin siňlisi haremhanada 
otyrdy (

Görogly

). 
SIŇMEiş ady. Siňmek ýagdaýy. 
SIŇMEK, işl. 1. Iýilýän iýmit aşgazan arkaly 
özleşmek. Iýeniň-içeniň siňmez janyňa, Perwaýsyz 
gararsyň hany-manyňa (A. Kekilow). 2. Bir zadyň 
içine sorulyp geçmek (suwuklyk hakynda). Oňa bir 
suw ýygnandy welin, güýze çenli siňip ýetişmedi 
(

Edebiýat we sungat

). 3. Bir ýa-da köp zadyň içine 
girip, aralaşyp gitmek, garyşyp gitmek. Uçar 
bulutlaryň arasyna siňip gitdi. 4. göç.m. Sarp 
edilmek, harçlanmak. Bar gazananym şu oturan 
jaýymyza siňdi. 
SIŇMEKLIK,iş ady. Siňmek ýagdaýy. 
SIŇŇIL,at. Köplenç, ele çykýan düwürtik şekilli 
gaty ösüntgi. 
SIŇŇIN [siňňi:n], hal. 1. Üns bilen, dykgatly, 
içgin, siňe. Magtymguly ýaş ýigidiň golundan tutup, 
ýüzüne siňňin garady-da: – Howlukma, oglum! – 
diýip maslahat berdi (G. Kulyýew). 2. Birsydyrgyn, 
bir boluşly, yzygiderli, asuda. Suwuň siňňin 
akanyndan gork, ýigidiň ýere bakanyndan (Nakyl). 
SIŇŇINLIK [siňňi:nlik], at. 1. Dykgatlylyk, üns 
berijilik, içginlik. Ol gapdalyndaky tümmege 
siňňinlik bilen seretdi (A. Gowşudow). 2
Birsydyrgynlyk, 
bir 
boluşlylyk, 
yzygiderlilik, 
asudalyk. 
SIŇŇITLI [siňňi:tli], syp. 1. Aşgazanda ýeňil 
özleşýän, basym siňip gidýän (iýmit hakynda). Çaýy 
naharyň soňundanjyk içseň, endamyňa siňňitli bolýar 
(B. Kerbabaýew). 2.Kem-kemden syzyp geçýän 
(suwuklyk hakynda).
SIŇREN,at. Gumda bitýän pürli, ýumşak 
baldakly, agymtyl-çal reňkli ösümlik. 


269 
SIR [si:r] I, at, k.d. Dok, doýan. Bu jahanda 
doýmaz gözüň, sir bolmaz (Magtymguly). 
SIR [si:r] IIat, taryh. Suw bölünişiginiň 40-dan 
bir bölegi (bu bölünişik suwdan peýdalanýanlaryň 
sany köp bolanda ulanylypdyr). 
SIRE: sire atmak tarada mata dokalanda, argajy 
bir mäki bilen atmak, bir mäki bilen dokamak. 
SIRIÝALY [si:riýaly], at, ser. Siriýalylar
SIRIÝALYLAR [si:riýalylar], at. Siriýanyň ýerli 
ilaty. 
SIRKE I, at. 1.Nahara sepmek üçin hora üzüm 
sykylyp, turşadylyp alynýan suwuklyk. Sirke aýdar: 
Bal menem, Nebit özün ýag saýar (Magtymguly). 2
Önümleri, köplenç, aýna gaba salyp ýapmak we ş.m. 
üçin ulanylýan ýiti turşy tagamly suwuklyk. 
SIRKE IIat. Hapaçylyk sebäpli adamda döreýän 
bitiň tohumy, onuň taşlaýan ýumurtgasy. Bardyr 
gözel, sirke basar saçyny, Artmaz-ýuwmaz tabagynyň 
daşyny (Magtymguly). 
SIRKELEMEiş ady. Sirkelemek ýagdaýy. 
SIRKELEMEK, işl. Saçy sirke basmak, saçda 
sirke döremek. Onuň saçy sirkeläpdir. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   464   465   466   467   468   469   470   471   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling