Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SÄHETLI, syp. Sähedi öňünden bellenen (gün  hakynda)


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet467/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   463   464   465   466   467   468   469   470   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÄHETLI, syp. Sähedi öňünden bellenen (gün 
hakynda). 
Sähetli gün tutumly işe başlamak üçin amatly 
hasaplanýan gün. 
SÄHNE, at. Akyl-huşy kemli, tentek, samsyk. 
Sähne adam saz gadyryn näbilsin? (Halk 
aýdymyndan). 
SÄHRA [sähra:], at. 1. Gurak howaly giden 
giňişlik, giden giň ýer, gyr. 2. Gyza dakylýan at. 
SÄHRALYK [sähra:lyk], syp. Sähra ýer. 
Sähralygyň göwnüňi açýan arassa howasy bardy. 
SÄKDIRIŞ [sä:kdiriş], iş ady. Säkdirmek 
ýagdaýy. 
SÄKDIRME [sä:kdirme], iş ady. Säkdirmek 
ýagdaýy. 
SÄKDIRMEK [sä:kdirmek], işl. 1. Atyň iki öň 
aýagyny atdyryp sürmek. Ballym, atyň säkdirme 
(

Türkmen halk döredijiligi

). 2. Maýyşgak taýagyň 
bir ujuny ýere bat bilen urup bökdürmek. 
SÄKDIRMEKLIK [sä:kdirmeklik], iş ady. 
Säkdirmek ýagdaýy. 
SÄM [sä:m], syp. Üşügi ýok, çendenaşa sada. 
Säm adam. 
SÄMEME [sä:meme], iş ady. Sämemek ýagdaýy. 
SÄMEMEK [sä:memek], işl., gepl.d. 1
Köwsarlap, birde güýjejek ýaly edip, birde-de çala 
ösmek (ýel, şemal hakynda). ...Bahar şemaly 
sämeýär 
(A. 
Gowşudow). 
2. Aýlandyrylyp 
goýberilen ýaly bolmak, başyň aýlanmak, kelläň 
bulaşmak.
SÄMEMEKLIK 
[şä:memeklik], 
iş 
ady. 
Sämemek ýagdaýy. 
SÄMEŞMEK [sä:meşmek], işl. Birnäçe adamyň 
kellesi sämemek. Kellämiziň sämeşip duran wagty 
işläp bilermikäk?! 
SÄMETMEK [sä:metmek], işl. Sämemek 
katdyna ýetirmek. Kelläňi sämedip durar ýaly sen 
näme oglan-oglanjykmy?  
SÄMEÝIŞ [sä:meýiş], iş ady. Sämemek ýagdaýy. 
SÄMLIK [sä:mlik], at. Türkanalyk, sadalyk. Ol 
sämlige salyp, etjegini edip ýör. 
SÄPJEME [sä:pjeme], iş ady. Säpjemek ýagdaýy. 
SÄPJEMEK [sä:pjemek], işl. Batly gitmek (at, 
düýe we ş.m. hakynda). Al ýorga noburyň boýundaky 
ýola düşdi-de, säpjäp ugrady (B. Kerbabaýew). 
SÄPJEMEKLIK 
[sä:pjemeklik], 
iş 
ady. 
Säpjemek ýagdaýy. 
SÄPJETMEK [sä:pjetmek], işl. Batly gider ýaly 
etmek, ulagy batly sürmek (at,düýe hakynda). Ynha, 
ol bärden ýabysyny säpjedip barýar (G. Kulyýew). 
Çolugymyz Sähet gök bugurçyny onuň garaba-
garaba yzyndan säpjedip ugrady (B. Annageldiýew).
SÄPJEÝIŞ [sä:pjeýiş], iş ady. Säpjemek ýagdaýy. 
SÄPJÄBERMEK [sä:pjä:vermek], işl. Batly 
gidibermek, säpjäp başlamak. 
SÄW [sä:w], at. Saý-sebäp, sebäp. Otur-da çaý 
iç, indi bir säw bilen gelipsiň (A. Durdyýew). 
SÄWLIK [sä:wlük], at. Ýalňyşlyk, atanlyk. Mert 
ýigit säwlikde ýykylan ýigidiň üstüni basmaz 
(

Görogly

). 
SI [si:], sazç. 

Do

bilen başlanýan saz 
gammasynda ýedinji ses we şol sesi aňladýan nota 
belgisi. 
SIGAR [siğa:r], at. Naýça şekilinde biri-biriniň 
daşyna berk togarlanan we çekmek üçin ulanylýan 
temmäki ýapraklary.
SIGARET [siğare:t], at. Müşdüksiz papiros. 
SIGNAL [siğna:l], at. Belli bir aralyga haýsydyr 
bir maglumaty, habary bermek üçin şertli belgi. 
SIGNALÇY [siğna:lçy], at. Signal beriji adam. 
Signalçy matros 
SIGNALIZASIÝA [siğnalyza:syýa], at. Signal 
beriji enjam. Ýangyna garşy signalizasiýa oturtmak.
SIKL [si:kl], at. Haýsydyr bir zadyň gutarnykly 
ösüş aýlawyny emele getirýän özara baglanyşykly 
prosesleriň, işleriň, hadysalaryň jemi. Leksiýalar 
sikli. Önümçilik sikli. . 
SIL [si:l], at. Güýçli we köp ýagan ýagyş sebäpli  
emele gelýän suw akymy. Geçme namart 
köprüsinden, goý aparsyn sil seni (

Myraly

). 
SILE [si:le], at. Balygyň bir görnüşi. 
SILEWE [si:löwö], at. Siliň akabasynda, sil 
suwuna ekilip alynýan bakja ekinleri. 
SILINDR [sili:ndir], at. 1. Matematikada: 
gönüburçlugyň öz taraplarynyň biriniň töwereginde 
aýlanmagy arkaly emele gelýän geometrik şekil. 2
Şeýle şekildäki predmet, zat (mysal üçin, masynyň 
silindri). 
SILKDIRMEK [silikdirmek], işl. 1. Silkmek 
işini ýa-da hereketini başga birine etdirmek. 
Çagalary erige mündürip, onuň şahalaryny 
silkdiräýmesem, 
erigini 
ýygmak 
maňa 
kyn 
düşjek.Gyzyňa un haltasyny silkdireweri. 2. Silkmek 
derejesine ýetirmek. Sürüji maşynyny silkdirip 
goýberdi 
SILKELEMEiş ady. Silkelemek ýagdaýy. 
SILKELEMEK, işl. Yzly-yzyna, gaýta-gaýta 
silkemek. Ol semawary silkeläp, külüni aýyrdy. Ony 
bir-iki gezek dözümli silkeledi. 
SILKELEMEKLIK
iş 
ady. 
Silkelemek 
ýagdaýy. 
SILKELEMEZLIKiş ady. Bir zady gaýta-gaýta 
silkemezlik. 
SILKELENMEK, işl. Dowamly, yzygiderli 
silkelenmek. Birdenkä onuň güýçli maşyny, 
Silkelendi degen okuň badyna (Ç. Aşyrow).
SILKELEŞMEK, işl. 1. Silkelemäge kömek 
etmek. Olar undan boşan haltalary silkeleşdi. 2
Birnäçe bolup, bilelikde silkelemek.
SILKELETMEK, işl. Silkelemek işini ýa-da 
hereketini başga birine etdirmek; bir zady 
silkelemäge mümkinçilik döretemk, ýol bermek. 
SILKELEÝIŞiş ady. Silkelemek ýagdaýy. 
SILKELÄBERMEK 
[silkelä:vermek], 
işl. 
Silkeläp ugramak; dowamly silkelemek. 
SILKEMEiş ady. Silkemek ýagdaýy. 


267 
SILKEMEK, işl., gepl.d., ser. Silkmek. Ýaş 
nahallary silkeseň döwersiň. 
SILKEMEKLIKiş ady. Silkemek ýagdaýy. 
SILKEMEZLIK, iş ady. Silkemek hereketini 
etmezlik. 
SILKEŞMEKişl. 1. Silkemäge kömek etmek. 2
Bilelikde silkemek. 
SILKETMEK, işl. Silkemek işini başga birine 
etdirmek; silkemäge ýol bermek. 
SILKEÝIŞiş ady. Silkemek ýagdaýy. 
SILKÄBERMEK [silkä:vermek], işl. Yzygiderli 
silkeläp başlamak. 
SILKIBERMEK [silkivermek], işl. Silkip 
başlamak, silkmek işini dowam etdirmek. 
SILKINDIRMEK [silkinnirmek], işl., göç.m. 
Gün-güzeranyň gowulaşmagyna kömek etmek, 
galkyndyrmak. 
SILKINIBERMEK [silkinivermek], işl. Gün-
güzeran durmuş ýagdaýyňy gowulandyrybermek. 
SILKINIŞiş ady. Silkinmek ýagdaýy. 
SILKINIŞMEKişl. Birnäçe bolup silkinmek. 
SILKINJIREMEK
işl. 
1
Üst-başyňy 
silkişdirmek, kakyşdyrmak. 2. Gaharly silkinip, 
ýeriňden galan bolmak, kakynjyramak. Birdenkä-de, 
gyz silkinjiräp, ony güýç bilen iterdi (

Edebiýat we 
sungat

). 3serSilkinmek.  
SILKINJIRÄBERMEK [silkinjirä:vermek], işl. 
Gaharly silkinjiräp başlamak. 
SILKINMEK, işl. 1. Öz bedenini silkmek, 
titretmek. At suwdan çykan dessine silkindi. 2
Direnmek, dag ýaly bolup durmak. Meniňem silkinip 
duran doganlarym bolan bolsa bolmaýarmy?!3
göç.m. Gurplanmak, özüňi tutmak. Bu ýyl eken 
ekinlerimiz gowy bolansoň, bizem gowuja silkindik.
SILKINMEKLIKiş ady. Silkinmek ýagdaýy. 
SILKIŞiş ady. Silkmek ýagdaýy. 
SILKIŞDIRMEK, işl. Birnäçe zady silkip 
çykmak. Ol eşikleriniň garyny silkişdirdi. 
SILKIŞMEK, işl. Köp bolup silkmek, bilelikde 
silkmek. Un haltalaryň ununy silkişmek. 
SILKME [silikme] Iiş ady. Silkmek ýagdaýy. 
SILKME [silikme] II, 1. syp.Burum-burum 
ösgün tüýli deriden tikilen (telpek hakynda). Silkme 
telpek. 2. Burum-burum ösgün tüýli deriden tikilen 
telpegin ady. Ýaşy otuz bäşe baran, Gara silkme bar 
başynda (Ç. Aşyrow).
SILKMEK [silikmek], işl. 1.Güýç bilen yzly-
yzyna itip, iteläp yralamak. Silkip alma gaçyrmak. 
2.Birden bat bilen özüne tarap dartmak, batly 
çekmek. Ol ýaba gözüni alardyp, 

haýt

diýip, 
rişmesini silkdi (A. Durdyýew). 3. Eýläk-beýläk 
çaýkamak, öňe-yza yralamak. Maşyn birden batly 
silkdi (

Edebiýat we sungat

). 4. Keçäni, ýaglygy we 
ş.m. eliňde galgadyp, tozanyny, hapasyny aýyrmak 
(serKakmak). Egin-eşigiňi silkmek. 
SILKMEKLIK [silikmeklik],iş ady. Silkmek 
ýagdaýy. 
SILLENMEK [si:llenmek], işl., kön.s. Sil bolup 
akmak. Gözde ýaşy sillener (Magtymguly). 
SILTELEMEK, işl. Gaýta-gaýta, yzly-yzyna 
siltemek. 
SILTELMEKişl.,ser. Silterlenmek
SILTEMEiş ady. Siltemek ýagdaýy. 
SILTEMEK, işl. 1. gepl.d., ser. Silterlemek. 
Atyň agzyndaky torbany siltäp aýyrdy (G. Kulyýew). 
2. Iki-baka çaýkamak, gaty yramak, silkmek. 
Çarkandak ýol arabanyň üstündäki adamlary 
silteýärdi. 3. Eliň bilen bir ýerinden tutup, bat bilen 
eýläk-beýläk itmek. Ýumruk ýaly çagany beýdip 
siltäp durmaga utanaňokmy? 4. göç.m. Ezýet 
bermek, horlamak. Onuň eline galsaň, siltän ýeri köp 
bolar.
SILTEMEKLIKiş ady. Siltemek ýagdaýy.
SILTENJIREMEK, işl. Gaharly, kineli hereket 
etmek. Gelin gapyny siltenjiräp ýapyp gitdi. 
SILTENJIREŞMEK
işl. 
Birnäçe 
bolup 
siltenjiremek. 
SILTENJIREÝIŞiş ady. Siltenjiremek ýagdaýy. 
SILTENJIRÄBERMEK [siltenjirä:vermek], işl. 
Gaharly, kineli halda siltenip hereket edip ugramak. 
Hergiz 
biriniň 
diýen 
zadyna 
öýkeläp 
siltenjiräbermegin, giňräk bolgun. 
SILTENMEK, işl. 1. Durky bilen siltenjiremek. 
Ol gazap bilen siltendi. 2ser. Silterlenmek 2
SILTERLEMEiş ady. Silterlemek ýagdaýy. 
SILTERLEMEKişl. Biriniň bir ýerinden pugta 
tutup, öňe-yza iteklemek, gaýta-gaýta siltemek. 
Batman onuň golundan tutup, iki-baka silterledi (N. 
Pomma).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   463   464   465   466   467   468   469   470   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling